Öýdaki tejribehana#gyzyklandyryjy tejribeler

Himiýa ylmy örän gyzyklylygy bilen uly ýaşlylary we çagalary özüne çekýär. Çylşyrymly bolmadyk himiki tejribeler esasynda çagany gyzyklandyryp, onda himiýa ylmyna höwesi oýarmak bolýar. Şeýle hem olar çagalara himiki synaglary geçirmegiň howpsuzlyk düzgünlerini hem-de tejribehanada elementler bilen işlemegiň tertibini öwretmäge ýardam edýär. Käbir himiki synaglar geçirilende ýylylyk ýa-da ýiti ysly uçujy birleşmeler bölünip çykýar. Olaryň arasynda zäherlileri hem bardyr.

Bu makalada çaga bilen ýönekeý himiki tejribeleriň öý şertlerinde geçirilişi hakynda gürrüň ederis.

Göze görünmeýän syýa

Tejribe üçin limon şiresi ýa-da limon kislotasynyň ergini, süýt, nahar sodasynyň ergini, şekeriň güýçli ergini gerekdir. Ujy ýiti agaç taýajyk, çotgajyk ýa-da ujy reňksiz syýa bilen islendik arassa kagyzyň ýüzüne bir söz ýazyň. Göze görünmeýän şol sözi okamak üçin kagyzy gyzdyryň. Ony ütügi iň ýokary temperaturada goýup gyzdyrmak has howpsuzdyr. Şeýle-de kagyzy ýanyp duran şemiň gyzgynyna tutmak maslahat berilýär. Gyzgynlyk astynda organiki birleşmeler — beloklar, kislotalar, uglewodlar azalýar we kagyzyň ýüzünde harplar peýda bolýar.

Bulgurdaky älemgoşar

Birmeňzeş bulgurlaryň 4-sine üç nahar çemçesi suw we her bir bulgura reňk beriji serişdäniň dürli görnüşiniň birnäçe damjasyny guýmaly. Birinji bulgura bir nahar çemçesi, ikinji bulgura iki, beýlekilere hem artýan tertipde şeker goşmaly.

Soňra bäşinji bulgura biraz suw guýup, onuň üstünden beýleki bulgurdaky suwuklyklary seresaplylyk bilen guýmalydyr. Ilki birinji, soňra ikinji, üçünji we dördünji bulgurdaky suwuklygy goşmaly. Bulgurlara dürli mukdarda şeker goşulansoň, olardaky suwuklyklaryň goýulygy hem dürli-dürlüdir. Şol sebäpli-de olar özara birleşmän, bir bulgurda dürli reňkli älemgoşar döredýär.



Hammam üçin ýasama köpürjikler

Bu diňe bir gyzykly tejribe däl-de, öz eliň bilen ýasalan sowgatdyr. Ony ýasamak üçin 300 gramm nahar sodasy, 150 gramm limon kislotasy, 5 ml ösümlik ýagy, biraz efir ýagy we reňk berijiler gerekdir.

Ähli gerekli serişdeleri garyşdyryp alnan ergini keks üçin ulanylýan silikon gurluşlara we çaganyň çäge oýnaýan oýunjagynyň galybyna guýmaly. Wagtyň geçmegi bilen ergin guraýar. Ony ýuwaşlyk bilen galypdan aýryp, gyzgyn suwly hammamyň içine atmaly. Şonda gyzgyn suw bilen nahar duzunyň we limon kislotasynyň täsirleşmä girmegi esasynda suwdan köpürjikler bölünip çykar. Ergine goşulan ösümlik we efir ýagy bolsa köpürjiklere ýakymly ys berer.



Gyzgyn buz

Aslyýetinde, bu tejribäniň esasynda buz däl-de, kristaljyklar emele gelýär. Tejribäni geçirmek üçin 80 göterimli uksus kislotasynyň ýarym litri we 440 gramm nahar sodasy gerekdir. Olaryň garylmagy bilen suwuklygyň güýçli köpürjiklejekdigi sebäpli, uksusy ýuwaş-ýuwaşdan goşmalydyr. Nahar sodasynyň uksusa doly garyşmagy bilen köpürjikleme bes eder we natriý asetaty emele geler.

