Täze Hummer edinmek üçin indi 17 ýyllap nobata durmaly bolar

Täze GMC Hummer EV wnedorožnigini edinmek üçin häzirki wagtda 17 ýyl töweregi nobata durmaly: Wall Street Journal neşiriniň habar bermegine görä, önümçiliginiň häzirki göwrüminde ähli alnan sargytlary ýerine ýetirmek üçin, GM konsernine hut şonça ýyl gerek bolar.

2022-nji ýylyň iýulyndaky ýagdaýa görä, GM-nyň dilerleri Hummer EV üçin 77 müň sargyt aldylar, emma kompaniýa welin, gije-gündiziň dowamynda bary-ýogy 12 awtoulag goýberýär, görnüşi ýaly, bu islegi kanagatlandyrmak üçin ýeterlik däl. Önümçiligiň göwrüminiň şeýle ujypsyzlygy bu ulag üçin niýetlenen elektron şaý toplumlarynyň we akkumulýatorlaryň ýetmezçiligi bilen baglydyr (Hummer EV-e LG-iň işläp taýýarlan batareýalary goýulýar).
Gaýtadan dikeldilen "Hummeriň" ilkinji görkezilişiniň 2021-nji ýylda geçendigini, üstesine, täze modeliň elektromobil hasaplanýandygyny ýatlalyň. Onuň top wersiýasy kuwwaty 1000 at güýjüne deň bolan üç hereketlendiriji bilen üpjün edilendir.
Akkumulýatorlary bir gezek berlen zarýad bilen 550 km töweregi ýol geçip bilýär.


@TmCars.info
2 лайков 121 просмотров
3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Гость
06 июл 2022, 14:32
Haýý blää... Indi 17 ýyl garaşmalymy men?!
Gauzen
Автор 06 июл 2022, 15:01
Гость
Haýý blää... Indi 17 ýyl garaşmalymy men?!

Oňa çenli puluny jemlärsiňdä hitry
DonMaxx
07 июл 2022, 01:33
menka yetip gelya