DIŇLÄR BOLSAŇYZ

Bir oňat bäsleşik gurnaldy. Oňat-oňat eserler hödürlendi. Ýöne jemleýşiňiz birgeňsi boldy-la, gurnaýjylar...
Haýsy bäsleşikde bar 2 sany 1-nji orun, 1 sany 2-nji orun, 3-nji orun hem ýok?! Bolýar, ballary deň gelipdir, taň edipdir, kiçijek bir zatjagaz gurnap ýa ýene bir temajyk berip, eýsem, kesgitläp bolmazdymy şol 2 agzaň diňe 1-ni 1-nji orun edip?! Rowaýatda: "Aý, 40 bolmasa, 41 eken-dä!" diýşi ýaly, şol bäsleşik ýene 1 gün giç jemlenjek eken-dä!
Aý, bolýar, ýeňijileri gutlaýan. Höwri, howry kän bolsun.
8 лайков 778 просмотров
108комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Hiayress
02 июн 2022, 08:31
Ahmedik_97,
Dost düýnem salgy berdim, bu günem salgy berýän, "@Nirwana ýaryşyň jemini şeýle açaý" diýip meň açan mowzugym bar, şonda ähli zat görkezilen. Bal berenleriňem atlaryny açyklamazlygymyz soňunda sen meňkä şeýle bal, ol meňkä şeýle bal beripdir diýip agzalaryň biri-birinden tersleşmezlikleri üçin we indiki bäsleşikde aýtýan belliklerinde we ballarynda soňundan hiç kimden ýüz görülmejegini bilip berýän bahalaryna has tankydy, has dowumly çemeleşmeleri üçindi. Gaýrat inde bir zada zol-zol gaýtalap durma, körem ýok, kerem.
Pegas
Автор 02 июн 2022, 08:34
Hiayress, menem şony aýtjak boldum. Neýtral eminler saýlanmaly, özem edebiýatdan başy çykýan.
Hiayress
02 июн 2022, 08:38
Pegas,
Hawa, kä kişi ballaryny bol-boldan eçilipdir, käsini bolsa mowzuklaryň degýän bahasyny goýupdyr. Mysal üçin: 1 mowzuk 5bal alan ýerem bar, 2 bal alan ýerem. Diýmek ýa 5bal berem eli açyklyk edipdir ýada 2 bal beren dogry bahalandyrmandyr. Şular ýaly gurak ýerleri kän eken, gördim. Tarapsyz edebiýatdan başy çykýan emin diýseňem beýle agzalar köp däl, barlaram ýaryşa gatnaşýar, bolmasa şolar ýaly dört sanysyny tapyp bolaýsa bolaýjak eken.
Jalaý
02 июн 2022, 09:15
Oglanlar, gyzlar, aý, bu ýerde gohlaşyp oturmalyň-laý, bolýar-laý, bäsleşik bolar-da çekeleşikli bolmazmy?!. Her kim öz pikirini ýazmajak bolsa bäsleşigiň näme manysy bar?! Ýöne Hiayress bilen Pegas agzaň aýdyşy ýaly edebiýatdan başy çykýanlar eminçilik etse gowy boljak. Onda-da gurnap duruň, meň ýazýanlarymdanam öýkeläp ýörmäň:) Menem pikirimi ýazmalydyryna:)))
noname
02 июн 2022, 09:17
Pullary yzyna jemlande tazeden yaryş gurnañ telefon
Jalaý
02 июн 2022, 09:19
Nirvana-da gaty degmäňä, nätdiňiz-aý muny?! Hemä azap etmeli, hemem gep çekmeli. Ahmet, Pegas, oňuşyň sizem. Bolmasa özüňiz gurnaň gurnap bilseňiz:) Beý diýsem maňa sökjek bolup ýörmäň, bulam meň pikirim:)
Jalaý
02 июн 2022, 09:23
Nirvana, gurnaber, türkmen edebiýatyna goşant bolýar şu hereketiňizem. Sebäbi, täze-täze gaty gyzykly täsin eserler döräpdir. 12 sany täze eserler döräp internet sahypasynda türkmen dilinde azajygam bolsa maglumat köpeldi:)
Jalaý
02 июн 2022, 09:26
danger,
 danger  on № 35Şu gün, 09:17

