Hiç zat

Käbir adamlar bar, küpür sözden Alla saklasyn welin, olar özüni Al-
lanyň ogludyrys ýa-da Isanyň doganydyrys öýdenoklar. Ýogsam,
Allanyň-a ogly ýok, Isanyň hem dogany ýok. Şundan soň olar özlerini
özgelerden aýry görmejek ýaly, emma başarýan bir işini ýerine ýetirse,
özlerini şeýle bir elýetmez, tapylgysyz barlyk hökmünde görýärler. Olar
tumşugyny-temegini göge tutanda, hatda burnuna ýel düşen düýe-de
ondan tobaly görünýär. Ol «adamlar» üçin beýleki adamlaryň mertebe-
sem, şahsyýetem hiç zat. Onuň üçin beýlekileriň gadyram, gymmatam
hiç zat. Başda eden birje ýagşylygy üçin ýyllarboýy minnet eder welin,
Hudaýa bergidarlygyň ýadyňdan çykyp, kime sežde etmelidigiň huşuňa
gelmez. Ýöne göwün käte aldagyç bolýar, göwün köplenç öz pikiriniň
tassyk edilmegini isleýär, hatda ol hakykatyň ýele ýanyndan geçmese-
de... Onsoň, olaryň ýanynda öz pikiriňi aýtmak - «gedemlik», nägile
ýeriňi ýaňzytmak - «ulumsylyk», kinäňi daşyňa çykarmaklyk - «äsger-
mezlik». Ýoň bolan söz bilen aýtsak, olar bir söz kem, iki söz artyk.
Olar üçin özgeler hiç zat... Ýöne hiç zadyň beýikligini ölçemek üçin,
köneden gelýän, rowaýata öwrülip galan hakykata ser salaýmaly.
Derwüşleriň biri arzyny mälim etmek üçin hökümdaryň huzuryna
barypdyr. Gat-gat binanyň, aýlaw-aýlaw galanyň gapysynda bir der-
wezeban duran eken. Derwüş ondan özüni hökümdaryň ýanyna
goýbermegi soraýar. Emma derwezeban ýönekeý geýimli derwüşe kän bir gabak galdyrmaýar, „Sen kim?” diýip soraýar. «Meni tanaňokmy?»
diýip derwüş dillenipdir. Derwezeban «Ýok» diýip, başyny ýaýkapdyr.
Derwüş:

– Sen kim? - diýipdir. Ol:
- Men derwezeban.
- Senden ýokarda kim bar?
- Garawulbaşy.
- Ondan ýokarda kim bar?
- Serkerdebaşy.
- Ondan ýokarda kim bar?
- Wezirlerbaşy.
- Ondan ýokarda kim bar?
- Hökümdar.
- Hökümdardan beýik kim bar?
- Hudaý.
- Hudaýdan beýik kim bar?
- Hiç zat.
- Ana, men-dä şol hiç zat-da – diýip, derwüş jogap beripdir.
Derwezeban bu söze aňk-taňk bolupdyr, näme diýjegini bilmän
birsellem ýuwdunyp durupdyr. Soňra özünden ululara ýagdaýy mälim
edipdir. Bu sözi eşidenleriň her biri haýran galypdyr.
Göwnüň demirden bolsa-da, ýüregiň daşdan bolsa-da, her bir kişini,
iň bolmanda, adam mertebesi üçin bir syla. «Aý olmy, kimmişin ol, ol meniň üçin hiç zat» diýen ýaly duýgular özüňe aşa göwnüýetijiligi
oýarýar. Içi çüýrük agaçlara we adamlara bolsa «köwek» diýilýär.
Göwnümize hiç zat ýaly görünýän käbir zatlaryň Hudaýdan beýik
däldigini bilsegem, iň bolmanda, özümizçe bardygyny bir boýun ala-
lyň.
1 лайков 80 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.