DIŇLÄR BOLSAŇYZ

Bir oňat bäsleşik gurnaldy. Oňat-oňat eserler hödürlendi. Ýöne jemleýşiňiz birgeňsi boldy-la, gurnaýjylar...
Haýsy bäsleşikde bar 2 sany 1-nji orun, 1 sany 2-nji orun, 3-nji orun hem ýok?! Bolýar, ballary deň gelipdir, taň edipdir, kiçijek bir zatjagaz gurnap ýa ýene bir temajyk berip, eýsem, kesgitläp bolmazdymy şol 2 agzaň diňe 1-ni 1-nji orun edip?! Rowaýatda: "Aý, 40 bolmasa, 41 eken-dä!" diýşi ýaly, şol bäsleşik ýene 1 gün giç jemlenjek eken-dä!
Aý, bolýar, ýeňijileri gutlaýan. Höwri, howry kän bolsun.
8 лайков 778 просмотров
108комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Pegas
Автор 02 июн 2022, 06:22
"Özi ýer almady, şonuň üçin şulary aýdyp otyr" diýip bolgusyzyny atjaklara ýüzlenýän: men eserimi hödürläp, beýleki eserlere baha bermeli ýerinde aýryldym, iş aladalary sebäpli. Has dogrusy, baha berip ýetişmedim. Mowzukdaky sözlerimi bolsa bäsleşige gatnaşyjy hökmünde däl-de, ýönekeý bir agza hökmünde aýdýan WE gurnaýjylaryň dogry düşünjek adamlardygy üçin käkäleýän.
Soho
02 июн 2022, 06:22
gin bol drug
Pegas
Автор 02 июн 2022, 06:25
Ýo, ine, mysal üçin @Remezan agzaň hem ballary deň gelen bolsa, "Ballary deň boldy, şonuň üçin 3 agza hem 1-nji ýer berildi" diýjekdiňizmi?)
Ahmet
02 июн 2022, 06:28
Pegas,
Pegas on № 1Şu gün, 06:22
"Özi ýer almady, şonuň üçin şulary aýdyp otyr" diýip bolgusyzyny atjaklara ýüzlenýän: men eserimi hödürläp, beýleki eserlere baha bermeli ýerinde aýryldym, iş aladalary sebäpli. Has dogrusy, baha berip ýetişmedim. Mowzukdaky sözlerimi bolsa bäsleşige gatnaşyjy hökmünde däl-de, ýönekeý bir agza hökmünde aýdýan WE gurnaýjylaryň dogry düşünjek adamlardygy üçin käkäleýän

Peýdasy ýok agam. Giň bol. Gurnaýjylara peýdaly teklipleri hödürledim, pikirlenmezden «Ýok!» diýdi. Seň şu aýdan mrseläňem gozgajakdym, bary-bir aýdanym diňlenmejek bolsa dymyp oturanym ýagşydyr diýip sesimi çykarman oturyberdim.
Ahmet
02 июн 2022, 06:31
Pegas,
Pegas Pegas on № 3Şu gün, 06:25
Ýo, ine, mysal üçin @Remezan agzaň hem ballary deň gelen bolsa, "Ballary deň boldy, şonuň üçin 3 agza hem 1-nji ýer berildi" diýjekdiňizmi?)