Pullary yzyna jemlande tazeden yaryş gurnañ


Otur sokulda sen bir. Indiki bäsleşigiň aladasyny et gowusy. Bu gezekki bäsleşigiňiz çigräk bolan bolsa maslahatlaşyp şol kemçilikleriňizi düzedip geçiräýiň. Pikirimi aýdýanym üçin meni ýazgarýanyňyz ýokdura:)
Jalaý
02 июн 2022, 09:30
Pegas
Senem aladaň bar bolsa aýdyp ýitmeli ekeniň. Ýagdaýyňy düşündiren bolsaň şularam arkan gaýşyp durmazdy.
Ahmet,
inim, senem adalat diýip ýürege düşmejek bol gaýrat edip:) Hama-la özüň adalatly ýaly:)
Öwreniji
02 июн 2022, 10:27
Neýtral eminlerem kimiň ýazanyny bilmeli däl we iki sany edebiýatçy, iki sany okyjy edebiýatdan başy çykmaýan bolsa gowy, soňam Nirwana hanymy beýle kösemäň, eger ýerinde bolan bolsaňyz, näderdiňiz, gaýtam sagbolsun aýdyň.
ajy
02 июн 2022, 10:49
özüñ ýitmeli däl ekeniñ şonda. Señ bahalandyrmañ bolanda hemmezat ýerinde bolardy.
Size hem hoz gerek, hem mürrügi ? Nirvana bar aladañyzy edip gyzyklandyrjak bolup jan edip ýuwurdy. şol ýaryş gurnaly diyip maslahat bermese hiçiñizdenem ses çykanak, baryñyz ýalta, yenede adamyñ eden azabyndan gep tapýañyz. olarýaly akylly bolýan bolsañ ozuñ maslahat bermeli ekeniñ Edebiýatçybolup.
Tap bir Nirvana edebiyata dushunmeyan yaly etyañiz
noname
02 июн 2022, 10:50
Jalaý,
Akylyñ öýi ekiniñay sen şu pikirler señ öz kellañe geldimi?
ajy
02 июн 2022, 10:52
Ahmedik_97,
ýürege düşdüñaý ? jalaý nikiñem alda göteril. aýdylan zady diliñe çolap minnet edip. señ aýdanyñy etmeli diýilen ýeri barmy? hemme kişiñem aýdany her wagt edilip durulmaýa.
lälik çaga ýaly ýöne şo bir zady gaýtalap. Ozuñ sora agzalardan. Mana nàçe berdiñiz diyip name sözüñ gaýtalap diñe Nirvana aýtýañ?
ajy
02 июн 2022, 10:55
Ýagşylyga ýamanlykda ynha, adalatlysyran bolup ? şo wagty nirdediñiz?
Duzsuz nahary iýilip bolnansoñ, gelen duzuñ geregi ýok.
diýilşi ýaly ýaryş gutaransoñ by bahanalañyzy ÿygnañ
ajy
02 июн 2022, 10:58
Remezan,
gyzyklandyrjak bolup diñe Nirvana ýuwrup ýör ýenede beýle diyyäler
ajy
02 июн 2022, 11:00
Jalaý,
Indiki bäsleşik diýip, şu Nirvanañky ýaly tertipli düşünjeli edip geçirjegiñiz bir bamy? bärde paşyrdan bolup?
Hany? gećirjek bolsañyz nirvanadan öñ aklyñyz nirdedi?
Waleryanka
02 июн 2022, 11:00
Şeýlelikde 2 günläp dowam eden bäsleşikden bary ýogy 2 sanyjak kemçilik ýüze çykaryldy.
1- njisi birinji orun paýlaşylypdyr.
2-njisi eminler dälde ýaryşa gatnaşan agzalar biri- birine baha beripdir.( Ýöne bu gizlin we biri-birini tanamadyk ýagdaýynda berlen baha )
Bu uly kemçilik däl.Indiki bäsleşikde ýüzugra düzedäýmeli zat.
Pegas
Автор 02 июн 2022, 11:01
garaburc
özüñ ýitmeli däl ekeniñ şonda. Señ bahalandyrmañ bolanda hemmezat ýerinde bolardy.
Size hem hoz gerek, hem mürrügi ? Nirvana bar aladañyzy edip gyzyklandyrjak bolup jan edip ýuwurdy. şol ýaryş gurnaly diyip maslahat bermese hiçiñizdenem ses çykanak, baryñyz ýalta, yenede adamyñ eden azabyndan gep tapýañyz. olarýaly akylly bolýan bolsañ ozuñ maslahat bermeli ekeniñ Edebiýatçybolup.
Tap bir Nirvana edebiyata dushunmeyan yaly etyañiz

