Ine meň bahalandyrmam
Bäsleşik-1.
Bu eser barada pikirlerim: berjek ball-ym 3, sebäbi Amerika diýdi, kiber diýdi, Aşgabadam agzady, ýöne umumy bir mazmunyny duýmadym. Ýagny, eseriň mazmunyna düşünmedim. Belkem, akyl taýdan pesiräkdirin, şoň üçin maňa şeýle görnen bolmagy ahmal... Eseriň diňe grammatikasy oňat diýmeseň, yzygiderlik ýok eken.
Bäsleşik-2.
Bu esere 5 ball berjek, manysy oňat eken, ýa-da meň akylymyň ýetýänligi sebäpli şu bahany beren bolmagym ahmal. Grammatikasam oňat, düşnükli, sada dilde ýazylan.
Bäsleşik-3.
Bäsleşik 3-e 2 ball berjek. Ejeleriň uzak ýaşany gowy zat ýöne "Saçlary ak, hassa bolsada bolýar," şu ýeri üçin pes ball berýärin. Eziz ejelerimiz näme üçin hassa ýaşap kösenmeli?! Hassa bolup uzak ýaşandan ýaşamanyň gowy dälmi? Ýogsa eser gaty gowy ýazylypdyr. Gödegräk gürledim öýdýän, bagyşlaň!
Bäsleşik-4.
bäsleşik 4-e 4 ball berjek, sebäbi, mazmuny gowam bolsa Forbes žurnalyna habar berip bilmejegi aýan zat. Oňat degişme eken.
Bäsleşik-5.
Bäsleşik 5-e 5 bal, sada dilde, düşnükli ýazylan, many-mazmuny gowy, gyzykly, ylmy-fantastiki eser. 5 ball berýärin. Ýazmagyňy dowam et! Ökde, tanymal ýazyjylaryň biri bolup ýetişersiň. Tüweleme, elleriňe güller bitsin! Galamyň ujy ýiti bolsun!
Bäsleşik-6.
Bäsleşik 6-a 5 ball berjek. Täsirli, gyzykly, düşnükli sada dilde ýazylan. 5 ball berýärin. Eserden bölek:
«Hormatly Ahmedik97, Şu ölçegdäki ömrüñiziñ gutarmagyna biraz wagt galdy.
- Eddil şu ölçegde täzeden ýaşamak üçin 1-i basyñ.
- Hyýaly ölçegde ýaşamak üçin 2-ni basyñ.
- Biziñ size gelişdirjek ölćegimizde ýaşamak üçin 3-i basyñ».
Şu derejede fantaziýaňyz güýçli eken, tüweleme, berekella! Ýazmakdan daşlaşmaň, oňat eserleri ýazýaňyz.
Bäsleşik-7.
Bäsleşik 7-äde 5 ball. Sada bolsa-da gowja eken, mazmuny gowja bolany üçin 5 ball berjek. Megerem, şuny "garaburç" ýazandyr:) Täsirlije, gysgajyk, oňat eser.
Bäsleşik-8.
Bäsleşik 8-ede 5 ball, gowy çeperçilikli ýazylypdyr. Käşgä şolar ýaly zamana gezelenç edilýän ukyp şu wagtam bolsady:)
Awtor, ýazmakdan el çekmäň! Gaty gowy ýazýaňyz. Şeýle eserleriňiziň höwri köp bolsun!
Bäsleşik-9.
Bäsleşik 9-a 5 ball. Oňat (goşgumy, şygarmy bilemok:)) eser eken. Şu bara, edebiýatdan kän başym çykmansoň goşgy bilen şygaryň tapawudynam bilemok. Onda nädip eserleri bahalandyryp bilýäň diýseňizläň:) Öz akylymyň ýetişine görä bahalandyrýaryn;)
Bäsleşik-10.
Bäsleşik 10-ada 5 ball. Oňat eser eken. Munam ylmy-fantastiki eserleriň toparyna goşsak boljak. Şeýke eserleri bolsa halaýan. Uly höwes bilen okaýan. Şu sebäpden size 5 ball berýärin. Işiňizde üstünlik, Alla ýaryňyz!
Bäsleşik-11.
Bu eser özümiňki. Eser ýazmaga ökde däldigim üçin gysgajyk oýlanmajyk ýazan boldum. Nähili bahalandyrýarkaňyz, göreli bakaly:)
Bäsleşik-12
Ynsan ömri çeperçilikli gysgaça beýan edilipdir. Haladym. Bu esere-de 5 bal berjek. Gysgajyk, ýöne manyly. Ýazmaga dowam ediň!
Hormatly bäsleşige gatnaşyjylar! Tüweleme, ähliňizem oňat eserleri döredipsiňiz, gaty gowy. Ýöne näme üçindir şu bäsleşikde ýazýaňyz? Hemişe-de ýazyň, ýazmagy taşlamaň, başarsaňyz kagyza ýazyň, sebäbi, kagyza ýazylan eserler hiç haçan ýitmeýär. Ýa-da mydamalyk ulanyp bilerin diýen elektron enjamyňyzda ýazyň (kompýuter, telefon we ş.m). Çünki, wagtyňy sarp edip, zehiniňi ýakyp döreden eserleriňiz ýitse gynanarsyňyz. Bäsleşige gatnaşan agzalara etjek arzuwym:
— Goý siziň janyňyz sag bolsun! Başyňyz dik, işiňiz rowaç bolsun! Maşgala ojaklaryňyzda agzybirlik höküm sürsün! Bäsleşige gatnaşmadyk agzalarymyz, sizem indikelerde gatnaşyň, bäsleşige hökman ýeňiji bolmak üçin gatnaşmaly däl meň pikirimçe. Ýöne şonda-da ýeňjek bolmaly, göreşmeli. Könelerimiziň aýtmadyk zady ýok, «Göreşde ataňam bolsa sylama» diýýär. Ýeri bolýar, köp gepläp gyzyldan gymmatly wagtyňyzy alyp oturmaýyn, saglykda görüşeli, sagboluň.
Bäsleşigi gurnaýjy Nirvana hanymymyza hem köp minnetdarlygymy bildirýärin, işinde üstünlik arzuw edýärin! Gezek geldi bäsleşigi gurnamaga hemaýat eden agzalara: size-de şol arzuwlar diýäýmesem:) Men o diýen söze çeper däl-dä, şu gutlaglar size-de degişli, şolar bilen oňaýyň :D Ýeri bolýar, sagboluň, saglykda görüşeli.

9комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.