@Nirwana ýaryşyň jemini şeýle açaý.

BÄSLEŞIK-1 MOWZUGYNA BERILEN BALLAR.



Gatnaşyjy-1.
Eseriñ köp bölegini dialoglaryñ tutýandygy hemem "Ýabany ada" temasynyñ sýužetine has gabat gelýänligi sebäpli balym 3.
Gatnaşyjy-2.
Men bu gatnaşyjynyň eserine 4 bal goýdum. Sebäplerini aýtsama özüm fantastika žanrynyň ölemen muşdagy. Ýöne bu fantastik-komediýa bolany üçin ýarym bal peseltdim. Sebäbi komediýa ugryna fantastika goşmak meniň üçin fantastikany kemsitmek ýaly görünýär. Komediýany halaýan ýöne fantastika oňa hökman däl. Dogry, bäsleşik şertiniň mowzugy geljekden bir gün, siziň ugruňyz hem komediýa bolsa meni bagyşlaň ýöne bu bäleşige bu mowzuk üçin fantastikany goşman aýratyn komediýa hekaýa döredip bolarmyka diýýän. Ikinjiden kiborg gaýnene meselesi. Eger aýalyňyz robot bolsa, onuň ejesi kiborg (ýarym-adam, ýarym robot) bolmagy meni birhili oýlandyrdy we bu hem ýarym bal aýyrmagyma sebäp boldy. Siz kiborg demir şakyrşukyrlardan robot gyz ýasan diýip bilersiňiz elbetde, emma bu birhili ýeňles göründi. Umuman eseriňize başga sözüm ýok. Üstünlik!
Gatnaşyjy-3.
Bu öň ada barada ýazylandygy bildirýär we görkezilen temadan çykyp, yza gaýdyş berýär, ýagny geljek diýilende, fantastiki ösüş görkezmelimikä diýýän, umumy alanyňda hekaýa çeperçiligi, ýazylşy, gowy, ýöne yza gaýdyş bolany üçin 3 ball.
Gatnaşyjy-4.
5-bal Fantaziýasy, hekaýany çeper dil bilen beýan edişi, yzgiderliligi... Jemleýjini sözleriňi hasam haladym. Diýmek, näçe wagt geçse-de adamlaryň şu wagtky boluşlary ýaly (biri-birini iýmäne synanyşýan, görüplik, gybat, ýamanlyk) üýtgejek däl ekeni.:) Gowy hekaýa. Haladym.
Gatnaşyjy-5.
Professional şekilde ýazylypdyr. Hemem, islenen saýty agzalypdyr. Bir agyz baha bermeli bolsa 5 ball. 
Gatnaşyjy-6.
Bu eser barada pikirlerim: berjek ball-ym 3, sebäbi Amerika diýdi, kiber diýdi, Aşgabadam agzady, ýöne umumy bir mazmunyny duýmadym. Ýagny, eseriň mazmunyna düşünmedim. Belkem, akyl taýdan pesiräkdirin, şoň üçin maňa şeýle görnen bolmagy ahmal... Eseriň diňe grammatikasy oňat diýmeseň, yzygiderlik ýok eken. 
Gatnaşyjy-7.
1nji belgili ýazgy gowy eken. gyzyklandyryjy, hem güldiriji. köp ýerlerinde sesli gülen ýerlerimem bar)
5 ball.
Gatnaşyjy-8.
N-1 5-lik goýýan.
Gatnaşyjy-9.
Tüweleme hekaýa gowy ýazylypdyr. Ýöne biraz ýasama gelýär. Ýene 100 ýyldan Türkmenleñ roboto öýlenjegine ynanamok. Onsañam elhençlikler diñe indeýlerde barmy näme?!. 《ýaltanman okadyňmaý, ýa indeýçäni bilýaňmi:))》 şu ýerde "indeýçe" ýazylan ýazgyñ üssinden bökdüm. Okamadym:D Bu ýerini bolsa öñünden çakladym men-ä:"Görsem gaýykda Mämmet otyr." Ýöne hekaýa diýseñ bolar. Belli bir yzgiderlilik saklanypdyr. Menden 5 ball.

Gatnaşyjy-10.
Basleshik 1.Gowy gulkunç yazypdyr fantazyalashdyryp -4 ball.



JEMI:42





BÄSLEŞIK-2 MOWZUGYNA BERILEN BALLAR

Gatnaşyjy-1.
N-2 2-lik goýýan şuňa.Geljek dälde geçmişi XVIII-XVIIII asyrlary suratlandyrypdyr.
Gatnaşyjy-2.
Basleshik 2. Erbet dal yone bu urush gyrgynçylyk dowri yzda galdy hazirki zamany geljek dip yazayypdyr.-2 ball.
Gatnaşyjy-3.
2. "Geljekden bir gün" hekaýada bu söz hetjiklense-de taryhy gürriñ berýär. Taryhda geljegiñ arzuwy edilýär. Hiç hili geljegi gûrriñ berenok. Şonda-da zähmetine menden 2 ball.

