Huawei”-iň ikinji ulagy

Esasy Dünýä täzelikleri

“Huawei”-iň ikinji ulagy
2022-04-1820
Aragatnaşyk enjamlaryny öndürýän “Huawei” kompaniýasynyň gibrid görnüşli täze ulagyny taýýarlaýandygy habar berildi. “Huawei” bilelikde awtoulag öndürmek üçin “Chongqing Jinkang New Energy Automobile” şereketi bilen “Aito” brendini döredipdi. Bilelikdäki kärhana “Seres” ady bilen awtoulag öndürmek maksady bilen esaslandyryldy. Kompaniýanyň “AITO M5” ady bilen öndürilen ilkinji elektroulaglary Hytaýda ýokary islegden peýdalanypdy. Indi bolsa kompaniýa täze ulagy işläp taýýarlaýar. Täze ulagyň “AITO M5”-den uly – alty ýolagçy orunlyk boljakdygy aýdylýar. SUV klasyna degişli bolan ulag häzirki modeli meňzeş bolar. Bu ulagyň öň tarapynda uly howa çekiji deşikler, üçeginde uzaboýuna gidýän çyzyk, aerodinamik şekilli ýarymdury çyralar bilen bezelipdir. Ulagyň umumy agramy 2340 kilograma, uzynlygy 5020 millimetr, ini 1945 millimetr we beýikligi 1775 millimetr bolar. Elektrik energiýasy hem-de adaty ýangyç bilen işleýän ulag 100 kilometr ýolda 1 litrden sähel gowrak ýangyç sarp eder. Ulagyň şu ýylyň dowamynda tanyşdyrylmagyna garaşylýar. “AITO M5” ulagynyň içki multimediýa ulgamy “Huawei” kompaniýasynyň “HarmonyOS” amaly ulgamy bilen üpjün edilen.
2 лайков 115 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
DonMaxx
24 апр 2022, 12:34
Wolkswagen Tuareg a menzes eken