BÄSLEŞIGIŇ JEMI

Bäsleşik-1.

Bäsleşik 1 - eseriñ köp bölegini dialoglaryñ tutýandygy hemem "Ýabany ada" temasynyñ sýužetine has gabat gelýänligi sebäpli balym 3.
******
1-nji mowzuga:
Men bu gatnaşyjynyň eserine 4 bal goýdum. Sebäplerini aýtsama özüm fantastika žanrynyň ölemen muşdagy. Ýöne bu fantastik-komediýa bolany üçin ýarym bal peseltdim. Sebäbi komediýa ugryna fantastika goşmak meniň üçin fantastikany kemsitmek ýaly görünýär. Komediýany halaýan ýöne fantastika oňa hökman däl. Dogry, bäsleşik şertiniň mowzugy geljekden bir gün, siziň ugruňyz hem komediýa bolsa meni bagyşlaň ýöne bu bäleşige bu mowzuk üçin fantastikany goşman aýratyn komediýa hekaýa döredip bolarmyka diýýän. Ikinjiden kiborg gaýnene meselesi. Eger aýalyňyz robot bolsa, onuň ejesi kiborg (ýarym-adam, ýarym robot) bolmagy meni birhili oýlandyrdy we bu hem ýarym bal aýyrmagyma sebäp boldy. Siz kiborg demir şakyrşukyrlardan robot gyz ýasan diýip bilersiňiz elbetde, emma bu birhili ýeňles göründi. Umuman eseriňize başga sözüm ýok. Üstünlik!
******
Bäsleşik  1-  Bu öň ada barada ýazylandygy bildirýär we görkezilen temadan çykyp, yza gaýdyş berýär, ýagny geljek diýilende, fantastiki ösüş görkezmelimikä diýýän, umumy alanyňda hekaýa çeperçiligi, ýazylşy, gowy, ýöne yza gaýdyş bolany üçin 3 ball.
******
1)5-bal  
Fantaziýasy, hekaýany çeper dil bilen beýan edişi, yzgiderliligi... Jemleýjini sözleriňi hasam haladym. Diýmek, näçe wagt geçse-de adamlaryň şu wagtky boluşlary ýaly (biri-birini iýmäne synanyşýan, görüplik, gybat, ýamanlyk) üýtgejek däl ekeni.:) Gowy hekaýa. Haladym.
******
1-nji; 
Professional şekilde ýazylypdyr. Hemem, islenen saýty agzalypdyr. Bir agyz baha bermeli bolsa 5 ball. 
******
Bäsleşik-1.
Bu eser barada pikirlerim: berjek ball-ym 3, sebäbi Amerika diýdi, kiber diýdi, Aşgabadam agzady, ýöne umumy bir mazmunyny duýmadym. Ýagny, eseriň mazmunyna düşünmedim. Belkem, akyl taýdan pesiräkdirin, şoň üçin maňa şeýle görnen bolmagy ahmal... Eseriň diňe grammatikasy oňat diýmeseň, yzygiderlik ýok eken. 
******
1nji belgili ýazgy gowy eken. gyzyklandyryjy, hem güldiriji. köp ýerlerinde sesli gülen ýerlerimem bar)
5 ball.
******
N-1 5-lik goýýan.
******
1. Tüweleme hekaýa gowy ýazylypdyr. Ýöne biraz ýasama gelýär. Ýene 100 ýyldan Türkmenleñ roboto öýlenjegine ynanamok. Onsañam elhençlikler diñe indeýlerde barmy näme?!. 《ýaltanman okadyňmaý, ýa indeýçäni bilýaňmi:))》 şu ýerde "indeýçe" ýazylan ýazgyñ üssinden bökdüm. Okamadym:D Bu ýerini bolsa öñünden çakladym men-ä:"Görsem gaýykda Mämmet otyr." Ýöne hekaýa diýseñ bolar. Belli bir yzgiderlilik saklanypdyr. Menden 5 ball.
******
Basleshik 1.Gowy gulkunç yazypdyr fantazyalashdyryp -4 ball.


