Isa pygamber näme diýipdir

-Biz adamlar her zada baha bermäne öwrenen. Şol sanda adamlara hem. Emma şu wagta çenli hiç kim göz öňüne getirmeýär. Adamzadyň taryhynda iň gymmat bahaly adam kim bolan.
-Bu elbetde, häzirki döwürde hristianlaryň Hudaýy hasaplanýan Isa pygamber bolsa gerek.
-Bu adam hristianlaryň ynanjy boýunça Hudaýyň oguly hasaplanýar. Ol Mariýanyň garnynda, Hudaýyň gudraty we keramaty bilen döreýär. Has doly we dogry düşünmek üçin, Isa baradaky kitaplary okamaly. Men bolsa, bu ýerde Ol barada gysgaça maglumaty berýärin.
-Isa pygamber otuz ýaşlaryna gelip, özüniň kimdigini we näme üçin bu dünýä gelendigini wagyz edip başlaýar. Onuň aýytmagyna görä, ol Hudaýyň oguly we geljekde ol adam keşbinden Hudaýa öwrüljekdigini aýydýar.Onuň bu sözleri şol döwüriň butlara ynanýan ýokary wezipeli dindarlarynyň gaharyny getirýär.Olar Isa pygamberiň garşysyna dildüwşük gurnaýarlar. Şeýdip olar Isanyň sopylarynyň biri bolan Iuda atly adama dönüklik etmegi buýurýarlar. Iuda olardan gorkunjyna Isa pygamberiň etmedik günälerine ýalandan şaýatlyk edýär. Olary Isanyň gizlenýän ýerine eltip, Ony tutdurýar.
Isanyň özi hem keramatly adam bolýar. Ol keselbentleri bejerýär. Gudrat bilen aç adamlaryň garnyny doýurýar. Hiç bir adamyň akyl ýetirip aýdyp bilmejek maslahatlary, ündewleri aýydýar.
-Iň esasy zat bolsa ol adamlary gowy görýär. Hrisitianlaryň dini ynanjyna görä Isa, adamzadyň özüne çenli we geljekde etjek günälerini onuň atasy bolan Hudaýyň öňünde, özüniň boýnuna alyp, adamzady jezadan gutarýar.
Bu elbetde, şol döwür üçin iň kyn synaglaryň biri hasaplanýar. Ähli adamzat üçin agyr jeza çekmäni, häzirki döwürde birine aýytsaň öz boýnuna alarmy? Şeýle adamyň bardygyna häzirki döwür üçin ynanmak örän kyn. Mysal üçin, meniň özüm özgäniň günäsini boýnuma alyp, olar üçin jeza çekmeklige hiç barmazdym. Dogry, men adamlara günä işleri etmäň diýip aýdyp bilerin. Şundan artykmajy meniň boýnumda däl.
Isa, bolsa hatda özüni dardan asan adamlaryň günälerini öňünden geçirip, olar näme edýändiklerini bilmeýärler diýip, öz atasy bolan Hudaýdan olar üçin gowy zatlary dileýär.
Şeýlelikde Isany, depesine kese agaç berkideilen, dardan asýarlar. Ellerine we aýaklaryna çüý kakyp, ony gaçmaz ýaly edýärleer.
-Hawa, elbetde kyn ýagdaý. Adam diýip ynanýan adamlaryň, öz bähbitleri üçin aňsatlyk bilen, günäsiz adamlara adalatsyzlyk etmäne gorkmaýarlar. Görýäňizmi wezipe, pul, zat adamy aňsatlyk bilen sandan çykarýar. Ýene-de adama ynanmaly diýýärler.
Emma Isa pygamber özüne ýamanlyk eden adamlara göwnünde hiç hili kir bolmandyr diýilýär.
-Gyzykly ýeri häzirki zaman hristianlary Isa pygambriň olara galdyryp giden nesihatlaryny anyk we doly bilýärler. Emma Isanyň aýdyp giden bu talaplaryny umuman ýerine ýetirmeýärler. Olar özara tükeniksiz uruşlara berilýärler we özleri bilen beýleki din wekillerini uruşmana mejbur edýärler.
-Elbetde, olary gepletseň özlerini köp ýol bilen aklamana çalyşarlar. Emma bu ýagdaý diňe özüň ýaly adam bilen edip bolýar, emma Hudaýyň öňünde ýalan söz bilen Onuň oňünde özüňi aklap bolarmy?.
-Adam ilki bilen Hudaýyň öňünde öz eden işleri üçin jogap berýär. Hudaýa ynanýan adam, men bu adama zyýan ýetirsem. Hudaý meni halamaz diýip, ýanyňdaky adama el galdyrman bir gyra çekilmeli.
-Emma, hristian dininde bu ýagdaý has öňe gidýär.
-Eger saňa biri ýamanlyk etse, sen oňa ýagşylyk et diýýär!. Bu söz, bu düşünje, hatda häzirki zamanyň iň okumyşly we baý adamlary hem etmäni bilmeýärler.
Göz öňüne geiriň. Saňa ýamanlyk eden adama ýagşylyk etmek. Iň bolmanda biz bu halatda öýkeleýäris. Gepleşmän, salamlaşman, ters bakyp, onuň üstünden dürli gybatlary edip özümizçe ar alyp başlaýarys.
-Içiňizde maňa ters geplejek tapylar. Bu hristianlaryň işi. Biz musulman. Bize bu diniň talaplary hökman däl.
-Emma,özüni Hudaýyň oguly hasaplan Isa şeýle hem diýýär.
-Hiç kim meniň ýanyma gelmezden we meni ykrar etmezden Hudaýyň merhemetini görüp bilmez.
Onsoňam, ol ýene bir gezek dünýä geljekdigini we Isa adamlar bilen bile bir eýýäm ýaşajakdygyny aýydýar.
Şeýlelik bilen Isa pygamber baradaky sözümi gutarýaryn. Häzirlikçe hoş.
1 лайков 466 просмотров
6комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Ötegçi
03 авг 2022, 17:52
Hrisitianlaryň dini ynanjyna görä Isa, adamzadyň özüne çenli we geljekde etjek günälerini onuň atasy bolan Hudaýyň öňünde, özüniň boýnuna alyp, adamzady jezadan gutarýar. 

