Söýgi hakda oýlanma

Ynsanyň ähli duýgylarynyň içinde söýgi iň ýokary, tolgundyryjy, pozitiw, güýçli duýgydyr. Söýgi hakynda gadymy döwürden häzirki güne çenli aýdylan sözler kän. Her bir adam hem söýgi hakynda oýlanyp , oňa düşünesi gelýär, ony kesgitläsi gelýär, bagtly söýgini özi hem başdan geçirmek isleýär. Ýaş juwanlar oňa jahyllyk gyzgyny bilen, örän elendiriji, käwagtlarda heýjana getirýän güýçli başdan geçirme ýaly edip seretse, uly ýaşly adamlar söýgä has paýhasly , has çuň many bilen seredýär. Söýgä nähili baha berilse-de, adamyň durmuşynda söýgi örän ýokary orun tutýar, iň esasy – bu adamyň kalbynyň söýgä ukyply bolmagydyr. Lew Tolstoý “Söýgi- bu ynsanyň ýeke-täk pähimli işi’ diýip belleýär” Biz diňe aýal we erkek adamyň arasyndaky söýgini göz öňüne tutsak bu söýgi temasyny örän çäklendirenimiz bolýar, söýgi özüniň köpdürli görnüşleri bilen ölçegsiz giňdir. Dante aýtmagyna görä “ söýgi Güni we beýleki ýyldyzlary herekete getirýär”.

Biziň ruhy dünýämiz dürli söýgi joşgunlaryna sahy. Söýgi netijesinde döreýän isleg, arzuw, erkli hereketler, pikirler – bularyň barysy söýginiň subutlary bolup durýar, emma olara “ine bu söýgi” diýip bolmaýar .

Söýgi we arzuw. Söýgi we isleg-arzuwyň arasynda köp umumy sypatlar bar, hakykatdan-da yşk we isleg dörände ynsan kalbynda güýçli tolgunma başlanýar. Şeýle aýdanda isleg – bu öz islegine eýe bolmak, ony öz durmuşyň bir bölegine öwürmegi maksat edýär, şonuň üçin hem isleg kanagatlanandan soňra isleg ölýär , adam köşeşýär. Söýgide weli beýle däl, ýagny söýgi – bu hemişe dowam edýän zerurlyk, ýetmezlik. Yşk joşgunyň täsiri bilen ynsan öz mümkinçilikleriniň hem daşyna çykyp has işjeň bolýar, ol şo tükeniksiz zerurlygy üçin hereketi dowam edýär. Netijede söýgi kämilleşip, özüniň has ýokary , kämil basgançaklaryna geçýär. Bu Allanyň we tebigatyň adamy kämilleşdirmek üçin iň gowy peşgeşleriniň biri.

Söýgi we aşyklyk. Köp adamlar öz ömründe köp sanly söýgini başdan geçirdim diýip pikir edýärler. Ynsan ýüregine , aýratynam jahyl döwri aşyk bolmak mahsus. Aşyklyk – bu kalbyň güýçli emosional ýagdaýy bolup, aşygyň bar pikir- hyýaly öz magşugynda bolýar, oňa dünýädäki magşugyna degişli däl , başga bolup geçýän wakalar, duýgular gyzykly däl. Bu ýagdaý aşygyň dünýägaraýşyny örän çäklendirip daraldýar, söýgide bolsa adam kalby ösýär , gözelleşýär. Aşyklyk bu haýsydyr bir adama aşyk bolmagy, ony çenden aşa halamagy. Aşyklykda çendenaşa gyzyklanma döräp, duýgular ýitileşip öte geçýär, bolşundan beter görünýär. Netijede şo sebäpli gabanjaňlyk, tutgaýlyk, gaharjaňlyk mejnunlyk ýaly duýgular hem ýüze çykýar. Aşyk bolan adam başga bir has güýçliräk täsire sezewar edilse, onuň aşyk bolan obýekti üýtgeýär, ýagny ol başga adama täzeden aşyk bolýar. Elbetde , aşyklygyň özi köplenç söýginiň joşgunly basgançagy bolup durýar , onuň yzyndan bolsa çensiz çuň we köptaraply , hakyky ynsan duýgusy döreýär. Söýgi hemişede şeýle hyjuwly “ aşyklyk” tapgyryndan geçýär. Emma her bir aşyklyk söýgä hemişe getirmeýän wagtlary köp. Şonuň üçin aşyklyk we söýgi wagt we aýralyk synagyndan geçirilýär.