Jemi:42

Bäsleşik-2

N-2 2-lik goýýan şuňa.Geljek dälde geçmişi XVIII-XVIIII asyrlary suratlandyrypdyr.
******
Basleshik 2. Erbet dal yone bu urush gyrgynçylyk dowri yzda galdy hazirki zamany geljek dip yazayypdyr.-2 ball.
******
2. "Geljekden bir gün" hekaýada bu söz hetjiklense-de taryhy gürriñ berýär. Taryhda geljegiñ arzuwy edilýär. Hiç hili geljegi gûrriñ berenok. Şonda-da zähmetine menden 2 ball.
******
"2" belgili tema 3-lik baha, gowy ýazypdyr, manyly tema saýlapdyr, emma gysgarak.
*******
2nji belgili ýazgy
waleryankañ aýdyşy ýaly geçmisde bir gün bolupdyr ýöne gowy, uruş döwūrlerindäki kynçylyklary ýatlatýar, 4ball.
******
2)4-bal.
Uruşdan soňky durmuş sahnasyndan bir pursat. Tüweleme! Ejäniň diýen sözleri oýlandyrdy. Şu günümize kän şükür etdim. 
Yzynam ýazgyn hökman. Gowy ýazýan ekeniňiz.
******
Bäsleşik-2.
Bu esere 5 ball berjek, manysy oňat eken, ýa-da meň akylymyň ýetýänligi sebäpli şu bahany beren bolmagym ahmal. Grammatikasam oňat, düşnükli, sada dilde ýazylan. 
******
Bäsleşik 2- Çeperçiligine 1 bal, Mende ýok şeýle çeperçilik 
Manysyna 3 bal Manysy çuňňur ejeleriň edýän dilegini getiripdir we gysgadan giň göwrümli.
 Jemi 4 ball 
******
2-nji mowzuga:
 Men bu gatnaşyja 5 bal berýän. Gysgajyk we oýlandyryjy. Garaşsyzlygymyza bolan buýsanjymy barha artdyrdy. Brawo!!!
******
Bäsleşik 2 - Eseriñ aşa gysgalygy we awtoryñ fantaziýasynyñ pesdigini göz öñünde tutup balym 2

Jemi:31

Bäsleşik-3
3. "Geljekden bir günim ejeme beriñ" diýip "geljekden bir gün" sözini agzaýmasa bu barada gürriñ berenok. Mantyksyz gördüm. Çagasynyñ ömründen gädilip beriljek diýse hiç bir ata ene razy bolmaz. Bolaýanda da bolmajak zat-da. Zähmetine 2 ball
******
N-3 5-lik
******
Bäsleşik 3 -Goşguda añrybaşy oñat ideýany şahyrana inçelikde beýan edip başarmanlygy we kapyýalaryñ gowşaklygy sebäpli balym 4
******
3-nji mowzuga:
Eje hakdaky ajaýyp goşga men 5-bal berýän. Liriki gahrymanyň geljekden bir gününiň ejesine berilmegini dilemesi meni beter duýgulandyrdy. Belissimo!
******
Bäsleşik 3- Muňa bir söz bn 5 ball. Şeýle gowy sünnälenipdir, ýüregiňe täsir edýär.
******
3)4-bal. 
Many taýdan oňat düzülen diýesim gelýär. 
Ýöne welin şu ýerini halamadym "hassa bolsada bolýar" 

Goý, ejelerimize diňe gowlugy diläliň. Saçlary agarsa-da hassa bolmasyn.
   Birem bogun sanynyň deň gelmeýän setiri bar. 