Ergine ýarym bulgur suw goşup, reňksiz suwuklyk emele gelýänçä, ýarym sagat gaýnatmalydyr. Soňra ony otag temperaturasyna çenli sowatmalydyr. Suwuklyk sowandan soň oňa agaç taýajygy batyrmaly. Onuň ýüzünde gyzgyn buz görnüşli kristaljyklar peýda bolar.

Iň sabyrlylar üçin:kristallary ösdürmek

Bu himiki synagy tejribehanada geçirmek zerur däldir. Onuň üçin gerekli serişdeleri tapmak kynçylyk döretmeýär. Kristallary ösdürmek üçin adaty ýa-da deňiz duzundan, şekerden ýa-da kwarsdan peýdalanmak bolar. Taýýarlanylan kristallary iýip hem bolar.

Munuň üçin size şular gerekdir:

Ergini taýýarlamak üçin gap;
Kristallary dörediji maddalar;
Distilirlenen ýa-da arassalanan ýyly suw;
Sapak ýa-da sim;
Buzgaýmagyň taýajygy ýa-da galam;
Ergin üçin niýetlenilen gaby örtmek üçin kagyz.
Ilki bilen kristallaryň ösmegi üçin esas emele getirmelidir. Munuň üçin ýyly suwa ýuwaş-ýuwaşdan duz goşmagy ol tä eremegini bes edýänçä ýa-da bulguryň düýbüne çökýänçä dowam edip, güýçli duzly ergini taýýarlamalydyr. Ergini bir gije-gündiz goýmalydyr. Bu wagtyň dowamynda gabyň içinde kristallar emele geler. Olaryň içinden iň ulusyny saýlap, ony ösdürip ýetişdirmek üçin esas hökmünde ulanmalydyr.

Soňra başga bir gap alyp, oňa duzly ergini ýaýratmaly we owunjak bölejiklerden, tozandan hem-de beýleki zibilden arassalamaly. Olar kristallaryň ösmegine päsgel berýär.

Saýlanyp alnan uly kristal bölejigini sapaga ýa-da bal simjagazyna berkidip, ony duzly ergine batyrmaly. Sapagyň ikinji ujuny bolsa buzgaýmagyň taýajygyna ýa-da galama birikdirip, gabyň ýokarsynda goýmaly. Gabyň agzyny kabyz bilen ýapmalydyr. Bu onuň bugarmagyny we oňa tozan bölejikleriniňdir owunjak zibilleriň gaçmagyny azaldýar.



Ösüp barýan kristally bulgury hemişe bir temperaturany saklaýan ýere geçirmelidir we ony çaýkanmazlygy üçin juda zerur bolmasa gozgamaly däldir. Bulguryň diwarlarynda kristaljyklar peýda bolup başlanda ony ýene-de süzmek gerekdir. Wagtyň geçmegi bilen bulgurdaky suw bugarar. Şunlukda, onuň üstüni ýokarda aýdylan düzümli täze ergin bilen doldurmak gerekdir.

Şu usul bilen islendik göwrümli älemgoşary emele getirip bolar. Şekerli erginini azyk reňk berijileri bilen boýap bolar.
3 лайков 168 просмотров
4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Biohimik
Автор 30 июн 2022, 20:34
Bu mowzuk cagalar ucindal uly adamlar ucin hem gyzykly bolar dp paylasdym
Telwas
30 июн 2022, 21:07
Himiýa degişli maglumat bolsa paýlaşybergin.
Harmony
30 июн 2022, 22:11
Çaga wagtym köp dümtünýädim. Ýöne men daşardaky her dürli otjagazlardan, güljagazlardan, ýaprajyklardan garym-gatym edip, üstüne tapan-tupan ýagymy, suwumy goşuşdyryp, tipa zelýajyk ýasan bolýadym.
Aýnur
30 июн 2022, 23:30
Gowy edipsiň paýlaşyp, ýene paýlaşyp dur Biohimik brawo