Gatnaşyjy-4. "2" belgili tema 3-lik baha, gowy ýazypdyr, manyly tema saýlapdyr, emma gysgarak.

Gatnaşyjy-5.
2nji belgili ýazgy waleryankañ aýdyşy ýaly geçmisde bir gün bolupdyr ýöne gowy, uruş döwūrlerindäki kynçylyklary ýatlatýar, 4ball
Gatnaşyjy-6.
2)4-bal. Uruşdan soňky durmuş sahnasyndan bir pursat. Tüweleme! Ejäniň diýen sözleri oýlandyrdy. Şu günümize kän şükür etdim. 
Yzynam ýazgyn hökman. Gowy ýazýan ekeniňiz.
Gatnaşyjy-7.
Bäsleşik-2. Bu esere 5 ball berjek, manysy oňat eken, ýa-da meň akylymyň ýetýänligi sebäpli şu bahany beren bolmagym ahmal. Grammatikasam oňat, düşnükli, sada dilde ýazylan.
Gatnaşyjy-8.
Bäsleşik 2- Çeperçiligine 1 bal, Mende ýok şeýle çeperçilik 
Manysyna 3 bal Manysy çuňňur ejeleriň edýän dilegini getiripdir we gysgadan giň göwrümli.
 Jemi 4 ball 
Gatnaşyjy-9.
2-nji mowzuga: Men bu gatnaşyja 5 bal berýän. Gysgajyk we oýlandyryjy. Garaşsyzlygymyza bolan buýsanjymy barha artdyrdy. Brawo!!
Gatnaşyjy-10.
Bäsleşik-2- Eseriñ aşa gysgalygy we awtoryñ fantaziýasynyñ pesdigini göz öñünde tutup balym 2


JEMI:33





BÄSLEŞIK-3 MOWZUGYNA BERILEN BALLAR.

Gatnaşyjy-1.
3. "Geljekden bir günim ejeme beriñ" diýip "geljekden bir gün" sözini agzaýmasa bu barada gürriñ berenok. Mantyksyz gördüm. Çagasynyñ ömründen gädilip beriljek diýse hiç bir ata ene razy bolmaz. Bolaýanda da bolmajak zat-da. Zähmetine 2 ball
Gatnaşyjy-2.
N-3 5-lik
Gatnaşyjy-3.
Bäsleşik 3 -Goşguda añrybaşy oñat ideýany şahyrana inçelikde beýan edip başarmanlygy we kapyýalaryñ gowşaklygy sebäpli balym 4
Gatnaşyjy-4.
3-nji mowzuga: Eje hakdaky ajaýyp goşga men 5-bal berýän. Liriki gahrymanyň geljekden bir gününiň ejesine berilmegini dilemesi meni beter duýgulandyrdy. Belissimo!
Gatnaşyjy-5.
Bäsleşik 3- Muňa bir söz bn 5 ball. Şeýle gowy sünnälenipdir, ýüregiňe täsir edýär.
Gatnaşyjy-6.
3)4-bal. Many taýdan oňat düzülen diýesim gelýär. 
Ýöne welin şu ýerini halamadym "hassa bolsada bolýar" 

Goý, ejelerimize diňe gowlugy diläliň. Saçlary agarsa-da hassa bolmasyn.
   Birem bogun sanynyň deň gelmeýän setiri bar. 

"Kãbãmiñ õmúri ýyla uzasa"

Iň halan setirim:

Barlygy dùnýãniñ baýlygna degýãr.
Dokuzum Käbãmiñ dogasy dolýar

Ýazyň köpüräk. Gowy goşgulara garaşýan sizden. :) 
Gatnaşyjy-7.
3-nji; Bir enä bolan söýgüsini goşgy setirlerine siňdirmegi, örän gowy. Bir agyzdan aýtsam, örän haladym. Şol sebäpli hem 5 ball.
Gatnaşyjy-8.
Bäsleşik 3-e 2 ball berjek. Ejeleriň uzak ýaşany gowy zat ýöne "Saçlary ak, hassa bolsada bolýar," şu ýeri üçin pes ball berýärin. Eziz ejelerimiz näme üçin hassa ýaşap kösenmeli?! Hassa bolup uzak ýaşandan ýaşamanyň gowy dälmi? Ýogsa eser gaty gowy ýazylypdyr. Gödegräk gürledim öýdýän, bagyşlaň! 
Gatnaşyjy-9.
3nji belgili ýazgy Muña gürrüñsiz 5 ball. ejelerimiz uzak ýaşasyn!
Gatnaşyjy-10.
"3" belgili tema 4-lik baha, goşgyny gowy ýazypdyr, ýöne çeperçilik taýdan bir zatlar ýetmeýän ýaly.


