Reñkli eşikler barada
Geýýän egin-eşikleriniň reňkleri ynsana gözellik terbiýesi taýdan, psihologik, hatda fiziologik taýdan hem täsirini ýetirýär. Olaryň öwüşginleri we sazlaşygy bolsa gündelik ýa-da baýramçylyk keşbini döretmek babatda esasy orna eýedir.
Käbir halklaryň düşünjelerinde reňkler adaty düşünilişi ýaly däl-de, başgaça manylary hem berip bilýär. Aslynda, käbir reňkleriň mysalynda seredilende egin-eşikleriň reňkdarlygy nähili mazmuny özünde jemleýärkä?
Ak reňk — ýokary derejedäki arassalygy aňladyp, ýagşylygy, arassaçylygy, hakykata laýyklygy, parahatçylygy, ümsümligi alamatlandyrýar. Ak reňkli lybasa beslenen zenan ünsi çekmek bilen gyzyklanmany döredýär, bu reňk Aziýanyň we Afrikanyň käbir halklarynda ýatlama, matam düşünjelerini hem alamatlandyrýar.
Gara reňk — betbagtçylygyň, sussupesligiň, arassa bolmadyk güýjüň nyşanydyr. Emma bu reňk Koko Şaneliň tagallasy bilen modanyň nusagawy reňkleriniň hatarynda aýratyn orna eýe boldy. Gara reňk käbir adamlary kadaly keşbe getirýär. Ol ýüzüň näzikligini gizläp, reňkini açyp biler.
Wiolet reňki — onuň çylşyrymlylygy gyzyl we gök reňkleriň gapma-garşylygynda jemlenýär. Belki-de şonuň üçin ony gaýgy-gussanyň, kähalatda bolsa syrlylygyň reňki hasap edýändirler.
Bu reňk — pähim-paýhasyň we ruhy güýjüň reňki. Wiolet reňkini syrly güýçlere ymtylýan, adaty bolmadyk adamlar saýlaýarlar.
Ýaşyl — umytlylygyň, tämizligiň, durnuklylygyň, sazlaşygyň reňki. Ol ýapraklaryň, otlaryň, tokaýyň reňki ýaly rahatlandyrýar. Köplenç halatda bu reňke akylly hem-de gep alyşmakda sada we alçak adamlar üns berýärler.
Sary — Günüň, altynyň we şol bir wagtyň özünde-de tebigatyň utgaşyklylygynyň nyşanydyr. Mysal üçin, Ýaponiýada sary reňk ýasy we gynanjy alamatlandyrýar. Buddizmde bolsa ol kiçigöwünliligiň we dünýäden ýüz öwürmegiň nyşany bolup hyzmat edipdir. Bu reňk Ýewropanyň geraldikasynda jemgyýetde tapawutlylygyň alamaty bolupdyr, ony diňe ýokary gatlaklaryň we patyşalygyň wekilleri geýipdir.
Gök — asyllylygy we syrlylygy aňladýar. Orta asyrlarda ýaşan rysarlar aýallarynyň ynanmagy we wepalylygy üçin gök eşik geýipdirler. Bu reňki ýolbaşçylyk häsiýetleri we tutanýerliligi bolan işewür adamlar has özüne mahsus görýärler.
Gyzyl — bu reňkiň oňyn aýratynlygy şatlygy, söýgini, gözelligi — garşylykly manysy bolsa — gany, ody we güýji häsiýetlendirýär. Mysal üçin, polineziýalylar «söýgüli» sözüni aňlatmak üçin «gyzyl» sözüni ulanýarlar. Hytaýda bu reňk «çyn ýürekden, aýdyňlyk bilen» diýmek bolup durýar. Bu reňki halaýan ynsanlar tekjesinde özüne üns çekjek reňkiň bolmagyny isleýärler. Dizaýnerler gyzyl reňkkli lybaslary hyjuwly we gujurly adamlara geýmegi maslahat berýärler

3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.