*****

Derwüşleriň biri arzyny mälim etmek üçin hökümdaryň huzuryna barypdyr. Gat-gat binanyň, aýlaw-aýlaw galanyň gapysynda bir derwezeban duran eken. Derwüş ondan özüni hökümdaryň ýanyna goýbermegi soraýar. Emma derwezeban yönekey geýimli derwüşe kanbir gabak galdyrmayar, «Hökümdaryň ýanyna girmekçimi? Sen kim?» diýip soraýar. «Meni tanaňokmy?» diýip derwüş dillenipdir. Derwezeban «Ýok» diyip, başyny ýaýkapdyr. Derwüş: - A sen kim? diýipdir. Ol: - Men derwezeban. - Senden beýik kim bar? - Garawulbaşy. - Ondan beýik kim bar? - Serkerdebaşy. - Ondan beýik kim bar? - Wezirlerbaşy. - Ondan beýik kim bar? - Hökümdar. - Hökümdardan beýik kim bar? - Hudaý. - Hudaýdan beýik kim bar? - Hiç zat. - Ana, men-dâ şol hiç zat - diýip, derwüş jogap beripdir. Derwezeban bu söze aňk-taňk bolupdyr, näme diýjegini bilmän birsellem ýuwdunyp durupdyr. Soňra özünden ululara ýagdaýy mälim edipdir. Bu sözi eşidenleriň her biri haýran galypdyr. Şeýdibem, Hudaydan "uly" hiç zat hökümdaryň huzuryna barypdyr. Göwnüň demirden bolsa-da, ýüregiň daşdan bolsa-da, her bir kişini iň bolmanda adam mertebesi üçin bir syla. «Aý olmy, kimmişin ol, ol meniň üçin hiç zat» diýen ýaly duýgular özüňe aşa göwnüýetijiligi oýarýar. Içi çüýrük agaçlara we adamlara bolsa «köwek» diýilyâr. Göwnümize hiç zat yaly görünyân adamlaryň Hudaýdan beýik dâldigini bilsegem, iň bolmanda özümizçe bardygyny bir boýun alalyň.
10 лайков 116 просмотров
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Öwreniji
02 июн 2022, 16:58
?????
La Star MaN
02 июн 2022, 20:50
+++++++++++++++++++++++++++