"Kãbãmiñ õmúri ýyla uzasa"

Iň halan setirim:

Barlygy dùnýãniñ baýlygna degýãr.
Dokuzum Käbãmiñ dogasy dolýar

Ýazyň köpüräk. Gowy goşgulara garaşýan sizden. :) 
******
3-nji; 
Bir enä bolan söýgüsini goşgy setirlerine siňdirmegi, örän gowy. Bir agyzdan aýtsam, örän haladym. Şol sebäpli hem 5 ball.
******
Bäsleşik-3.
Bäsleşik 3-e 2 ball berjek. Ejeleriň uzak ýaşany gowy zat ýöne "Saçlary ak, hassa bolsada bolýar," şu ýeri üçin pes ball berýärin. Eziz ejelerimiz näme üçin hassa ýaşap kösenmeli?! Hassa bolup uzak ýaşandan ýaşamanyň gowy dälmi? Ýogsa eser gaty gowy ýazylypdyr. Gödegräk gürledim öýdýän, bagyşlaň! 
******
3nji belgili ýazgy
Muña gürrüñsiz 5 ball. ejelerimiz uzak ýaşasyn!
******
"3" belgili tema 4-lik baha, goşgyny gowy ýazypdyr, ýöne çeperçilik taýdan bir zatlar ýetmeýän ýaly.

Jemi:41

Bäsleşik-4
"4" belgili tema 2-lik baha, ýüzleý ýazylypdyr, ýönekeý içgepletme ýaly bir zatlar.
******
4. Äpp Berekalla bar aýdyp berjegiñem şümüdi) Jygalybegdirin öýtmed-ow büýä özüne. Göroglyny öwermika öýtdüm(degişme)
aslynda gaty görmäñ okanyña degenok.  Belkem degýändir. menden 2 ball
******
4nji belgili ýazgy
gowy ýazylan, oglyna buýsanýar. ýöne ýa men düşünmedim şol ýazgyda geljege degişli ýeriñ niresindedigini
4 ball
******
      4) 3-bal. 
Gowy ýazylan. Ýöne beýlekilere seredemde örän gysga hem gaty ýönekeý.
Ýazyp biljege meňzeýäň.
******
Bäsleşik-4.
bäsleşik 4-e 4 ball berjek, sebäbi, mazmuny gowam bolsa Forbes žurnalyna habar berip bilmejegi aýan zat. Oňat degişme eken. 
******
4-nji; 
Näme üçindir biraz birhili gördüm.  Şol sebäpli hem 4 ball.
******
Bäsleşik 4- Özüne çekijilik ýok, okalyşda çeperçilik bar, bu ýöne awtoryň öz pikiri ýaly bolup dur. 3 Ball
******
4-nji mowzuga:
Men bu gatnaşyja 3 bal berdim. Birinjiden juda gysga. Gysga bolmasy bal kemeldenok dogrusy. Bal kemeltýän ýerini aýtsam, meni oýlandyryp bilmedi, bir Türkmenistanlynyň Oksfordy gutarmasy we onuň ene-atasynyň Forbese interwýu bermesi manysyz. Egerde bu bir ajaýyp uzyn bir romanyň içinden gysga bir bölek bolan bolsa onda romana 5 bala bererin ýöne bu parça däl. Üstünlik!!!
******
Bäsleşik 4 - Awtoryñ fantaziýasynyñ pesdigi we eseriñ sýužetiniñ juda gysgadygy sebäpli balym 2
******
Baslesik. 4
Gysga hemem gyzyksyz -2ball.

