Buzgaymagyn taryhy

Buzgaýmagyň nirede we nädip öndürilip başlanandygy bilen gyzyklananyňda anyk jogap bolmasa-da, gyzykly maglumatlar diýseň köp. Ilkinji buzgaýmak takmynan, üç müň ýyl mundan ozal Hytaýda taýýarlanypdyr. Soňlugy bilen giňden ýaýran bu önüm dürli görnüşleri bilen köpleriň, hususan-da çagalaryň söýgüsini gazandy. Düzüminde wanil, kakao hem-de şokolad bar bolan buzgaýmagy ilkinji bolup, Portugaliýalylar we Italiýalylar oýlap tapdylar.

Sarp edilşini giňeltmek maksady bilen, onuň taýýarlanyş usullary Fransiýada we Beýik Britaniýada neşir edildi. XIX asyrda London, Pariž we Nýu-Ýork ýaly şäherlerde buzgaýmak öndürijiler köpelip başlaýar. Bu döwürde tehnologiýalardaky täze üstünlikler buzgaýmak öndürýän pudagyny has-da giňeltmäge mümkinçilik berýär.

Pudagyň güýçli depginde ösmegi XIX asyryň ikinji ýarymynda Amerikada ilkinji buzgaýmak öndürýän kärhanalaryň döredilmegi bilen başlanýar. Ilkinji buzgaýmak maşyny 1843-nji ýylda amerikaly Nensi Jonson tarapyndan oýlanyp tapylýar. Önümçilik tehnologiýasynyň ösüşi bilen bir hatarda satuw usullary ösüp başlaýar. 1922-nji ýylda iňlis kompaniýasynyň üç tigirli buzgaýmak paýlap başlamagy bilen, kinoteatrda arakesmelerde we ýol ýakasyndaky restoranlarda buzgaýmak satuwy meşhur bolup başlaýar.

Birnäçe ýyl bäri ösýän buzgaýmak tehnologiýasy we önümleriň dürlüligi 2000-nji ýyllaryň başynda şeýle bir ösdi welin, häzirki wagtda her dürli görnüşli buzgaýmaklary dadyp bolýar: şokoladly, limonly, erik, pisseli, hozly, bananly, garpyzly, üzümli, ananasly, kädili, almaly, kokosly, injirli yaly, dürli görnüşli buzgaýmaklar öndürilýär.
14 лайков 99 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.