JEMI:41





BÄSLEŞIK-4 MOWZUGYNA BERILEN BALLAR

Gatnaşyjy-1.
"4" belgili tema 2-lik baha, ýüzleý ýazylypdyr, ýönekeý içgepletme ýaly bir zatlar.
Gatnaşyjy-2.
4. Äpp Berekalla bar aýdyp berjegiñem şümüdi) Jygalybegdirin öýtmed-ow büýä özüne. Göroglyny öwermika öýtdüm(degişme)
aslynda gaty görmäñ okanyña degenok.  Belkem degýändir. menden 2 ball
Gatnaşyjy-3.
4nji belgili ýazgy gowy ýazylan, oglyna buýsanýar. ýöne ýa men düşünmedim şol ýazgyda geljege degişli ýeriñ niresindedigini
4 ball
Gatnaşyjy-4.
4) 3-bal. Gowy ýazylan. Ýöne beýlekilere seredemde örän gysga hem gaty ýönekeý.
Ýazyp biljege meňzeýäň.
Gatnaşyjy-5.
bäsleşik 4-e 4 ball berjek, sebäbi, mazmuny gowam bolsa Forbes žurnalyna habar berip bilmejegi aýan zat. Oňat degişme eken. 

Gatnaşyjy-6.
4-nji; Näme üçindir biraz birhili gördüm.  Şol sebäpli hem 4 ball.
Gatnaşyjy-7.
Bäsleşik 4- Özüne çekijilik ýok, okalyşda çeperçilik bar, bu ýöne awtoryň öz pikiri ýaly bolup dur. 3 Ball
Gatnaşyjy-8.
4-nji mowzuga:
Men bu gatnaşyja 3 bal berdim. Birinjiden juda gysga. Gysga bolmasy bal kemeldenok dogrusy. Bal kemeltýän ýerini aýtsam, meni oýlandyryp bilmedi, bir Türkmenistanlynyň Oksfordy gutarmasy we onuň ene-atasynyň Forbese interwýu bermesi manysyz. Egerde bu bir ajaýyp uzyn bir romanyň içinden gysga bir bölek bolan bolsa onda romana 5 bala bererin ýöne bu parça däl. Üstünlik!!!
Gatnaşyjy-9.
Bäsleşik 4 - Awtoryñ fantaziýasynyñ pesdigi we eseriñ sýužetiniñ juda gysgadygy sebäpli balym 2
Gatnaşyjy-10.
Baslesik. 4 Gysga hemem gyzyksyz -2ball.


JEMI:29






BÄSLEŞIK-5 MOWZUGYNA BERILLEN BALLAR.


Gatnaşyjy-1.
Bäsleşik 5 - Eseriñ diliniñ guraklygy we ideýasynyñ gowşakdygy sebäpli balym 4
Gatnaşyjy-2.
5-nji mowzuga:
Men bu gatnaşyja 5 bal berýän. Eser maňa Star Warsyň Clone Sagasyny ýatlatdy. Bu eserde kiçijik problema, asly problemada dälle welin adamzadyň geljekde goragy üçin hökman klonlara mätäçmi? Darth Vader ýaly robot armiýasy döredende bolmazmy? Umuman biçäre klonlaryň ganyny akdyrman robotlar armiýasy gowy ýaly. Ýöne bu esere hiç hili täsir edenok. Grazie!!!
Gatnaşyjy-3.
5) 3-bal. Özüme zor salyp doly okap bilmedim. Gaty uzak. Harp ýalňyşlaram bar ekeni. Ýöne azap edipsiňiz.
Gatnaşyjy-4.
5-nji; Muny haladym. Pikirlerimi garym-gatym etdi.))
Şol sebäpli hem 5 ball.

Gatnaşyjy-5.
Bäsleşik 5-e 5 bal, sada dilde, düşnükli ýazylan, many-mazmuny gowy, gyzykly, ylmy-fantastiki eser. 5 ball berýärin. Ýazmagyňy dowam et! Ökde, tanymal ýazyjylaryň biri bolup ýetişersiň. Tüweleme, elleriňe güller bitsin! Galamyň ujy ýiti bolsun! 

Gatnaşyjy-6.
5nji belgili ýazgy
ine ine bu ýazga men 5 däl 10 ballam bererdim, heziller edip okandyryn ýazanyñ eline saglyk. meñ görýän kinolarym ýaly užasny gyzyklandyryjy hem fantastika doly. içine girip gyzygyp okaýa adam. 5?
Gatnaşyjy-7.
5. Doly okap bilmän taşladym. Belkem ukym tutanyndandyr dp, ukymy alybam okadym. Özüme zor  salyp okadym. Uzak hem gyzyksyz. Belli bir derejede gyzyklam bolsa, düşindirişlermi ýa ýene bir zatlar bn söz uzaldylma bar ýaly. Ýöne sanlar meni gyzykdyrýandygy üçinmi bilemok 2222nji ýyla barasym geldirdi:) barmak büküp sanadym. Ýene 200 ýyl bar tegelek. Içim tütedi ýene 200 ýyljyk ömrümiñ ýokdugyny bilmek... tutuş hekaýada halan sözim:
" Ölmän galsaň we gowy terbiýe berseň, elbetde bu gahar-gazap bolmaz,..." zähmetine menden 4 ball
Gatnaşyjy-8.
"5" belgili tema 5-lik baha, gyzykly başdan geçirme, wakalar yzygiderliligi boýunça biraz işlemeli ýerleri bar, umuman haladym.