Jemi:29

Bäsleşik-5

Bäsleşik 5 - Eseriñ diliniñ guraklygy we ideýasynyñ gowşakdygy sebäpli balym 4
******
5-nji mowzuga:
Men bu gatnaşyja 5 bal berýän. Eser maňa Star Warsyň Clone Sagasyny ýatlatdy. Bu eserde kiçijik problema, asly problemada dälle welin adamzadyň geljekde goragy üçin hökman klonlara mätäçmi? Darth Vader ýaly robot armiýasy döredende bolmazmy? Umuman biçäre klonlaryň ganyny akdyrman robotlar armiýasy gowy ýaly. Ýöne bu esere hiç hili täsir edenok. Grazie!!!
******
5) 3-bal.
 Özüme zor salyp doly okap bilmedim. Gaty uzak. Harp ýalňyşlaram bar ekeni. Ýöne azap edipsiňiz.
******
5-nji; 
Muny haladym. Pikirlerimi garym-gatym etdi.))
Şol sebäpli hem 5 ball.
******
Bäsleşik-5.
Bäsleşik 5-e 5 bal, sada dilde, düşnükli ýazylan, many-mazmuny gowy, gyzykly, ylmy-fantastiki eser. 5 ball berýärin. Ýazmagyňy dowam et! Ökde, tanymal ýazyjylaryň biri bolup ýetişersiň. Tüweleme, elleriňe güller bitsin! Galamyň ujy ýiti bolsun! 
******
5nji belgili ýazgy
ine ine bu ýazga men 5 däl 10 ballam bererdim, heziller edip okandyryn ýazanyñ eline saglyk. meñ görýän kinolarym ýaly užasny gyzyklandyryjy hem fantastika doly. içine girip gyzygyp okaýa adam. 5?
******
5. Doly okap bilmän taşladym. Belkem ukym tutanyndandyr dp, ukymy alybam okadym. Özüme zor  salyp okadym. Uzak hem gyzyksyz. Belli bir derejede gyzyklam bolsa, düşindirişlermi ýa ýene bir zatlar bn söz uzaldylma bar ýaly. Ýöne sanlar meni gyzykdyrýandygy üçinmi bilemok 2222nji ýyla barasym geldirdi:) barmak büküp sanadym. Ýene 200 ýyl bar tegelek. Içim tütedi ýene 200 ýyljyk ömrümiñ ýokdugyny bilmek... tutuş hekaýada halan sözim:
" Ölmän galsaň we gowy terbiýe berseň, elbetde bu gahar-gazap bolmaz,..." zähmetine menden 4 ball
******
"5" belgili tema 5-lik baha, gyzykly başdan geçirme, wakalar yzygiderliligi boýunça biraz işlemeli ýerleri bar, umuman haladym.
******
N-5 5-lik
******
Basleshik 5.
Gowy mana yarady gyzykly 4 ball.

Jemi:45

Bäsleşik-6

Baslesik6
Erbet dal 4 ball
******
N-6 5-lik
******
"6" belgili tema 5-lik baha, geljek barada agzalaram goşup, degişme görnüşli mowzuk ýazypdyr, ýylgyrtdy.
******
Bäsleşik 6- Munyň käbirine düşünmedim, 
4 ball gowy ýazylan , durmuşa ýakyn manylary üçin
******
6njy belgili ýazgy
dogrysy gaýta gaýta okadym ýöne şuña kän düşünmedim(körzehin bolsamagam kynda), düşünmänligim üçin hiçhili pikirim ýoga bu hakda şonnada 3ball azabyna görä :)
******
6) 5-bal.
 Diýseň gowy. Gyzyklanyp okadym. Diliniň çeperligini. Gowy temany saýlap alyşyňy haladym.
******
Bäsleşik-6.
Bäsleşik 6-a 5 ball berjek. Täsirli, gyzykly, düşnükli sada dilde ýazylan. 5 ball berýärin. Eserden bölek:
«Hormatly Ahmedik97, Şu ölçegdäki ömrüñiziñ gutarmagyna biraz wagt galdy. 

- Eddil şu ölçegde täzeden ýaşamak üçin 1-i basyñ.
- Hyýaly ölçegde ýaşamak üçin 2-ni basyñ.
- Biziñ size gelişdirjek ölćegimizde ýaşamak üçin 3-i basyñ».
Şu derejede fantaziýaňyz güýçli eken, tüweleme, berekella! Ýazmakdan daşlaşmaň, oňat eserleri ýazýaňyz. 

