Entegen göterip ýörmüň?
Bir derwüş şägirdi bilen güýçli ýagan jaladan soň lüýk bolup ýatan ýoldan ýöräp gelýärkäler, owadan bir zenanyň batgalykdan geçip bilmän durandygyny görüpdirler. Ine, onsoň derwüş sen-men ýok, geläge-de ýaňky zenany arkasyna alypdyr-da, batgalykdan göterip geçiripdir. Derwüşiň şägirdi muny görüp, ör-gökden gelipdir. Ol gözlerini alardyp piriniň bir zenany batgasyz ýere eltip gaýdyşyny synlapdyr.
Soňra derwüş şägirdi bilen ýoluna dowam edipdirler. Şägirt ýolboýy ýüzüni sortduryp, hiç hili geplemän gelýärmiş. Olar depelerden aşyp, jülgelerden geçip, giden obalary yzda galdyryp, ahyry bir tokaýlyga gelip ýetipdirler. Aradan esli wagt geçen hem bolsa, şägirt saklanyp bilmän, etegindäki daşy dökmäge başlapdyr:
– Derwüşleriň aýal maşgala el degirmeýändigini siz bilýäňiz ahyry. Ol aýaly näme üçin göterdiňiz?
Derwüş şägirdine ýylgyryp garapdyr-da şeýle diýipdir:
– Heý, ýigit, ýigit! Sen pikirleriň bilen öz-özüňi horlap gelýän ekeniň. Men ony bireýýäm şol ýerde taşlap gaýtdym. Sen bolsa entegem ony göterip ýörmüň?!

2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.