Gatnaşyjy-9.
N-5 5-lik 

Gatnaşyjy-10.
Basleshik 5. Gowy mana yarady gyzykly 4 ball.


JEMI:45






BÄSLEŞIK-6 MOWZUGYNA BERILEN BALLAR.

Gatnaşyjy-1.
Baslesik6 Erbet dal 4 ball
Gatnaşyjy-2.
N-6 5-lik
Gatnaşyjy-3.
"6" belgili tema 5-lik baha, geljek barada agzalaram goşup, degişme görnüşli mowzuk ýazypdyr, ýylgyrtdy.
Gatnaşyjy-4.
Bäsleşik 6- Munyň käbirine düşünmedim, 
4 ball gowy ýazylan , durmuşa ýakyn manylary üçin
Gatnaşyjy-5.
6njy belgili ýazgy
dogrysy gaýta gaýta okadym ýöne şuña kän düşünmedim(körzehin bolsamagam kynda), düşünmänligim üçin hiçhili pikirim ýoga bu hakda şonnada 3ball azabyna görä :)
Gatnaşyjy-6.
6) 5-bal. Diýseň gowy. Gyzyklanyp okadym. Diliniň çeperligini. Gowy temany saýlap alyşyňy haladym.
Gatnaşyjy-7.
Bäsleşik 6-a 5 ball berjek. Täsirli, gyzykly, düşnükli sada dilde ýazylan. 5 ball berýärin. Eserden bölek:
«Hormatly Ahmedik97, Şu ölçegdäki ömrüñiziñ gutarmagyna biraz wagt galdy. 

- Eddil şu ölçegde täzeden ýaşamak üçin 1-i basyñ.
- Hyýaly ölçegde ýaşamak üçin 2-ni basyñ.
- Biziñ size gelişdirjek ölćegimizde ýaşamak üçin 3-i basyñ».
Şu derejede fantaziýaňyz güýçli eken, tüweleme, berekella! Ýazmakdan daşlaşmaň, oňat eserleri ýazýaňyz. 


Gatnaşyjy-8.
6-njy; Düşünmedim ??
Ýöne ýazmak zähmetli, şol sebäpli hem 4 ball.
Gatnaşyjy-9.
6-njy mowzuga: Men bu gatnaşyja hormat goýan halda bal berýän. Eger bu ,,geljekden bir gün" atly bäsleşik üçin dälde ,, Islenen saýtynyň agzalaryna geljekden salam" atly bäsleşige hödürlenen bolanda 5 däl 100 bal goýardym.
Gatnaşyjy-10.
Bäsleşik 6 -Beýan edilýän wakalaryñ gyzyksyz we üzlem-saplamlygy sebäpli balym 2


JEMI:42






BÄSLEŞIK-7 MOWZUGYNA BERILEN BALLAR.

Gatnaşyjy-1.
7.  Hümm.. gurak. Gyzyksyz. Nämedir bir zat hakynda pikir berenok. Pikirlendirenok. 2 ball menden.
Gatnaşyjy-2.
N-7 2- lik.Şunda hiç hili çeperçilik ýok, fantaziýa ýok.
Gatnaşyjy-3.
Basleshik 7. He he gowy 5 ball.
Gatnaşyjy-4.
Bäsleşik 7 - sýužetiñ gysgadygy hem-de çuñ ideýasynyñ ýoklugy sebäpli balym 2
Gatnaşyjy-5.
7-nji mowzuga: Men bu absurd hekaýajyga 4 bal goýdum. Bir bal kemeldilme sebäbi hökmünde biraz fantaziýa yetmezçiligi diýýän. Iki asyrdan wifiler bolman, Starlink sputnik internedi ýaly birzat goýanda 5 goýardym. Üstünlik sizede!
Gatnaşyjy-6.
7) 3-bal. "bulam meň bolşum ýalak uçýan maşynlary görüp aňk-taňk bolup dur diýip hykyrhykyr edip güldi."