******
6-njy;
Düşünmedim ??
Ýöne ýazmak zähmetli, şol sebäpli hem 4 ball.
******
6-njy mowzuga: 
Men bu gatnaşyja hormat goýan halda 2 bal berýän. Eger bu ,,geljekden bir gün" atly bäsleşik üçin dälde ,, Islenen saýtynyň agzalaryna geljekden salam" atly bäsleşige hödürlenen bolanda 5 däl 100 bal goýardym.
******
Bäsleşik 6 -Beýan edilýän wakalaryñ gyzyksyz we üzlem-saplamlygy sebäpli balym 2

Jemi:39

Bäsleşik-7

7.  Hümm.. gurak. Gyzyksyz. Nämedir bir zat hakynda pikir berenok. Pikirlendirenok. 2 ball menden
*******
N-7 2- lik.Şunda hiç hili çeperçilik ýok, fantaziýa ýok.
******
Basleshik 7.
He he gowy 5 ball.
******
Bäsleşik 7 - sýužetiñ gysgadygy hem-de çuñ ideýasynyñ ýoklugy sebäpli balym 2
******
7-nji mowzuga:
Men bu absurd hekaýajyga 4 bal goýdum. Bir bal kemeldilme sebäbi hökmünde biraz fantaziýa yetmezçiligi diýýän. Iki asyrdan wifiler bolman, Starlink sputnik internedi ýaly birzat goýanda 5 goýardym. Üstünlik sizede!
******
7)3-bal.
"bulam meň bolşum ýalak uçýan maşynlary görüp aňk-taňk bolup dur diýip hykyrhykyr edip güldi."

  Gyzlar "hikir-hikir" gülýär dälmi gyz? :)
Öýkeläýme joram. Şeýle özüneçekiji görmedim. "Meniň ýazgym gyzyksyz bolsa-da" diýme, ýene ýazyp dur. Ýazmak üçin fantaziýaň bar ekeni.
 Ýene-de ýaryşa gatnaşyp durgun.

******
7-nji;
Ýylgyrtdy. Tema degişli eken, şol sebäpli hem 5ball.
******
Bäsleşik-7.
Bäsleşik 7-äde 5 ball. Sada bolsa-da gowja eken, mazmuny gowja bolany üçin 5 ball berjek. Megerem, şuny "garaburç" ýazandyr:) Täsirlije, gysgajyk, oňat eser. 
******
"7" belgili tema 4-lik baha, gyzykly gidip barýarka birden gutaryp galdy.
******
Bäsleşik 7-  Bu mümkin agzanyň ýazanyna meňzeýär, ýönekeýden çeper ýazylan söz ýok 5 ball, okadygymça bir bir birinden tapawutlanyp barýaraý bular.

Jemi:37

Bäsleşik-8
8. Başky abzasa köp söz sarp edilipdir. Özem gurak çykypdyr. taşlanyp gidilenine 10 ýyl bolandygy seredeñde añdyrýan oba-da gazet bölegi näme işläp ýör?!. 10 ýyllap gazediñ bölegniñ durmajagy(onda-da ýerde) köre hasa. Gurak boldy. Onda da zähmetine hormat: 2 ball menden
*******
N-8 3-lik
******
Basleshik 8
Gyzykly 5 ball
*****
Bäsleşik 8- Bu hekaýany dowam etseň boljak ekeni, bir az, özüniň ukybyny görkezipdir, elbetde özi barada bolsada garşy däl, bu özüne çekijilik pes, 3 ball
******
"8" belgili tema 4-lik baha, gyzykly wakalar barada ýazylan. Gyzykly wakaly temalar uzagrak ýazylsa gowy görýän.
******
8nji belgili ýazgy
mende-de şularýaly güýç bar bolaýsa diýdirtýàr :) 5ball
******
8)3-bal.  
Azap edipdir. Tüweleme! Ýöne "Maňa" diýen sözi hasap etmäňde "men" sözi jemi 24 gezek gaýtalanýar ekeni. Esasy zat: eseriň çeperçiligi gazanmak.Nähili eser bolaýsyn (hekaýa, oýlanma, goşgy ýa-da telefon-da hem artyk sözler ) Okyjyň wagtyny alyp artyk sözler ulanmazlyk.
******
Bäsleşik-8.
Bäsleşik 8-ede 5 ball, gowy çeperçilikli ýazylypdyr. Käşgä şolar ýaly zamana gezelenç edilýän ukyp şu wagtam bolsady:)
Awtor, ýazmakdan el çekmäň! Gaty gowy ýazýaňyz. Şeýle eserleriňiziň höwri köp bolsun! 
******
8-nji;
Gyzyklyja eken. Haladym, şol sebäpli hem 5 ball.
******
Bäsleşik 8 - biri-birine logiki taýdan ters (maşynlar uçup ýör,ýöne gazet çykýar) pikirleriñ bardygy we eserde çuñ ideýanyñ ýoklugy sebäpli balym 2

