KÄBÄM SEN

Gapysyndan gelin bolup gelsem-de,
Gyzy deýin gujak geren käbäm sen.
Mähribanym,mährem ejem mysaly,
Giñ kalbyndan orun beren käbäm sen.

Teşneligmi mähriñ bilen gandyryp,
Diri günüñ hemdem bolduñ kalbyma,
Ýoklugyñda seni küýsäp zarlasam,
Düýşe girip diýýãñ: "Gelin aglama".

Düýşlerimde giñlik berip dünýäme,
Diri ýaly gelip dursuñ ýanyma.
Indi meñem bir maksadym mähriban,
Gelniñ bolup meñzäp bilsem gaýnyma.

Señ söýşüñ deý söýüp bilsem balamy,
Señki ýaly bişip dursa çöregim.
Eziz ogluñ,ýassykdaşym,ýarymy,
Ähli zatdan eziz görse ýüregim.

Seniñ ruhuñ rahat ýatar bakyda,
Dowamatyñ dowam etsin salamat.
Meniñ bolsa seni görýän düýşlerim,
Eneleriñ bakylygna alamat.

Gyzylgül Annagylyjowa.
8 лайков 193 просмотров
7комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Pegas
21 июн 2022, 16:40
Gyzylgül gelnejäň gaýynlaryna nähili mähremdiginden, gaýynatasy ýogalanda nähili ýagdaýa düşeninden gowy habarym bar. Hakyky türkmen gelni. Ömri uzak bolsun.
Esma
21 июн 2022, 16:57
Baýdak gelinlere nusgalyk gelnejem...
Ömrüň bolsun!
Gumly gelin
21 июн 2022, 17:03
@Margarita,şu gün gaýyn enemiñ aýrylanyna 13 ýyl boldy.Aýat-töwür okap, ýatlap otyrkak bu gošgyny paýlaşmagyñ hem ýatlama boldy.Minnetdar gadyrdan uýam.Goý,bakyýa göç eden eneleñ jaýy Jennet bolsun!
Gumly gelin
21 июн 2022, 17:06
Esma,
Sag bol gadyrdan uýam.
Gumly gelin
21 июн 2022, 17:07
Pegas,
Minnetdar Sapa!
Massimus
21 июн 2022, 23:22
Gumly gelin,
Bu goşgy Siziňkimi? Gaýyneneňizi käbäňize deňäp, oňa goýan sylagyňyzy Allahym artygy bilen gaýtarsyn. Görjegiňiz gowulyk bolsun!
Gumly gelin
22 июн 2022, 02:15
Massimus,Sag boluñ!
wonderfull_09
wonderfull_09
22 фев 2024, 19:01

salam?