Başga näme etsinler:))
Ahmet
02 июн 2022, 06:34
Pegas,
Ine men bäsleşige aktiw gatnaşyp bäsleşige hödürlenen ähli mowzuklary işimi taşlap bahalandyrdym. Şonuň üçin Nirvana hanymyň gahary gelipdir:)
Ahmet
02 июн 2022, 06:37
Şeýle teswiri okap ýeňse damarym gatady:
«Gaharymy getiren agzalar siziňem janyňyz sag bolsun:)
Ahmet
02 июн 2022, 06:43
Aý näme, janlary sag bolsunlar. Bahalandyrma adalatly bolar ýaly eserlere berlen bahalary awtory bilen bile paýlaş diýipdim. Meselem, meň beren bahalandyrmamy aýratyn mowzuk edip açsyn, garaz, her agzaňkyny aýratynlykda blog edip açmagyny teklip etdim. Göni ýok diýd-ow, geň galdym:)
Ahmet
02 июн 2022, 06:46
Ahmedik_97 on № 7Şu gün, 06:37
Şeýle teswiri okap ýeňse damarym gatady:
«Gaharymy getiren agzalar siziňem janyňyz sag bolsun:
onsaň, biderek sözümi zaýalap oturmaýyn, bary-bir meňki ne praw bolar diýip hiç zadam ýazmadym:)
Telwas
02 июн 2022, 06:57
Bir oňat bäsleşik gurnaldy. Oňat-oňat eserler hödürlendi. Ýöne jemleýşiňiz birgeňsi boldy-la, gurnaýjylar...
Haýsy bäsleşikde bar 2 sany 1-nji orun, 1 sany 2-nji orun, 3-nji orun hem ýok?! Bolýar, ballary deň gelipdir, taň edipdir, kiçijek bir zatjagaz gurnap ýa ýene bir temajyk berip, eýsem, kesgitläp bolmazdymy şol 2 agzaň diňe 1-ni 1-nji orun edip?!

Geňeşsiz edilmedi şol görnüşde jemlemek. Men şol ýagdaýy ýörite tema açyp agzalara düşündirdim, öz saýlawlaryna görä şeýle jemlendi. Gatnaşyjylaryň hiç biri (sizden başga) närazy däl. Hatda men ýagdaýy şol 3-nji ýere eýe bolan @Massimusyň özüne poçtada ýörite düşündirdim. Razylygyny aldym. @Ötegçi hem kabul edýändigini teswirlerde aýtdy. Şol 3-nji ýerdäki agzalara pul baýragy berilmese-de, saýtda bir tapawutly mümkinçilik beriljekdigi duýduryldy.
Telwas
02 июн 2022, 07:03
Ahmedik_97,
Peýdasy ýok agam. Giň bol. Gurnaýjylara peýdaly teklipleri hödürledim, pikirlenmezden «Ýok!» diýdi. Seň şu aýdan mrseläňem gozgajakdym, bary-bir aýdanym diňlenmejek bolsa dymyp oturanym ýagşydyr diýip sesimi çykarman oturyberdim.

Şol bahalandyrmalaryň aglaba bölegi meň ýokarky blogymda paýlaşyldy teswirlerde. Gözläp tapyp okaberiň. Men siziň her biriňiziň islegiňizi ýerine ýetirip bilemok diýip şol wagtam aýtdym. Saňa göni “Ýok” diýen däldirin.
Jalaý
02 июн 2022, 07:06
Bahalandyrmalary paýlaş diýenimiň sebäbi maňa kimiň näçe baha berenini bilesim geldi. Şu duýgy beýleki agzalarda-da (edil hemmesinde bolmasa-da) dörändigine şek-şübhesiz ynamym bar.
Jalaý
02 июн 2022, 07:08
Şeý diý-de açyk aýdaýsaňyzlaň:)
Telwas
02 июн 2022, 07:08
Nirvana
Ahmedik_97
Pegas,
Ine men bäsleşige aktiw gatnaşyp bäsleşige hödürlenen ähli mowzuklary işimi taşlap bahalandyrdym. Şonuň üçin Nirvana hanymyň gahary gelipdir:)