Jemi:37

Bäsleşik-9

Bäsleşik 9 - goşguda şahyranalygyñ we çeoerçiligiñ ýetikdigi,forma taýdanam hiç hili kemçiligiñ ýoklugy hemem ideýasynyñ göwnüme ýaranlygy sebäpli balym 5
******
9. Goşga tüwleme diýýän. Şeýdip kämilleşibermeli. Ýöne adyndanam belli bolşy "Hyýal menzili" awtor göwün ýüwürdýär hyýal edýär. Nämeüçindir temadan sowulýan ýaly göründi. Onda da zähmetine hormat goýup 4 ball berýän.
******
N-9 5-lik
*******
Basleshik9
Gowy tasirli goshgy bogun sanam gabat gelya 5 ball
*****
9-njy mowzuga:
Super! 5 bal. Awtor geljegiň şowhunynda, rahat bir geljek gözlemesi begendirdi. Grazie!
*****
9-njy;
Örän gowy ýazylyldyr, şol sebäpli hem 5 ball.
****
Bäsleşik-9.
Bäsleşik 9-a 5 ball. Oňat (goşgumy, şygarmy bilemok:)) eser eken. Şu bara, edebiýatdan kän başym çykmansoň goşgy bilen şygaryň tapawudynam bilemok. Onda nädip eserleri bahalandyryp bilýäň diýseňizläň:) Öz akylymyň ýetişine görä bahalandyrýaryn;) 
******
9njy belgili ýazgy
Diýseñ diýmeseñem Pegas düzendir şuny. Gowy goşgy, 5 balla mynasyp ol. şu mana garşy öýkesinem ýazaýsada :( ýamman öýkelek eken
******
"9" belgili tema 4-lik baha, goşgy gowy ýazylan, ýene biraz işleseň has kämil çykmagy mümkin.
******
Bäsleşik 9-  Goşgy gowy sünnälenipdir, 5 ball.
Goşgy bolsa,  sözüm ýok. 

Jemi:48

Bäsleşik-10

Baslesik 10
Shuna Mumkin yazan bolsa gerek gowy yazylypdyr. Zenanlar name isleyanini geljekdede bilip bilmandirlerow 5 ball.
*****
N-10 5-lik
******
10. Muña-da pikirlene-pikirlene 5 ball. Hekaýañ kada kanunlaryna eýeripdir. Başy soñy bar. Gyzykdyryp, ýylgyrdyp bildi. Başynda dodak çöwrenem bolsam garaz gowy boldy. Başlanşy ýürekgysgynç ýöne. Mümkin, ýene biraz işlese has gowy bir zat edip bolar.
*****
Bäsleşik 10- Maňa şeýle bir ýarady,  gowy fantaziýasyny ýetiripdir 5 ball.
******
"10" belgili tema 5-lik baha, çeper ýazylan, geljek bilen bagly gülkili ýerleri köp, goýup bolsa 10-luk bahada goýardym, meň özüme galsa şu temany ýeňiji saýlardym.
******
10njy belgili ýazgy
Ýylgyrtdy :)
howwa, zenanyñ göwnüni tapmak kyn. 5ball
*****
10)4-bal.
 Haladym. Diýseň  gowy. Yzgiderli gyzykly alyp gitmäni başarypdyr. Jemleýji hasam gowy bolupdyr.

