Bular Türkmenmi ?

Salam agzalar. Jelaleddin Meñburun, Nedir şa, garajaoglan ýaly taryhşynaslar Türkmenmi yada Türkmi ? Jelaleddine özbekler biziñki diýýar. Yada garajaoglan Türk, yöne okuw kitaplarda Türkmen diyip okapdyk. Nedir şa eyranly diýýärler. Bu kişileri paylaşyp bilenoklar. 5000 ýyllyk taryhymyzyñ ýokdugyny hemme bilýandirle indi. Haýsy maglumat dogruka ? Türkmen taryhyna degişli haýsy kişiler yene paylaşylyp bilenok ? Haýsy Türkmendir öydülýär ? Eger bilseñiz aýdaýyñ. Ýöne tarapsyz aýdaýyñ. Her yerden toplan maglumatlaryñyz gerek däl. Bilýaniñiz aydaýyñ.
1 лайков 374 просмотров
22комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Гость
02 июл 2022, 21:05
Toçno kim bilsin muny,ölüp giden hemmesem. Tembol irki döwrüň adamlary. Özüňem " Her ýerden toplan maglumatlaryňyz gerek däl" diýipsiň. Her ýerden toplanan maglumtlar esasynda tanaýas gadymky şahsyýetleri asylam.
Suleyman
02 июл 2022, 21:19
Gowy tema. Giň tema
Bahara
Автор 02 июл 2022, 21:30
Гость,
Siz düşünmediñiz. Her yerden toplanan maglumatlar esasynda tanamzok. Kabirleri anyk. Turkmen taryhy bolsa anyk dal. Taryhçy azlygyndanmy namemi. Bilýan bolsañyz aýdyñ. Bilmeseñiz başga teswir ýazmaýyñ
Pegas
02 июл 2022, 21:35
Taryhşynas - taryhy öwrenýän alym) Bular taryhy şahsyýetler bolýar. Jelaleddin köneürgençli türkmenlerden. Nedir şa - awşar türkmenlerinden.
#B.S
02 июл 2022, 21:46
taryhy dine gazananlar yazyar. shonyn ucinin nabelli zatlara uns bermek gerekdal geljegem mohum dal dine hazirki pursat mohum. kop sagbolun! pont
#B.S
02 июл 2022, 21:57
Utanjyňyz bolmasa isläniňizi ediň...
Suleyman
02 июл 2022, 21:58
Garajaoglanam türkmen. Muny etnograflarymyz, golýazmalar institutynyň ylmy işgärleri subut etdiler. Goşgularynda özüniň we kakasynyň türkmenligine yşarat edip geçýän ýerleri bar. Gadymy türkmen topraklaryna baran, gören ýerleri hakynda şygyrlarynda belläp geçýär.
Ol wagt türki döwletler umumy bir territoriýada oturýardylar. Ol döwletden, ol döwlete geçeňde post, wiza diýlen zat ýok. Bir ýere baranyňda şäheriň dälde, milletiň soralýan döwürleri...

Şonuň üçin Garajaoglanyň nirde ýaşanlygy möhüm dälde, esasy bärde aslynyň, milletiniň Türkmenligi. Goý ol Azerbeýjanda ýaşan bolsun, ýaşlygy Täjigistanda geçen bolsun.. Barybir Türkmen.

Häzirem kän-ä. Bärde dogulyp, ýurtdan gidenine 20-30 ýyl bolan.
Aksary
02 июл 2022, 22:39
Hawa.gowy tema
"Geçmişin unudan geljeginden mahrumdyr."
Resul
02 июл 2022, 22:39
Jelaleddin Meňburun - ol horasanda dogulyp Horezmşalar-Anuşteginliler dowletiniň patyşasy. (Ol taryhda tagta oturmadyk patyşa bolup hem bilinýär.) Onuň atasy Muhammet şa bolup onuň asly baryp Beýik Seljuklylar döwletinde Mälik şanyň hyzmatynda işlän Anuştegine çenli ýetýär. Anuştegin onuň hem asly türkmen bolupdyr. Aslynda Türkler Seljukly Döwletine hem türk döwleti diýseler hem bu nädogrydyr. Sebäbi Seljuklylaryň nesli baryp Türkmenistanyň çäklerinde ýaşapdyrlar. Soňra Soltan Alp Arslanyň döwründe Şam, Anadoly töwerekleri eýelenip ol ýerlerde türkmenler ýaýraýarlar. Beýik Seljukly döwleti ýykylandan soň hem ol ýerde Anadolyda Anadoly Seljukly döwleti uzak wagt aýakda galmaga dowam edýär Anadoly Seljukly döwletiniň mongollar tarapyndan ýykylmagyndan soňra Horasandaky, Horezmdäki türkmenler bilen Anadolydaky türkmen aýra düşýär. Şeýlelikde Osmanly döwletiniň döremegi bilen hem anadolydaky türkmenler özlerini türkler diýip atlandyryp başlaýar. Şonuň üçinem häzirki türklerem aslynda TÜRKMEN.
Resul
02 июл 2022, 22:41
Garajoglanam Türkmenistanyň häzirki Balkan welaýatynyň çäginde ýaşap geçip soňra üslerine mongollaryň çozmagy netijesinde Anadoly topraklaryna göçüp gitmäge mejbur bolupdyr. Garajaoglan öz goşgularynda hem dogduk mekanyny ýatlapdyr.
Gauzen
02 июл 2022, 23:02
ResulT,
Şeýlelikde Osmanly döwletiniň döremegi bilen hem anadolydaky türkmenler özlerini türkler diýip atlandyryp başlaýar. Şonuň üçinem häzirki türklerem aslynda TÜRKMEN.