Işli diňe senmi? Senden başgalaram boş ýatandyklary üçin gatnaşmady. Eden zadyňy minnetli etjek bolsaň, indiki gezek etme.
Menem eli boş ynsan däl, siziň eýle et-beýle ediňizi “Bor” diýip eder ýaly.
Onsaňam sen Nirvanaň şol bahalandyrmalary ýazanyň üçin gaharlananyny anyk bilýäňmi? Başda dogry-dürs ýazan bolsaň, men saňa gaharym gelmezdi. Gaharym getiren diňe sen däl. Şol wagt saýda gelip şol meseläni düşünişeniňden soň, bu ýerde täzeden agzamagyň näme maksady bar?
Jalaý
02 июн 2022, 07:10
Diňlenenok diýip ýumup otursaň mydama utularsyň. Pegas birinji ýer bolsa ýerini başga bermeklik gaty ýalňyşlyk. Özüne bermeli ekeniňiz.
Pegas
Автор 02 июн 2022, 07:10
Nirvana, sen ýalňyş düşündiň. Bu aýdanlarymy nägilelik diýip kabul etme. Aslynda gatnaşyjylara, gatnaşmaýjylara geňeşilýän mesele däl ol. Gurnaýjylaň özi biläýmeli 2 sany 1-nji ornuň, 1 sany 2-nji ornuň berlip, bäsleşigi ýapyp oturaýmaly däldigini. Haýsy bir meseläni geňeşjek?! Ýöne çynym bilen aýdýan, şu orun paýlanşykda gaty çiglik bar.
Jalaý
02 июн 2022, 07:12
Nirvana,
Ahmet bilen dawa edip oturmasana. Men ony gowy tanaýan. Göreşe başlasa utmasa utulmaz:)
Telwas
02 июн 2022, 07:15
Peýdasy ýok agam. Giň bol. Gurnaýjylara peýdaly teklipleri hödürledim, pikirlenmezden «Ýok!» diýdi. Seň şu aýdan mrseläňem gozgajakdym, bary-bir aýdanym diňlenmejek bolsa dymyp oturanym ýagşydyr diýip sesimi çykarman oturyberdim.

Haýsy gurnaýjylar?
Gurnaýjy hökmünde diňe men bar. Sen aç diýýäň, aşakdan Khanture paýlaşma diýýär. Başga bir agza kimdigim bilinmesin diýýär. Şeýle-de sen blog açan wagtyň ýazasy gelen ýazyp gitdi. Ýokarky blogda-da bar bahalandyrmalar. Täze AÇJAK DÄL şolary blog edip. Gatnaşanlaryň özlerine haýyş ediň açasy gelen açybersin. Indem şol bir zady gaýtalap oturma Ahmedik_97.
Bu gezekki gurnaýjydan göwnüňiz hoş bolmasa, özüňiz adalatly gurnaýjy tapyň-da gurnaberiň. Üstünlik!
Pegas
Автор 02 июн 2022, 07:19
Jalaý
Diňlenenok diýip ýumup otursaň mydama utularsyň. Pegas birinji ýer bolsa ýerini başga bermeklik gaty ýalňyşlyk. Özüne bermeli ekeniňiz.

Pegasly gürrüň ýok o ýerde. Pegas ýok bäsleşikde.
Telwas
02 июн 2022, 07:19
2 gyz berlen ballar üçin çekeleşip otyr. Bärde biri bahalandyrmalar açylanok diýip käkeläp otyr.
Soňundan şeýdip çekeleşiň, närazy boluň biri-biriňizden diýip gurnadykmy şol ýaryşy?! Diňe özüňizi pikir etmäň. Beýleki agzalaryňam duýgulary barada pikirleniň.
Daşyňyzdam seredip sesimi çykarmasamam edýän herekediňiz, diýýän sözleriňiziň maňa-da ýaramaýany bar. Men gelip şony blog edip açýanmy ýa teswirlerde ýazýanmy?
Pegas
Автор 02 июн 2022, 07:23

Çekeleşsinler, närazy bolsunlar. Bäsleşik bu bolmanam. Men kimdir birleriniň göwnüni tapmak ýa kimdir birleriniň göwnüne degmek barada aýdamok. Sen henizem düşünmänsiň öýdýän aýdanlaryma.
Men bäsleşigiň 3 orunly bolmalydygyny, 1 ornuň paýlaşylmaly däldigini, onda-da 1-nji ornuň paýlaşylmaly däldigini, şol 1-nji orny 1 adama bermek üçin çözgütleriň kändigini aýdýan!
Telwas
02 июн 2022, 07:25
Hawa, teswirlerde aýdyşlary ýaly GIŇ BOLUŇ!