"Tehnika neneñsi össe-de, zenan dünýäsi öz syrlylygyny gorady".
Ýazyp duruň!  Üstünlikler!
******
Bäsleşik-10.
Bäsleşik 10-ada 5 ball. Oňat eser eken. Munam ylmy-fantastiki eserleriň toparyna goşsak boljak. Şeýke eserleri bolsa halaýan. Uly höwes bilen okaýan. Şu sebäpden size 5 ball berýärin. Işiňizde üstünlik, Alla ýaryňyz! 
******
10-njy;
Gaty gowy???
Ýylgyrtdy, şol sebäpli hem 5+ ball. :)))
******
10-njy mowzuga:
4 bal. Ol jadyly ýaşlyk kreminiň düzümi barada ýazan bolanda gowy bolardy. Meselem: bu kremiň düzüminde 2048-nji ýylda Fransuz himiginiň tapan täsin antioksidant madda bardy. Ol madda ,,planymanio" (Plan diýen ýaly ;)) diýen at berlipdi.

Jemi:48

Bäsleşik-11

Baslesik 11.
Yylgyrtdy gowy yazypdyr 4 ball.
*****
N-11 5- lik goýýan
******
11. Menem 2  ball berýän.
《Birden ukudan açyldym, bolsa-da düýş eken.》šuña ýetýänçäm, manysyz dp durdym. Aý, bolýa düýş eken diýseñem, munça söz sarp edip... bir gowy göryän kitabym bar. Şonda bir gowy düýş bardy. Manysyz görinýän zatda many gizläp bilipdir. Umumanam ne many bar eserde ne de mañyz. Aýyplaşmaweriñ))
*****
Bäsleşik 11 - eseriñ ideýasynyñ gowşakdygy sebäpli balym 3
******
11-nji mowzuga:
Ahmedikli oýlanma 5 bal. Ahmediň üýtgemegini bu eserde okap begendim. Üstünlik!
******
11)4-bal. 
Ýok, gowy ýazypsyň-a. Gepleşik dilinde çeper beýan etmäni başarypsyň. Tüweleme! Ýene-de ýazyp duruň!
******
11-nji; 
"Ýazgyt ýok, ýazgyt ýok, halys aş etdi. ,, ?

Örän gowy. 5+ ball.
******
11nji belgili ýazgy
gowy oýlanma, :)) Ahmedi gowy taryp edipdir, hakyky, pikirleriñi üýtgetjek ol)
5ball
******
"11" belgili tema 2-lik baha, awtoryň aýdyşy ýaly gyssanyp ýazylan, okan oýlanmalarymyň iň gowşagy.
******
Bäsleşik 11- Bu da erbet däl, çeperligi 2 bal,  gönümel beýan edilişine 2 ball jemi 4 ball

Jemi:39



Hormatly bäsleşige gatnaşyjylar, ine ýokardaky ballardan belli bolşy ýaly:
1. 9 we 10 belgidäki agzalar 48 bal.
2. 5 belgidäki agza 45 bal.
3. 1 belgidäki agza 42 ballara eýe boldular.

