Täsin söýgi...

Gan akdyryp huzuryña baramda,
Derman bolduñ ganly ýara lukman gyz.
Gözlermiñ garasy seni görende,
Eglenip-eglenip geçýär hökman gyz.

Arassa eliñe şübheler edip,
Mikrobdan goranyp geýdiñ ak ellik.
Ilkinji bu eden hereketiñe,
Baha berip goýdum beýnimde bellik.

Arassalap gyzyl gandan ýüzümi,
Mylaýym elleriñ getirdi huşa.
Gözlem seni gördi ýadymdan çykdy,
Kellämde döwülen şol arak çüýşe.

Hawa unutdym men ýene kän zady,
Gözelligiñ unutdyrdy dünýäni.
Näm: üçin eneleñ bary doganok,
Perişdä bäs etjek gyzy sen ýaly???

Seni dogran enäñ ömrüne güller,
Goý ejeñ ýaş bolsa ýene dogursyn.
Şeýdip maşgalañyz dünýäni ýykjak,
Betgelşik duýgulañ ýoluny pozsun.

Şprisiñe jemläp dermanyñ köpün,
Ýanbaşyma sünjüp guýup goýberdiñ.
Demir iññäñ bilen awundyrsañam,
Agrygy duýmadym gúlüp goýberdim.

Penseline, nowakaini garyp,
Dimedrolam urup özüñ dürsediñ.
Wah olar hiç welin şiprise salyp,
“Söýgidrol” uranñy sen bir bilsediñ.

Kerim Hallyýew
3 лайков 126 просмотров
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Yhlas
24 июн 2022, 13:39
berekella
Apples
24 июн 2022, 22:18
Gaty gowy duzulipdir