Gaýgy etmäň, indiki gezek men gurnamaryn. Adalatly biri siziň isleýşiňiz ýaly dogruja gurnar. :)
Telwas
02 июн 2022, 07:26
Pegas,
Düşündim.
Pegas
Автор 02 июн 2022, 07:26
Nirvana
Hawa, teswirlerde aýdyşlary ýaly GIŇ BOLUŇ!

Gaýgy etmäň, indiki gezek men gurnamaryn. Adalatly biri siziň isleýşiňiz ýaly dogruja gurnar. :)

Ok, gaýrat et.
Telwas
02 июн 2022, 07:26
Pegas
Nirvana
Hawa, teswirlerde aýdyşlary ýaly GIŇ BOLUŇ!

Gaýgy etmäň, indiki gezek men gurnamaryn. Adalatly biri siziň isleýşiňiz ýaly dogruja gurnar. :)

Ok, gaýrat et.

Şeýderin.
Ahmet
02 июн 2022, 07:34
Nirvana,
Şol bahalandyrmalaryň aglaba bölegi meň ýokarky blogymda paýlaşyldy teswirlerde. Gözläp tapyp okaberiň. Men siziň her biriňiziň islegiňizi ýerine ýetirip bilemok diýip şol wagtam aýtdym. Saňa göni “Ýok” diýen däldirin

Men kimiň näçe baha berenini bilesim geldi. Diňe bahalandyrmany görüp oňmadym.
Hiayress
02 июн 2022, 07:37
Agzalaryň özleri göwnese şoňa görä bolaýaly diýdik. Goşmaça bir ýaryşyň üsti bilen ýeňijini yglan edeli diýdik welinem göwnän bolmady. Şonuň üçinem 1,2-nji ýerler belli bolmasyz 2 agza, 3-nji ýerem Remazan aga aldy edip tamamlandy.
Pegas
Автор 02 июн 2022, 07:39
Hiayress
Agzalaryň özleri göwnese şoňa görä bolaýaly diýdik. Goşmaça bir ýaryşyň üsti bilen ýeňijini yglan edeli diýdik welinem göwnän bolmady. Şonuň üçinem 1,2-nji ýerler belli bolmasyz 2 agza, 3-nji ýerem Remazan aga aldy edip tamamlandy.

Göwnelerine garaşyp durmalam däl. Ähli zady gatnaşyjylaň islegine görä etjek bolsaň, gurnaýjam gerek däl. "Biz gurnaýas, 3 adamam 3 orunda oturtmalam biz!" diýip hereket edibermeli)
Ahmet
02 июн 2022, 07:41
Nirvana,
Soňundan şeýdip çekeleşiň, närazy boluň biri-biriňizden diýip gurnadykmy şol ýaryşy?! Diňe özüňizi pikir etmäň. Beýleki agzalaryňam duýgulary barada pikirleniň.

Diňe özümi pikir edemok Nirvana. Bäsleşigiň düzgüni şol. Bahalar açyk görnüşde kimiň kime näçe baha berenini hemme bilse gowy. Baha berişlik tamamlanynça gizlin edilmeginiň sebäbinem özüň gowy bilýäň, aýdyp oturmaýyn. Hat-da hemme bilýär.
Hiayress
02 июн 2022, 08:25
Pegas,
Ony etjek bolsaň ýaryşyň şertleri yglan edilende eger ballar deň gelse şeýle goşmaça ýaryş bardyr diýip duýdurylan bolsa bolardy. Ýöne olam başda kellä gelmedi. Soňam adalatsyz bolmasyn gel geňeşip göreli. 1.2-nji ýeri nädip anyklaly ýada 1.2-nji ýeri islendik biri diýip yglan edelide utuşy şol ikisine deň paýlalymy diýildi welin şony göwnediler. Goşmaça ýaryş gerek däl diýdiler. Şoňa göräde bolundy. 3-nji ýerler @Massimus bilen @Ötegçini bellemesi welin @Nirwana hanymyň inisiatiwasy. Meň göwnüm 1.2-nji ýerler belli däl @Esma bilen @Mümkin, 3-nji ýerem @Remazan. Ýöne bal berlişikde-de çiglik bar eken. Şona bir zat edip indi ýaryş geçirilse düzetmeli.