Goşgy

Señ dokuzuñ düzüw,
Ýurdyñ abat,
Bahana tapañok närzaçylyga.
Durmuşyň akymy,
Işleñde amat
Seni melul edip,
Barýar gowluga.

Sen
Kän zada barha ýakynlaşýarsyñ,
( Ýöne,
Ýeke zatdan daşlaşyp barýañ)
Gymmat bahalydyr alýan zatlaryñ,
Itiñ ýalagyna bal guýup berýäñ.

Çagalañ hemişe şokalad iýýär,
Durşuna al-ýaşyl zir-zibilhanañ.
...Goñşyñ bir azajyk karz soraýar?
Belent başy aşak,
Gursakda arman.

Sen
Birbada belli jogap bereñok,
Sen dymýarsyñ,
Belki, buda bir hasap.
Keýp edýärsiñ didiwana mündürip,
Mätäç kişä berip ruhy azap.

Mätäç kişi bolsa içinden aglap,
Sandyrap
Ýüregniñ urgysy bilen,
Bara-bara ýere siñişip barýar
Mertebäñ
Galyñlyk
Ülñüsi
Bilen.

Sen!
Henizem belli bir söz aýdañok,
Otyrsyñ
Agzyña suw alan ýaly.
Ahyr
Gedemligiñ añry çäginde,
Taşlaýañ öñüne bir gysym puly.

Goñşyñ turup gidýär agyr ýük alyp,
Gerdene däl-
Ýüregüne, göwnüne.
Şokalad däl,
Eýsem, bir döwüm çörek
Görünip dur çagalarnyñ gözüne.

Basgançak-
Basgançak
Merdiwan
Bilen,
Sen!
Päsgelsiz barha ýokary galýañ.
Adamy adama ýakynlaşdyrýan
Adamkärçilikden daşlaşyp barýañ.

1987ý.

Şyhymyrat Abdyllaýew.
2 лайков 137 просмотров
4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Chelsea
Автор 24 апр 2022, 07:46
TAPYŞYK

Goşun bölüminden Enäň adyna,
Habar geldi: “Ogluň dereksiz ýitdi..!"
Ene diýdi: “O nähili dereksiz?
Gidend-ä ol derek tutjak ýigitdi!..”

Ötdi urşuň gutaranna ençe ýyl,
Derek tapylmady oglundan onuň.
Garaşdy ogluna Ene şonça ýyl..
Bir gün ýola saldy bir körpe oglun

Nowbaharyň söweş guran ýerlerne,
Hem garaşdy derek bilip gelerne.

Aýlandy inisi gözläp agasyn,
Berýozalaň, sosnalaryň arasyn,
Agasyndan ýaşy uly inisi,
Köp ýer gezdi,
Sökdi ili-ulusy.

Ýekän-ýekän barlap gubur arasyn,
Idäp
ahyr…
zordan tapdy agasyn –
Doganlyk mazardan tapdy agasyn..
Tapdy…
Indi begensinmi?
Aglasyn?!

Kasym NURBADOW.
Cicek
24 апр 2022, 10:53
Gyw sen nire, gosgy nire dalii
Maksat
24 апр 2022, 14:35
Gaty biderek logika-da. Nirden getirýärsiňiz şu bolgusyz mysallardyr ahlak pikirleri ? Kömek etjegiňe degýän adak galdymy diýsene. Iň aşakdaky adamam sähel ýüz berseň pyçaklajak bolup dur.
Mümkin
24 апр 2022, 15:23
Keaip_begcon,
Kim pyçaklajak bolýar?