Şuny türklere aýdyp ber, gör bakaly onsaň. "TÜRKMEN" - " türk" we " men" ýagny men "TÜRK" diýmek ...
Gauzen
02 июл 2022, 23:03
Gauzen
ResulT,
Şeýlelikde Osmanly döwletiniň döremegi bilen hem anadolydaky türkmenler özlerini türkler diýip atlandyryp başlaýar. Şonuň üçinem häzirki türklerem aslynda TÜRKMEN.

Şuny türklere aýdyp ber, gör bakaly onsaň. "TÜRKMEN" - " türk" we " men" ýagny men "TÜRK" diýmek ...

Bu meň şahsy pikirim (ýalňyş bolsa ýepbekläp oturmaň :D)
Pegas
02 июл 2022, 23:39
Gauzen
ResulT,
Şeýlelikde Osmanly döwletiniň döremegi bilen hem anadolydaky türkmenler özlerini türkler diýip atlandyryp başlaýar. Şonuň üçinem häzirki türklerem aslynda TÜRKMEN.

Şuny türklere aýdyp ber, gör bakaly onsaň. "TÜRKMEN" - " türk" we " men" ýagny men "TÜRK" diýmek ...

"Türkmen" sözi "Tir" we "keman" sözlerinden ýasalan.
Ötegçi
02 июл 2022, 23:43
"Türkmen" sözi "Tir" we "keman" sözlerinden ýasalan.

Menem şuña ynanýan. Ýöne türklere türkçe gürlap düşindirip bilemok.
#B.S
02 июл 2022, 23:44
Pegas,
Tir keman
Turk manend
Turk iman
Turk men
Tuko man
Haysy dogryka bularyn? )
Izma
03 июл 2022, 00:17
Her hili sorag baraý toba. Soragdakylar-a original türkmenler-le wln soragy bereniň özi türkmen pasport göterip ýören pylanynjy nesil immigrant toçno.
Maksat
03 июл 2022, 00:23
Türkmeniň Türkdigine ynanýaryn. Türkmen diýmegiň özi, yzyndaky "men" goşulmasy "Türkiň özi", "Türkleriň Türki" diýmäni aňladýar. Nähilem bolsa, many başga bolup biler, ýöne Türkmen Türkdir. Türk-i imana görä-de, "Imanly Türk" diýmek.
Maksat
03 июл 2022, 00:31
iKONic,
Türkmen taryhynda original zat barmy?! :) Ýoýulyp-ýoýulyp dawno pahyr boldy taryhymyz...
Bahara
Автор 03 июл 2022, 02:24
iKONic,
Sen yaly taryhyny bilmeyan adamlarymyz sebapli yurdumyz seyle. Mana artykmac gurleme tema jogap bersen ber. Sen yaly taryhy bilmeyan donuk bolmasam bolyar sen yalylardan maslahat alyalar yaslar sen gaty sumukli yasulylarny dinlaber gokdepe ursuna bizi gunakarleyan
Bahara
Автор 03 июл 2022, 02:25
Dark_Wolf,
Hemedany,
Khanture,
Aksary,
Pegas,
ResulT,
Gauzen,
Ötegçi,
Keaip_begcon,
Minnetdar hemmejäñize sagbolyñ
Izma
03 июл 2022, 07:26
Bahar_Seyimowa,
Agyryly ýeriňden basypdyryn. Aýdanlarym dogrudyr jabjynýansyň.
Izma
03 июл 2022, 07:28
Keaip_begcon,
Dewid Greber ýoýulmadyk taryh ýok diýýä.