Aslynda 53 bal bilen tapawutlanan Pegas agza bäsleşigiň baş ýeňijisi bolmaga hak gazandy. Emma beýleki agzalaryň eserlerine baha bermedigi üçin, ýaryşdan çykaryldy.
9 we 10 belgidäki agzalaryň kimligini häzirlikçe aýtjak däl. Ähli adalatyňyz bilen jogap beriň, şu agzalaryň baýraklary nähili gowşurylsyn?!
4 лайков 306 просмотров
12комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Telwas
Автор 01 июн 2022, 00:24
Gowy .yarady yaly gysga sozler bn yazman diyipsinem welin baha bermek elimden gelmedi mowzuk yazamda beyle kosenmedim.birinin azaby
Telwas
Автор 01 июн 2022, 00:25
Inha joram, edebiýata sizlerýaly gowy düşünmeýän, ýöne zehinli agzalar bar tüweleme. Herkimiñem eden azaby bar, hiçhaýsysynada erbet diýip bolanok...
Telwas
Автор 01 июн 2022, 00:26
Belki,adalatly baha berendirin. Pesiräk baha goýanlarym hem gaty görmez diýen umydym bar. Bu ýaryş bolsa-da esasy maksat döredijiligi ösdürmek, başarnyklarymyzy barlap görmek ahyry. Şonuň üçinem iň gowy talantlylar ýüze çyksa. Ýazmaklaryna, höwes dörese özüm-ä begenýän.
Galamyňyz ýiti bolsun ähli ýaryşa gatnaşanlar!
Telwas
Автор 01 июн 2022, 00:26
Hormatly bäsleşige gatnaşyjylar! Tüweleme, ähliňizem oňat eserleri döredipsiňiz, gaty gowy. Ýöne näme üçindir şu bäsleşikde ýazýaňyz? Hemişe-de ýazyň, ýazmagy taşlamaň, başarsaňyz kagyza ýazyň, sebäbi, kagyza ýazylan eserler hiç haçan ýitmeýär. Ýa-da mydamalyk ulanyp bilerin diýen elektron enjamyňyzda ýazyň (kompýuter, telefon we ş.m). Çünki, wagtyňy sarp edip, zehiniňi ýakyp döreden eserleriňiz ýitse gynanarsyňyz. Bäsleşige gatnaşan agzalara etjek arzuwym:
— Goý siziň janyňyz sag bolsun! Başyňyz dik, işiňiz rowaç bolsun! Maşgala ojaklaryňyzda agzybirlik höküm sürsün! Bäsleşige gatnaşmadyk agzalarymyz, sizem indikelerde gatnaşyň, bäsleşige hökman ýeňiji bolmak üçin gatnaşmaly däl meň pikirimçe. Ýöne şonda-da ýeňjek bolmaly, göreşmeli. Könelerimiziň aýtmadyk zady ýok, «Göreşde ataňam bolsa sylama» diýýär. Ýeri bolýar, köp gepläp gyzyldan gymmatly wagtyňyzy alyp oturmaýyn, saglykda görüşeli, sagboluň.
Bäsleşigi gurnaýjy Nirvana hanymymyza hem köp minnetdarlygymy bildirýärin, işinde üstünlik arzuw edýärin! Gezek geldi bäsleşigi gurnamaga hemaýat eden agzalara: size-de şol arzuwlar diýäýmesem:) Men o diýen söze çeper däl-dä, şu gutlaglar size-de degişli, şolar bilen oňaýyň :D Ýeri bolýar, sagboluň, saglykda görüşeli.
Telwas
Автор 01 июн 2022, 00:27
Hemmesini uly höwes bilen okadym, her biriniň aýratyn lezzeti bar.
Ýazyjylarymyz durşy bilen zehin ekenä! Ýene-de şeýle konkurslar gurnap duruň. Goý, hemmeler biraz kellelerini işledip, ýada pikirlerini ýazga geçirmegi öwrensinler. Her bir ýazgy hem 1-nji ýeri almaga mynasyp. (Meňkiden galany?)

Üstünlik! :)
Telwas
Автор 01 июн 2022, 00:27
Çaklamam (hökmany bolmasa hem belläsim geldi):
1-nji orny 12-nji mowzuk alsa gerek.
2-nji orny 5-nji mowzukdan umyt edýän.
3-nji orna bolsa, 9-njy mowzuk alsa gerek diýýän.
Ahmet
01 июн 2022, 00:28
Nirwana,
Meň diýişim ýaly etmänsiňle?!
Telwas
Автор 01 июн 2022, 00:28
Bular agzalaryň goşmaça bellikleri. :)
#B.S
01 июн 2022, 00:38
Diymek pegas aga 12_nji caklamam dogry bolsada ol yaryshdan cykypdyr. Ikinji diyibem 9 diyipdim olam dogry gelyar yone bal den geldi
#B.S
01 июн 2022, 01:27
XVIII-XVIIII bäh beýle asyrlaram bolan ekenow hihi
XVIII-XIX bolmalydy ;))
Bu meniň beren baham däl.
NEMOO
01 июн 2022, 01:43
biz okaman gorman nali baha bereli
Ötegçi
01 июн 2022, 06:31
10njy belgi bn birinji belgini tanadym :P