Bu ýerde Nirvanaň azabyna, zähmetine at dakylanok. Ilki bir gowja pikiriňi jemläp, uludan dem alyp, arassa kelläňe bir başyndan okap çyk ýazanlarymy, näme diýjek bolanyma aňyňy taýýarla! Men nähili ýagdaýda nädip ýitjegimi özüm bilerin. Gürrüň woobşe men hakda däl, kelläň işlänokmy şoňa?!
ajy
02 июн 2022, 11:02
Waleryanka,
Bäsleşige gatnaşmadyk agzalar bahalandyrmaly bolsa biri geler birtopar nik açyp oña ýaman diýer, ozuniñki ýagşy diýer ikinji ýüzi bilen
ajy
02 июн 2022, 11:03
Waleryanka,
şo 2je kemçiligi dillerine çolap öldüler. Özleri geçirsinler kemçiliksiz edip bizem göreli, kemçiliksiz ýaryş nahili bolyaka
Öwreniji
02 июн 2022, 11:05
garaburc
Remezan,
gyzyklandyrjak bolup diñe Nirvana ýuwrup ýör ýenede beýle diyyäler

Menä Nirwananyň höweslendirmek üçin edýänine begenýän, ýöne onuň nähili jepa çekenini özünden başga bilýänem ýokdur, oňa diňe sag bol aýdyp göwünlik beräýmesem, başga edip biljek zadym ýok. Käwagt hakykatdanam şeýle bolýa uruş gutaran soň batyr köpeler, eger şol urşy dowam etmek isleýän bolsalar, goý özleri baştutanlyk etsin, adalatly çözsün.
ajy
02 июн 2022, 11:06
Pegas,
ýaryş geçirilip, Omyn edilip ýapylansoñ gep tapma onda, özüñ gurna şonýalak edip göreli señkinem
ajy
02 июн 2022, 11:07
Remezan,
şodaa, şony diýjek bolýanda
Pegas
Автор 02 июн 2022, 11:16
garaburc
Pegas,
ýaryş geçirilip, Omyn edilip ýapylansoñ gep tapma onda, özüñ gurna şonýalak edip göreli señkinem