Onda hristiýan dinine geçip, arkaaaýyn nebsimiziñ islan zadyny edibermeli...
Dowsypat
03 авг 2022, 18:24
Adamzadyň taryhynda iň gymmat bahaly adam kim bolan.

Hristianlar üçin Isa.
Ýewreýler üçin Musa.
Musulmanlar üçin Muhammet.
Otparazlar üçin Zarduşt.
Butparazlar üçin Budda...
Balary
03 авг 2022, 18:50
otparazlar, butparazlar, ýewreýler, hristiýanlar, pastarfiýanlar, bahaýylar hatda ler näme diýende de älemleri Ýaradan kimi has gowy edip Ýaradan bolsa Şolam iñ gowydyr. gowy bolmagynda galar. geçeýin-geçireýin diýip öñüne geçip-gećirip bolmaz.
Balary
03 авг 2022, 18:54
*ataisttler-
yazylmandyr yokarda
noname
03 авг 2022, 19:58
Hudaýyñ ogly bolmaya. Ol dogulan hemem doguran daldir. Soñ huday boljakmyş onda iki sany huday bolyada
Şamuhammet
04 авг 2022, 09:42
Hristianlaryň ynanjyna hormat goýýaryn. Ýöne @Yklym, sen şu aşakdaky linke geçip şol mowzugy okap gör.

http://biz.islenen.ru/19572-barnabasy-injilinden-bolek-isa-pygamberi-haja-cuylenmandigi-hakynda.html