Gyzlar "hikir-hikir" gülýär dälmi gyz? :)
Öýkeläýme joram. Şeýle özüneçekiji görmedim. "Meniň ýazgym gyzyksyz bolsa-da" diýme, ýene ýazyp dur. Ýazmak üçin fantaziýaň bar ekeni.
 Ýene-de ýaryşa gatnaşyp durgun.
Gatnaşyjy-7.
7-nji;
Ýylgyrtdy. Tema degişli eken, şol sebäpli hem 5ball.
Gatnaşyjy-8.
Bäsleşik 7-äde 5 ball. Sada bolsa-da gowja eken, mazmuny gowja bolany üçin 5 ball berjek. Megerem, şuny "garaburç" ýazandyr:) Täsirlije, gysgajyk, oňat eser. 
Gatnaşyjy-9.
"7" belgili tema 4-lik baha, gyzykly gidip barýarka birden gutaryp galdy.
Gatnaşyjy-10.
Bäsleşik 7-  Bu mümkin agzanyň ýazanyna meňzeýär, ýönekeýden çeper ýazylan söz ýok 5 ball, okadygymça bir bir birinden tapawutlanyp barýaraý bular.

JEMI:37






BÄSLEŞIK-8 MOWZUGYNA BERILEN BALLAR

Gatnaşyjy-1.
8. Başky abzasa köp söz sarp edilipdir. Özem gurak çykypdyr. taşlanyp gidilenine 10 ýyl bolandygy seredeñde añdyrýan oba-da gazet bölegi näme işläp ýör?!. 10 ýyllap gazediñ bölegniñ durmajagy(onda-da ýerde) köre hasa. Gurak boldy. Onda da zähmetine hormat: 2 ball menden.
Gatnaşyjy-2.
N-8 3-lik
Gatnaşyjy-3.
Basleshik 8 Gyzykly 5 ball
Gatnaşyjy-4.
Bäsleşik 8- Bu hekaýany dowam etseň boljak ekeni, bir az, özüniň ukybyny görkezipdir, elbetde özi barada bolsada garşy däl, bu özüne çekijilik pes, 3 ball
Gatnaşyjy-5.
"8" belgili tema 4-lik baha, gyzykly wakalar barada ýazylan. Gyzykly wakaly temalar uzagrak ýazylsa gowy görýän.
Gatnaşyjy-6.
8nji belgili ýazgy
mende-de şularýaly güýç bar bolaýsa diýdirtýàr :) 5ball
Gatnaşyjy-7.
8)3-bal. Azap edipdir. Tüweleme! Ýöne "Maňa" diýen sözi hasap etmäňde "men" sözi jemi 24 gezek gaýtalanýar ekeni. Esasy zat: eseriň çeperçiligi gazanmak.Nähili eser bolaýsyn (hekaýa, oýlanma, goşgy ýa-da telefon-da hem artyk sözler ) Okyjyň wagtyny alyp artyk sözler ulanmazlyk.
Gatnaşyjy-8.
Bäsleşik 8-ede 5 ball, gowy çeperçilikli ýazylypdyr. Käşgä şolar ýaly zamana gezelenç edilýän ukyp şu wagtam bolsady:)
Awtor, ýazmakdan el çekmäň! Gaty gowy ýazýaňyz. Şeýle eserleriňiziň höwri köp bolsun
Gatnaşyjy-9.
8-nji; Gyzyklyja eken. Haladym, şol sebäpli hem 5 ball.
Gatnaşyjy-10.
Bäsleşik 8 - biri-birine logiki taýdan ters (maşynlar uçup ýör,ýöne gazet çykýar) pikirleriñ bardygy we eserde çuñ ideýanyñ ýoklugy sebäpli balym 2


JEMI:37






BÄSLEŞIK-9 MOWZUGYNA BERILEN BALLAR



Gatnaşyjy-1.
Bäsleşik 9 - goşguda şahyranalygyñ we çeoerçiligiñ ýetikdigi,forma taýdanam hiç hili kemçiligiñ ýoklugy hemem ideýasynyñ göwnüme ýaranlygy sebäpli balym 5
Gatnaşyjy-2.
9. Goşga tüwleme diýýän. Şeýdip kämilleşibermeli. Ýöne adyndanam belli bolşy "Hyýal menzili" awtor göwün ýüwürdýär hyýal edýär. Nämeüçindir temadan sowulýan ýaly göründi. Onda da zähmetine hormat goýup 4 ball berýän.
Gatnaşyjy-3.
N-9 5-lik
Gatnaşyjy-4.
Basleshik9
Gowy tasirli goshgy bogun sanam gabat gelya 5 ball
Gatnaşyjy-5.
9-njy mowzuga:
Super! 5 bal. Awtor geljegiň şowhunynda, rahat bir geljek gözlemesi begendirdi. Grazie!
Gatnaşyjy-6.
9-njy; Örän gowy ýazylyldyr, şol sebäpli hem 5 ball.
Gatnaşyjy-7.
Bäsleşik 9-a 5 ball. Oňat (goşgumy, şygarmy bilemok:)) eser eken. Şu bara, edebiýatdan kän başym çykmansoň goşgy bilen şygaryň tapawudynam bilemok. Onda nädip eserleri bahalandyryp bilýäň diýseňizläň:) Öz akylymyň ýetişine görä bahalandyrýaryn;)
Gatnaşyjy-8.
9njy belgili ýazgy
Diýseñ diýmeseñem Pegas düzendir şuny. Gowy goşgy, 5 balla mynasyp ol. şu mana garşy öýkesinem ýazaýsada :( ýamman öýkelek eken

Gatnaşyjy-9.
"9" belgili tema 4-lik baha, goşgy gowy ýazylan, ýene biraz işleseň has kämil çykmagy mümkin.