Men islesem gurnaryn, islemesem gurnamaryn. Gurnan biri, gatnaşan biri, ýüzlenen biri, ýüzlenilen biri. Sen ikorta nämä sokjarýaň?
ajy
02 июн 2022, 11:27
Pegas,
Diñe nirvana zeýrenip zeýrenip goýaryn öýtdüñmi?
hä, sokjaranym bolmadymy, dymyp otyrar öýtdüñmi?
Massimus
02 июн 2022, 12:10
Ilki bilen-ä ajaýyp ýaryş bilen hemmäňizi gutlaýaryn. Öňem aýdyşym ýaly bu ýaryş hemmämiz üçin synagly boldy. Gurnaýjylar üçinem, gatnaşyjylar üçinem, okyjylar üçinem. Bu uly ýoluň, belent maksatlaryň diňe başlangyjy. Nirwana gelsek ýaryşy gyzykly, adalatly gurnady. Ýöne bärde Pegas agzada ýaryş adalatsyz geçdi diýmändir, olam öz belliklerini, tekliplerini ýazypdyr. Agzalardanam haýyş bu meseläni uzaltmaly we çuňlaşdyrmaly. Nirwana bu ýaryş üçin az zähmet çekmedi. Nesip bolsa indiki bäsleşikleri has gyzykly geçirjegine ynamym uly. Eger bu ýaryşy başga agzalar has aktiw geçirjek diýse, oňada üstünlik arzuw edýäris we elimizden gelen kömegi aýamarys. Eger isleg bildirýän agzalar bolmasa, Nirwanadan täze bäsleşikleri, gyzykly ýaryşlary geçirmegini haýyş edýäris.
Öwreniji
02 июн 2022, 12:32
Massimus,
Massimus
Ilki bilen-ä ajaýyp ýaryş bilen hemmäňizi gutlaýaryn. Öňem aýdyşym ýaly bu ýaryş hemmämiz üçin synagly boldy. Gurnaýjylar üçinem, gatnaşyjylar üçinem, okyjylar üçinem. Bu uly ýoluň, belent maksatlaryň diňe başlangyjy. Nirwana gelsek ýaryşy gyzykly, adalatly gurnady. Ýöne bärde Pegas agzada ýaryş adalatsyz geçdi diýmändir, olam öz belliklerini, tekliplerini ýazypdyr. Agzalardanam haýyş bu meseläni uzaltmaly we çuňlaşdyrmaly. Nirwana bu ýaryş üçin az zähmet çekmedi. Nesip bolsa indiki bäsleşikleri has gyzykly geçirjegine ynamym uly. Eger bu ýaryşy başga agzalar has aktiw geçirjek diýse, oňada üstünlik arzuw edýäris we elimizden gelen kömegi aýamarys. Eger isleg bildirýän agzalar bolmasa, Nirwanadan täze bäsleşikleri, gyzykly ýaryşlary geçirmegini haýyş edýäris.

?????
Maksat
02 июн 2022, 12:37
Bahalandyrma gowy berilmändir meniň pikirimçe.
Suleyman
02 июн 2022, 12:42
Şumat bir-biriňizi gowy tanadyňyz öýdýän. Indikiňize bek bolsaňyz bolýa.))
Ahmet
02 июн 2022, 12:43
Hiayress,
Hiayress on № 31Şu gün, 08:31
Ahmedik_97,
Dost düýnem salgy berdim, bu günem salgy berýän, "@Nirwana ýaryşyň jemini şeýle açaý" diýip meň açan mowzugym bar, şonda ähli zat görkezilen. Bal berenleriňem atlaryny açyklamazlygymyz soňunda sen meňkä şeýle bal, ol meňkä şeýle bal beripdir diýip agzalaryň biri-birinden tersleşmezlikleri üçin we indiki bäsleşikde aýtýan belliklerinde we ballarynda soňundan hiç kimden ýüz görülmejegini bilip berýän bahalaryna has tankydy, has dowumly çemeleşmeleri üçindi. Gaýrat inde bir zada zol-zol gaýtalap durma, körem ýok, kerem

Aý agam, şol mowzuga bardym. Berilen bahalaryň ählisi bar, oňa dawa edemoga men. Prosta kimiň kime baha berýänini hemmä aýan etjek boldum. Bor-laý, hökman däl. Ýöne nägile bolýanam ýok, dawa edýänem ýok, uruşjak bolýanam. Gaýtam, şeýle ýaryşlaryň gurnap yhlas edýänlerine begenýänem. Prosta pikirlerimi aýdypdym, onuňam bäsleşigiň peýdasyna aýtdym.