Disney Mikki Mausa bolan bolan hukuklaryny ýitirdi

Güýmenje pudagynda iň uly kompaniýalaryň biri bolan Disney ýakynda Mikki Maus üçin eksklýuziw hukuklardan mahrum bolar. 2024-nji ýylda ABŞ-da bu çeper eser üçin awtorlyk hukuklarynyň hereket ediş möhleti tamamlanýar.

Syçanjyk käbir beýleki multfilm gahrymanlary ýaly brendiň bir bölegine öwrüldi. 2024-nji ýylda Mikki Maus jemgyýetçilik emlägi bolar.
Animasiýa gahrymany 1928-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda döredildi. Ol ilkinji gezek “Williniň gämisi” atly ak-gara multfilmde peýda boldy.
1998-nji ýylda ABŞ-da eseriň jemgyýetçilik emlägine geçiş senesini doňduran kanun kabul edildi. Ol resmi däl ýagdaýda “Mikki Mausy goramak barada kanun” diýlip atlandyryldy.
Bu kanuna laýyklykda, awtorlyk hukugynyň güýji awtoryň ömrüniň dowamynda we ol aradan çykandan soň ýene 70 ýyl saklanýar. 1976-njy ýyldaky öňki kanun eseri döredijiniň ölüminden 50 ýyl geçensoň eksklýuziw hukuklary ýatyrýardy. Kompaniýa üçin döredilen işler bilen bagly ýagdaýda, bu görkeziji eser döredilenden soň 75 ýyldan 120 ýyla ýa-da köpçülige hödürlenenden soň 95 ýyla çenli artdyryldy.
Şeýlelikde, Mikki Maus üçin awtorlyk hukuklary 2024-nji ýyla çenli uzaldyldy.

Haladynmy like teswir ýazmagy unutma
2 лайков 115 просмотров
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Harmony
06 июл 2022, 01:13
Waheý :(
Гость
06 июл 2022, 09:58
Hiçlaý, oňa çenli multik görmämi goýýana wsýo rawno (ulalýan diýjek bolýanda karoçi)