Gatnaşyjy-10.
Bäsleşik 9-  Goşgy gowy sünnälenipdir, 5 ball.
Goşgy bolsa,  sözüm ýok. 


JEMI:48






BÄSLEŞIK-10 MOWZUGYNA BERILEN BALLAR

Gatnaşyjy-1.
Baslesik 10 Shuna Mumkin yazan bolsa gerek gowy yazylypdyr. Zenanlar name isleyanini geljekdede bilip bilmandirlerow 5 ball.
Gatnaşyjy-2.
N-10 5-lik
Gatnaşyjy-3.
10. Muña-da pikirlene-pikirlene 5 ball. Hekaýañ kada kanunlaryna eýeripdir. Başy soñy bar. Gyzykdyryp, ýylgyrdyp bildi. Başynda dodak çöwrenem bolsam garaz gowy boldy. Başlanşy ýürekgysgynç ýöne. Mümkin, ýene biraz işlese has gowy bir zat edip bolar.
Gatnaşyjy-4.
Bäsleşik 10- Maňa şeýle bir ýarady,  gowy fantaziýasyny ýetiripdir 5 ball.
Gatnaşyjy-5.
"10" belgili tema 5-lik baha, çeper ýazylan, geljek bilen bagly gülkili ýerleri köp, goýup bolsa 10-luk bahada goýardym, meň özüme galsa şu temany ýeňiji saýlardym.
Gatnaşyjy-6.
10njy belgili ýazgy
Ýylgyrtdy :)
howwa, zenanyñ göwnüni tapmak kyn. 5ball
Gatnaşyjy-7.
10)4-bal. Haladym. Diýseň  gowy. Yzgiderli gyzykly alyp gitmäni başarypdyr. Jemleýji hasam gowy bolupdyr.

"Tehnika neneñsi össe-de, zenan dünýäsi öz syrlylygyny gorady".
Ýazyp duruň!  Üstünlikler!

Gatnaşyjy-8.
Bäsleşik 10-ada 5 ball. Oňat eser eken. Munam ylmy-fantastiki eserleriň toparyna goşsak boljak. Şeýke eserleri bolsa halaýan. Uly höwes bilen okaýan. Şu sebäpden size 5 ball berýärin. Işiňizde üstünlik, Alla ýaryňyz!
Gatnaşyjy-9.
10-njy, Gaty gowy???
Ýylgyrtdy, şol sebäpli hem 5+ ball. :)))
Gatnaşyjy-10.
10-njy mowzuga:
4 bal. Ol jadyly ýaşlyk kreminiň düzümi barada ýazan bolanda gowy bolardy. Meselem: bu kremiň düzüminde 2048-nji ýylda Fransuz himiginiň tapan täsin antioksidant madda bardy. Ol madda ,,planymanio" (Plan diýen ýaly ;)) diýen at berlipdi.


JEMI:48






BÄSLEŞIK-11 MOWZUGYNA BERILEN BALLAR

Gatnaşyjy-1.
Baslesik 11. Yylgyrtdy gowy yazypdyr 4 ball.
Gatnaşyjy-2.
N-11 5- lik goýýan.
Gatnaşyjy-3.
11. Menem 2  ball berýän.
《Birden ukudan açyldym, bolsa-da düýş eken.》šuña ýetýänçäm, manysyz dp durdym. Aý, bolýa düýş eken diýseñem, munça söz sarp edip... bir gowy göryän kitabym bar. Şonda bir gowy düýş bardy. Manysyz görinýän zatda many gizläp bilipdir. Umumanam ne many bar eserde ne de mañyz. Aýyplaşmaweriñ))
Gatnaşyjy-4.
Bäsleşik 11 - eseriñ ideýasynyñ gowşakdygy sebäpli balym 3
Gatnaşyjy-5.
11-nji mowzuga: Ahmedikli oýlanma 5 bal. Ahmediň üýtgemegini bu eserde okap begendim. Üstünlik!
Gatnaşyjy-6.
11)4-bal. Ýok, gowy ýazypsyň-a. Gepleşik dilinde çeper beýan etmäni başarypsyň. Tüweleme! Ýene-de ýazyp duruň!
Gatnaşyjy-7.
11-nji;  "Ýazgyt ýok, ýazgyt ýok, halys aş etdi. ,, ?

