Shu gije men sana ikilik etdim

ŞU GIJE MEN SAŇA IKILIK ETDIM... "

Şu gije men saňa ikilik etdim...
Ýöne utanmadym eden işimden.
Bolşumdan
duýmadym wyždan azaby,
Çünki, sensizligiň etimden geçip
Süňküme ornaşan ajy güzaby
Jyda düşürmänkä akyl-huşumdan
Içip-içip meýin puşmansyzlygyň
Şu gije men saňa ikilik etdim.

Bäh, ilkinji gezek seni unutdym,
Hoşal boldum eşekligmiň joşundan.
Meniň bilen ýassygyny paýlaşan
Zenan bolsa kirpigimden gaşymdan,
Gözlerimiň arasyndan düýrügip
Dişläp-dişläp gulaklarmyň mämesin,
Pişik kimin dyrtmalanda döşümden...
Şu gije men saňa ikilik etdim.

Soň arkamy öwrüp bükülip ýatdym,
Aldym lezzetini biwepalygyň.
Imansyzlaň muny duýaýsa şobat,
Dumly-duşdan atjak myjabatyna
Ýygrylmady seňrigimden başga zat...
...Sebäp, seniň daglap giden jigeriň
Ýoluşdyryp zyňdym-da gan damaryn,
Şu gije men saňa ikilik etdim.

Ha bukulman etdim,
bukulyp etdim.
Şonda şol gözeliň yhlasyn görüp
Duýdum hijem maňa mähir bermäniň.
Eger seni bir gün tutmaly bolsa,
Meniň däl-de, tutsun şonuň yhlasy
Jezasyn çek meň elimde durma:nyň...
Bolsam-da Allanyň öňünde asy
Şu gije men saňa ikilik etdim.
Soň seni hiç haçan ýatlamajagmy
Ýatlanymda öz-özümden hopugyp,
Duýmasam-da wyždanymyň sesini
Ajy gözýaş içre ýykylyp ýatdym
Sebäbi men saňa ikilik etdim!
6 лайков 224 просмотров
9комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Hiayress
27 июн 2022, 15:05
Beýtmedä, aý beýtmelä däldiň, oňarmadyňaý han ogul, barzady ýere çaldyň. :)
Gauzen
27 июн 2022, 15:17
Haý haý nädäýdiň muny garashyan
SmartLider
27 июн 2022, 15:21
Bäh, ýaman tanyş goşgy welin, öňem bir ýerde okaýdymmykam?!
Ýöne edil beýdäýmelem däldiň...
Hiayress
27 июн 2022, 15:23
SmartLider,
Kitapçy, Has Türkmeniň goşgusy.
Ahmet
27 июн 2022, 15:36
Hiayress
SmartLider,
Kitapçy, Has Türkmeniň goşgusy.

Şeý diýsene. Asyl bir hili öňem bir ýerde okan ýaly bolup duryn diýdimemle.
Meryem
27 июн 2022, 16:06
Nirde okadyň
SmartLider
27 июн 2022, 16:16
Meryem
Nirde okadyň

Maňa diýýäňmi?
Meryem
27 июн 2022, 16:22
Hawa
Şamuhammet
27 июн 2022, 22:08
Kim-kime näme diýýär, düşer ýaly däl...