Söýgi diýmegiň özi näme? Ilki bilen bu- adamyň diňe özi üçin däl, öz söýýän adamy üçin ýaşamaga bolan höwesi. Söýgi – bu haçanda ynsan kalby näziklikden, mähirden, bagtdan püre-pür bolup , bu duýgulary söz bilen beýan edip bolmaýan, diňe gözler bilen , haýsydyr bir näzik hereketler bilen duýduryp bolýan ýagdaý. Bu ýagdaý iki ynsanyň arasynda ýyldyrym , uçgun döräp, olary biri-birine dartýan ýagdaýdyr, şo sebäpli bu adamlar söýginiň sähelçe ünsine ýada parhsyzlygyny örän ýiti kabul edýärler, olar öz söýgisini hemişe görmek, onuň şatlyk-gaýgylaryny hemişe bilmek, olar hakynda alada etmek, biri-birine hemişe kömek bermek islegleri gurşap alýar. Söýgide bulutly howa we ýagmyr hem öz söýgülisiniň ýanynda şatlyk getirýär, zemin hem adama dürli reňk öwüsýär, guşlaryň sesi adama aýdym-saz bolup eşidilýär. Söýýän adam diňe gowylyk edesi gelýär, bagt paýlasy gelýär. Söýgüde hiç haçan sözler köp bolmaýar, söýüp-söýülýän adam kalbyndan çykýan söýgi sözlerini hemişe diňläsi gelýär. Söýüşýänleriň biri-biri bilen bir bütewi jan-ten bolmagy söýgi duýgularyň çürbaşy bolup, söýginiň apofeozy bolýar. Bagta ýeten adam örän işjeň, daşky gurşawyň ähli energetikasyny özüne jemläp, özi hem täze güýç çykarýan ýalydyr, elbetde bu ýagdaý onuň durmuş ylham çeşmesi- söýgisiniň ýanynda bolanda ýüze çykýar. Gynansagam, şeýle bagtly joşgunly ýagdaýy hemişe saklap bolmaýar , şonuň üçin hem söýgi özüniň ýiti yşykly lowurdamalary bilen ýatda saklanýar. Söýgi özüniň täze basgançagyna, hormat-muhabbet, ynama geçýär. Söýgi hemişe hem iki ynsanyň içgin, gizlin syry bolmalydyr, söýgi bagty jar edilende söýgi ejir çekýär, söýgi pynhan saklap goralmalydyr. Türkmen halkymyz her bir işe, her bir gowylyga “ gözden-dilden saklasyn” diýip ýöne ýere aýtmandyr.

Ykballar birleşende söýgi maşgalanyň ygtybarly daýanjy, berk esasy bolup geljekde bagtly durmuşyň girewi bolýar. Biziň ajap eýýamymyzda goý her bir adam öz söýgisini tapsyn, ony gorap bagta ýetsin!!!
3 лайков 130 просмотров
4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
bizem birvagt soyup gorduk
emma...
Sabrina
Автор 03 июл 2022, 14:10
janulia_mmm,
Emma näme?!
Ejegyz.
03 июл 2022, 15:12
_MarS_,
Gowy mowzuk.Ýetirip duruň.
Sabrina
Автор 03 июл 2022, 16:02
Ejegyz,
Okanyňyz üçin sag boluň!
Elbetde