Örän gowy. 5+ ball.
Gatnaşyjy-8.
11nji belgili ýazgy
gowy oýlanma, :)) Ahmedi gowy taryp edipdir, hakyky, pikirleriñi üýtgetjek ol)
5ball
Gatnaşyjy-9.
"11" belgili tema 2-lik baha, awtoryň aýdyşy ýaly gyssanyp ýazylan, okan oýlanmalarymyň iň gowşagy.
Gatnaşyjy-10.
Bäsleşik 11- Bu da erbet däl, çeperligi 2 bal,  gönümel beýan edilişine 2 ball jemi 4 ball


JEMI:39






"Bäsleşik-1" mowzugy = 42bal.
"Bäsleşik-2" mowzugy = 33bal.
"Bäsleşik-3" mowzugy = 41bal.
"Bäsleşik-4" mowzugy = 29bal.
"Bäsleşik-5" mowzugy = 45bal.
"Bäsleşik-6" mowzugy = 42bal.
"Bäsleşik-7" mowzugy = 37bal.
"Bäsleşik-8" mowzugy = 37bal.
"Bäsleşik-9" mowzugy = 48bal.
"Bäsleşik-10" mowzugy = 48bal.
"Bäsleşik-11" mowzugy = 39bal.
5 лайков 338 просмотров
60комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
NEMOO
01 июн 2022, 01:52
Name gerek beyle kp zat plany plany senin ballyn ??? diyp yazda goyda biz bilen indi maslahatlasyan biz nabilleli olan name yazany
Hiayress
Автор 01 июн 2022, 02:04
Iki sany 48 bally agzalara ýa umumy 1-nji we 2-nji ýeriň utuşyny goşup deň iki bölüp bermeli ýada bije atyp, mysal, mesele, sorag berip 1-nji ýeri belli etmeli. 1-nji ýeri alan agzalaryň özleri nämäni islese şoňa görä bolubermeli bolar.
Mümkin
01 июн 2022, 04:38
Birinji bilen ikinji ýeri goşuñ.Soñ onam ikä bölüñ.Şeýtseñiz gowy bolar.
Mümkin
01 июн 2022, 04:40
Soñam her hödürlenen eseri aşagyna ballaryny goýup aýratynlykda paýlaşyñ.(öñki paýlaşanyny pozaýsyn) Her bal bereniñem ady görünsin.Agzalaryñ tankytlamakdaky ussatlygynam göresim gelýär.
#B.S
01 июн 2022, 05:14
Bu fantastika. Fantastikada logika gözläpdirler....
Mümkin
01 июн 2022, 05:32
*Ýokarky teswirime düzediş:
Birinji ýer üçin goýlan pul bilen ikinji ýer üçin goýlan pul goşulsyn.Ol pulam iki sany birinjimize paýlalyñ.
Ikinji ýere üçünji ýer üçin niýetlenen puly bereliñ.
Üçünji ýer ýa-ha boş galsyn ýa-da onuñ üçin hemaýatkärlerden täzeden pul toplañ!
#B.S
01 июн 2022, 05:46
Mümkin,
Indiden beýläk dünýä ćempionatlarynda we olimpiýadalarda üçinji ýer alana bürünç medal berjekdämişler...
Mümkin
01 июн 2022, 05:50
Bäsleşik 7- "Bu mümkin agzanyň ýazanyna meňzeýär, ýönekeýden çeper ýazylan söz ýok 5 ball, okadygymça bir bir birinden tapawutlanyp barýaraý bular.
"
Şu pikri ýazana sowalym:
Meñ ýazýan eserlerimde çeper ýazylan söz ýokmy?
Haýran galaýmaly.
Galyberse-de ol diýen eseriñiz meñki däl.
Mümkin
01 июн 2022, 05:51
Ýa-da "çeper ýazylan" bilen "söz ýoguñ" arasynda otur bolmalymy?
Mümkin
01 июн 2022, 05:54
Khanture,
Fantastikada geljek şöhlelendirilýän bolsa näme üçin logika gözlemeli dälmişin?
Heýem,maşynlaryñ köçede uçup ýören ýylynda gazet çykarmy?
(logika ters diýlen teswiri men ýazypdym)
#B.S
01 июн 2022, 05:55
Mümkin
Ýa-da "çeper ýazylan" bilen "söz ýoguñ" arasynda otur bolmalymy?

Şola şeýle ýaly.
#B.S
01 июн 2022, 05:55
Mümkin,
Bäsleşik-9 sen gerek?
#B.S
01 июн 2022, 05:57
Mümkin
Khanture,
Fantastikada geljek şöhlelendirilýän bolsa näme üçin logika gözlemeli dälmişin?
Heýem,maşynlaryñ köçede uçup ýören ýylynda gazet çykarmy?
(logika ters diýlen teswiri men ýazypdym)

