kalbym we aňym
Yssy howada uly energiýa harçlap menziliňe howlugup pyýadalap baryşyň bilen sowujak sowadyjynyň salkyn şemalyna ýüzüni tutup otyran ýeriňde bolsady ekmek edil geçilen ýol bilen orun üýtgetme ýaly tapawutlanýarlar. Gecilen ýol bilen orun üýtgetme göräýmäne bir zat ýaly emma olar şol bir ululyk bilen kesgitlenýändigine seretmezden başga başga zat, edil şolar ýalam durmuş köçelerinde pyýadalamak bilen jaýdan çykmany bolsady ekmek başga- başga dünýä. Geçilen ýol traýektoriýanyň uzynlygy, orun üýtgetme bolsa hereketiň başlangyç we ahyrky nokadyny birleşdirýän kesimiň uzynlygy. Bolsady ekmek edil orun üýtgetme ýaly köçeleriň büdür südüri, egrem-bugramlygy gyzyklandyranok diňe iň soňky nokat, ýetilen maksat, ýetilen dereje gyzyklandyrýar, köçäniň ýagdaýyny bolsa diňe pyýadalap ýõräniňde bilýärsiň. Orun üýtgetme hemişe geçilen ýoldan kiçi ýa-da deň boluşy ýaly, hemişe az zähmet talap edýär, daşyndan synlap arkasynda göterip barýan derdini göterişmezden ýeňil agyrlygyna baha bermek ýaly. Bolsady ekmek bilen pyýada ýõremek haçanda bolsadyň bilen pyýadalap bir ýoldan ýörände, durmuş kynçylyklaryny bir arka atanda deň deň zähmet çekende deň gelýär, edil geçilen ýol bilen orun üýtgetme bir göni çyzykda ýatanda deň boluşy ýaly. Emma eden bolsadym has owadanlaşdyryp aýtsam eden arzuwym ýõne bir bolsady bolubam galyp bilýär näçe uzak menzil ýõresemde orun üýtgetmäm hereketiň başlangyç we ahyrky nokady bir nokada gabat gelende nola deň boluşy ýaly, ýa-da haçanda durmuşy başlan ýerimde gutarşym ýaly.
Göräýmäge wannada otyran Arhimediň suwuklygyň ýokary göteriji güýjini tapyp " Ewrika" diýip gygyrmasy gülkinç ýaly, emma şol gülkili wakadan soň biz ynsanlar asmanda, suwda edil guşlar we balyklar ýaly hereketlenip başladyk. Eý aňym we kalbym adamlaryň ýaňsylamasyna, gülkisine seretmezden eger dogry ýoldadygyňy bilip maksadyňdan dänmeseň senem edil Arhimed ýaly bütin älem buýsanmasada hiç bolmanda obamyz, etrabymyz seni ýagšylygyň nusgasy ediner, ýa-da nesillerimiz azyndan 50 ýyl sizi göterip ýören göwräm bilen ruhumyň goşulmagynda emele gelen ynsan adyma buýsanar. Ýaşaýandygymyza seretmezden ölülirçe tanalman gezendenä müň esse gowydyr bu yagdaý.
Ynsan atly jisimi düzýän duýgy atomlaryne hem düzýän bölejikler bolaýmaly. Emma olar nämeler bolup biler?
Ýazyjy, şahyrlaryň " Mikrodünýä seretmek üçin penjire" adyny alan Wilsonyň kamerasyna meňzeýäşini. Ýagny, adaty ynsalara köçe bilen barýarka jaýlary, ulaglary, adamlary we ş.m.lary görýär, ýazyjy, şahyrlar bolsa bir ädimlik ýerde bütin älemi görmäge, janly jansyz bedenleriň içinde-daşynda bolup geçýän hysyrdylary görmäge ukyply. Wilsonyň kamerasy hem edil şeýledä, diňe bir elementar bölejikleri görmek bilen çäklenmäni onda bolup geçýän hadysalary görmäge we öwrenmäge ukyply. Eý, kalbym we aňym siz hem birikseňiz bütin älemi görjegiňize, ýaşaýan sredaňyzy islegiňize görä dolandyrjagyňyza men ynanýaryn.
Ýaş kalbym, düşünjeleri bekemedik aňym siz näme üçin käteler daşky sredadan size edilýän urgylary meniň bütün süňňime we õzünize deň derejede geçirýärsiňiz, emma siz suwuklyk ýa-da gaz däl ahyryn. Suwuklyklar we gazlar özlerine edilýän basyşy ähli ýerine deň derejede geçirip bilýär ähbetin. Siz suwuklykdan, gazdan tapawutly sizi õz bedeninde gõterip ýören ynsanyň dûzümi ahyryn. Eý beýik kalbym we aňym biraz özüňize geliň, durmuş urgylaryna garşy durup bilmäni õzüňizi elden bermäň, kynçylyklaryň durmuşyňyzyň aýrylmaz bölegi bolmagyna ýol bermäň! Ýa bolmasa edil göwrüminem, ölçeginem sakalap bilmeýän gazlar ýaly içki we daşky owadanlygyňyzyň ýitmegine ýol bermäň! Şol sanda göwrümini saklap bilýän ölçegini saklap bilmeýän suwukluklar ýaly daşky we içki owadanlygyňyzyň haýsam bolsa birini saklap biriniň ýitrim bolmagyna ýol bermäň! Edil şolar ýalam göwrümini we ölçegini saklap bilýän gaty jisimlere hem meňzejek bolmaň, sebäbi olam õzüniň berkligini diňe käbir temperatura çenli saklamana ukyply. Mährem kalbym, nowjuwan aňym siz ynsan synalary, Alla sizi ynsanyň iň esasy barlygy edip ýaradypdyr, siz ynsan dünýäsini täzeleýänçä ebedi ýanynda bolmalysyňyz, aýakda durmagyna kömek etmelisiňiz. Araňyzdaky gatnaşygy edil birhili suwukluk guýlan gatnaşykly gaplardaky suwuklygyň deň beýiklikde duruşy ýaly siz hem deň hereketlenmelisiňiz, bir biriňize gulak asmazdan sizi göterip ýören ynsana ezýet çekdirmäni heriňiz bir elinden tutup belende çykarmalysyňyz. Ynsan görgüli sizsiz hiç kim. Barlygyňyza seretmezden eýäňizi diri ölüler hataryna goşmaň.
Aňym we kalbym siz edil asyl funksiýa we önüm ýaly bir-biriňiz kemeltmäni , edil sinus we kosinus yaly bir-biriňiziň kem-köstüňizi doldurmana synanşyň!
Edil üçburçluk ýaly berk boluň, dörtburçlyk yaly däldir. Sebäbi kwatrata gatyrak şarpyk çalsaň romb bolýa duruberýä, siz bolsa hiç wagt özlügiňizi ýitirmeli däl. Sebäbi siz beýik ylahy güýje eýe bolan kalp we aň.
Eý kalbym, meni gussadan halas et,
Eý aňym, meni aladadan halas et.
Rigel.

5комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.