Dünýädäki geň-taňsy wakalar /1

ASMANDA TUTULAN TOÝ 

Çehoslowakiýanyň awia ýollarynyň taryhynda ilkinji gezek Pragadan Ispaniýanyň Malorka adasyndaky Palma şäherine barýan samolýotyň bortunda toý tutuldy. Bu ýerde är-aýallyk barada iki jübüt ylalaşyga geldi. 
Milan Zelinka, Waslaw Modelskiý, Ýana Blajkowa we Renita Dworžakowa dagy «Kristal tur» diýen firmanyň arada durmagy bilen özleriniň zähmet rugsady döwründe Malorka barýarkalar «IL-62» samolýotynyň palubasyna öýlenjek ýigitler we gelinlikler hökmünde aýak basdylar, samolýotdan çykanlarynda bolsa är-aýallar bolup çykdylar. Öýlenýänleriň toýy Monblanyň asmanynyň on müň kilometrlik belentliginde tutulan hem bolsa, edil ýerde bolýan toýlardaky ýaly, ähli däp-dessurlar berjaý edildi. Toý dabaraly bolup, nika ýüzük geýdirmek, ogşaşmak we sowgat gowşurmak ýaly dessurlar berjaý edildi. 

ÇILIMKEŞLIGIŇ GARŞYSYNA 

Fransiýanyň «Fabr» derman öndürýän firmasy çilimkeşlere ýaramsyz endiklerden el çekmeklerine mümkinçilik berýän usuly oýlap tapdylar. Çilimkeşligiň garşysyna göreşmek boýunça serişde burç çalnan kagyzy (meýdany 20 kwadrat santimetr we ondanam az bolan) ýadyňa salýar. Oňa nikatin çalnyp, adamyň endamyna ýelmenilýär. Kagyzdaky awy bir gije-gündiziň dowamynda çilim çekýäniň tenine siňýär. Netijede çilimkeşiň ýaramaz endigi – sigaret sormaga bolan höwes ýok edilýär. Eger-de ol muňa çydam edip bilmese we çilim çekse, onda ol özüni edil iki guty ajy sigareti birbada çeken ýaly duýýar. 
Bejeriş möhleti alty aýa niýetlenendir. Ýelmenýän kagyzlaryň möçberi her gezek öňkä garanyňda kiçi bolmalydyr. Bejerişiň bahasy çilime edilýän harajada deň bolýar. Çünki gündeki ýelmenýän kagyzyň gymmaty bir guty sigaretiň bahasyna deňdir. 

ÝALANÇYLARYŇ KONKURSY 

Şeýle konkursy geçirmek özüniň gözbaşyny uzaklar dan alyp gaýdýar. Baryp XVIII asyryň başynda kiçijik Monkrabo diýen obajykda hekaýatçylaryň jemgyýeti döredilipdir. Onuň agzalary bir ýere ýygnanyşyp, gyş aýlarynyň uzak gijelerini gysgaltmak niýeti bilen bir birlerine gyzykly hekaýatlar aýdyp beripdirler. Frans Press agentliginiň degişme bilen belleýşi ýaly, ýalan bütin Monkraboda uly abraýa eýe bolupdyr. Hekaýatçylaryň döreden jemgyýeti soňra akademiýa öwrülýär. Bu ýerde ýalançylar diňe bir Fransiýanyň özünde däl, eýsem beýleki ýerlerde-de meşhurlyk gazanypdyr. Häzirki wagtda bolsa «ýalançylaryň şasy» diýen ady almak üçin bäsdeşlige beýleki ýurtlaryň wekilleri hem gatnaşýarlar. 1990-njy ýylda bu bäsdeşlikde belgiýaly Marsel Merse ýeňiş gazandy. Žýuriniň agzalarynyň bäsleşýänler üçin ses berşi-de beýlekileriňki ýaly däl. Onuň her bir agzasy ol ýa-da beýleki çykyş edýän üçin ýörite gaba duz taşlaýar. Bäsdeşlikde kimiň ýeňiji bolandygy şol duzuň agramy bilen ölçenilýär. 1991-nji ýylda geçirilen bäsdeşlikde O.Bune üçin 1,4 kilogram duz taşlanypdyr. Ikinji ýere mynasyp bolan üçin bolsa, onuňka seredeniňde 200 gram duz az taşlanypdyr. 

ÝAGYŞ GEREKMI, BAŞ ÜSTÜNE! 

Merkezi AfrIkanyŇ Bamberi şäherinde 49 ýaşly Niono Ataşe diýen adam ýaşaýar. Ol ilat arasynda ýagyş ýagdyryjy lakamy bilen tanalýar. Ähli ýerde bolşy ýaly, onuň ýaşaýan ýerinde-de mydama ýagyş ýagyp duranok. Ýöne N.Ataşe zerurlygy çykan wagty ýagyş ýagdyrmagy başarýar. Eger ýagşyň ýagmagy zyýanly wagtynda bolsa ol bulutlary ýagyş ýagdyrman dargadyp goýberýär. Onuň hiç hili dogadyr beýleki zatlary okamaýandygyny aýdýarlar. Ýagyş ýagdyrjak wagtynda N.Ataşe açyk asmana ep-esli wagtlap seredip durýarmyş. Ýöne şol bir wagtyň özünde ol wagtal-wagtal kellesini iki tarapa öwürýän ekeni. Aradan 30-40 minut çemesi wagt geçenden soň ýagyş ýagmaga başlaýan ekeni. 

OGURLYGYŇ GARŞYSYNA DÖREDILEN ENJAM 

Braziliýanyň Itabuna diýen şäheriniň täzeje «Honda» maşyny ogurlan ýaşaýjysy Iýeronimus Garsianyň begenji çäksizdi. Sebäbi alyp barýan maşynynyň ýöreýşinde kemi ýokdy, onuň ýangyjy ýeterlikdi. Emma... Ilkinji togtan ýerinde oňa maşyndan çykmak başartmady. Sebäbi onuň gapylary açylmady, gulplary hem pugta ýapylypdy. Onuň aýnasyny döwüp çykmaga eden synanyşygy hem şowsuz tamamlandy, maşynyň berk aýnasy döwüler ýaly däldi. Elinde hiç hili gerekli zadyň bolmanlygy sebäpli ol bialaç maşynyň içinde oturmaly boldy. Awtomaşyndaky habar beriji radio maşynyň ogurlananlygy we nirede ýerleşýändigi barada habar berendigi üçin polisiýa Garsiany tiz tapdy. Oturdylan ol sistema maşyna keseki adam münende gapylaryny berk ýapyp, degişli ýerine signal berýän ekeni. Ogurlygyň öňüni almak maksady bilen maşynlara oturdylan täze sistema şeýle ygtybarly bolup çykdy. 
2 лайков 308 просмотров
4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Nazar
24 апр 2022, 10:55
Gyzykly.
Al birinji like menden
noname
24 апр 2022, 13:21
name 10 müñ kilometrmi? şu yeri yalñyş giden bolaymasa.
Waleryanka
24 апр 2022, 14:55
Ahally 24 şu blogyňy okap bilemokda.Diňe mende çykýamyka ownujak, düşnüksiz hat bolup?Beýleki 2- nji beýle däl.Obyçny şrift
Ahally
Автор 24 апр 2022, 17:28
Waleryanka,
indi gör hany