Future on the back atly filmdede mashynlar uchup shonda hem gazet okap oturan sahna bar. Sholama ylmy fanatstikanyn in naybashy filmi.
Mümkin
01 июн 2022, 05:59
Khanture,
Ýok.Meñki goşgy däl.Galyberse-de aşakdaky bir mowzukda 12-nji belgä birinji ýer alar diýipsiñ.Soñ olam dogry çykdy diýip begenipsiñ.12-nji belgili agza beýlekilere bal bermäni üçin 53 bal boldy.Ýagny,eger-de häzir birinji orunda oturan iki sany agzanyñ hersine 5 utuk beren bolsady,onda olaryñ üçüsem birinji bolmalydy.Diýjek bolýanym,oñ ýeke özi birinji däl.
Ana,saña ýene bir logiki garaýyş :))
#B.S
01 июн 2022, 06:00
* in the back
#B.S
01 июн 2022, 06:01
Mümkin
Khanture,
Ýok.Meñki goşgy däl.Galyberse-de aşakdaky bir mowzukda 12-nji belgä birinji ýer alar diýipsiñ.Soñ olam dogry çykdy diýip begenipsiñ.12-nji belgili agza beýlekilere bal bermäni üçin 53 bal boldy.Ýagny,eger-de häzir birinji orunda oturan iki sany agzanyñ hersine 5 utuk beren bolsady,onda olaryñ üçüsem birinji bolmalydy.Diýjek bolýanym,oñ ýeke özi birinji däl.
Ana,saña ýene bir logiki garaýyş :))

brawo
Mümkin
01 июн 2022, 06:06
Gatnaşyjy-7.
10)4-bal. Haladym. Diýseň gowy. Yzgiderli gyzykly alyp gitmäni başarypdyr. Jemleýji hasam gowy bolupdyr.

"Tehnika neneñsi össe-de, zenan dünýäsi öz syrlylygyny gorady".
Ýazyp duruň! Üstünlikler!

Şuny ýazana sowalym:Eseri diýseñ halan bolsañ,näsazlyk ýok bolsa näme üçin 4 bal berdiñ?
Mümkin
01 июн 2022, 06:08
Khanture,
Ýöne maña şol "pylan pylan" filmi tankytla diýmediler.Señ eseriñi tankytla diýdiler.
#B.S
01 июн 2022, 06:10
Mümkin
Khanture,
Ýöne maña şol "pylan pylan" filmi tankytla diýmediler.Señ eseriñi tankytla diýdiler.

sps Gowy tankytlapsyň. Seňki haýsy? Meniň tankytlaýşymada baha ber. Bärde ýazasyň gelmese şahsa ýazaý.
Mümkin
01 июн 2022, 06:13
Khanture,
Şahsym işlänog-a joryçkam :))
Sabyrly bol,agşam Nirvana mälim eder.
Haýsysynyñ señ tankydyñdygyny gurra taşlap bilmelimi?! :))
#B.S
01 июн 2022, 06:15
Mümkin,
Özüm aytjak gurra tashlap oturma shu bahany men beripdim diyip.
Mümkin
01 июн 2022, 06:17
Khanture,
Hm,hany onda birinjilere beren bahalaryñy ýaz :))
Ötegçi
01 июн 2022, 06:24
Señkini okan badyma tanadym.Mümkin,
Maña ha 3 berenem bar eken :P
Ötegçi
01 июн 2022, 06:25
Gezet bölegne menem bellik edipdim @Khanture:) aslynda senden çykar öýdemokdym :D
#B.S
01 июн 2022, 06:26
Ötegçi,
Gazet diyenin bir shemala ucup gayyp yoren zat ;))) bir jayyn icinden cykyp onun nawesinin teyine zada dushendirda ;))
Mümkin
01 июн 2022, 06:30
Ötegçi,
Señ tankytlañ super eken.Meniñem señki hakda çaklamam bar.Dur bakaly.
Meñ eserim "Meni Mahym ýazdy" diýip gygyryp dur :))
Şonda-da añmadyklar özünden görsün! :))
Ogulşirin Bayramowa
01 июн 2022, 06:31
Daň bilen nämäň gohy??))
Mümkin
01 июн 2022, 06:42
Khanture,
Birinjilere ýazan tankydyñy aýt-da.Menem señ tankydyña baha bereýin-dä.
Ötegçi
01 июн 2022, 06:53
6- Munyň käbirine düşünmedim, 
4 Balla

Muña duşindimde mena şulara düşinmedim:

Islenen saýtynyň agzalaryna geljekden salam" atly bäsleşige hödürlenen bolanda 5 däl 100 bal goýardym. barybir içinde geljekden bir gün bar-a. Islenençilere salam yok yone. Ozem diñe islenen hakda däl. Gepiñ gelşine gora yazylaýan)))

* * *
düşünmänligim üçin hiçhili pikirim ýoga bu hakda şonnada 3ball azabyna görä :)
Ötegçi
01 июн 2022, 06:54
Dawwa dp düşinmäñ men şonsuzam birinji3lige umydym ýokdy)) meñ pikirim: Pegas, Massimus, Mümkin dagydy. Ucisinem yazgysyndan tanadym.