“Meni ejizlik däl, mertlik gaýtarar...”

Meni ejizlik däl, mertlik gaýtarar
ýanyňdan,
Ýaýymdan syparyn şeýdip.
Hamala, doguljak ýaly gaýtadan,
Giderin, hiç haçan gelmerin öýdüp.

Giderin, ýollaryň hasaby ýiter,
Wagtyň geçýänligem haýpym getirmez.
Soňam bir saz göwün gapymy iter
Hem üstüne dökülerler setirlem.

Boýnumdan asaryn derwüş kädisin,
Zikr kylyp şol mukaddes gussama.
Götärin göwnümi (egip ýadasam)
Ençe göwne mesgen bolan asmana.

Ne-hä ýaz ýylgyrar, ne tomus güler,
Gara gyşyň gujagynda dat eýläp.
Şol gussaly sazam ýaňlanar ýörer,
Diňlänleriň ýüregini ot eýläp.

Ýüregi otlulaň çykman ýadyndan,
Ýolumda-da tupan turar, gaý turar...
Ýaşaryn.
Ýazaryn.
Sebäp ýanyňdan
Meni ejizlik däl, mertlik gaýtarar...


21.02.2017ý.

Sapa HOMMADOW
6 лайков 105 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
LLLL
25 апр 2022, 11:00
Super