Ilkinji buzgaýmak haçan ýüze çykypdyr?
Dünýäde ilkinji buzgaýmak 1686-njy ýylda Angliýanyň patyşasy James II iýipdir diýip aýdylýar. Bu maglumat resmi taýdan bellige alnypdyr. Ilkinji buzgaýmagyň ady “şorbet” diýip atlandyrylyp, XVI asyrda Italiýada ýüze çykandygy aýdylyp geçilýär. Muňa garamazdan, buzgaýmagyň taryhy has gadymyýete esaslanýar.
Isgenderiň, Neronyň, Müsür faraonlarynyň hem buzgaýmak iýendigi barada hem maglumat berilýär. Ýasalyşy barada anyk maglumat bolmasa hem, şerbetler bilen süýdüň doňdurylgy tapylmasy buzgaýmagyň döremeginiň başlangyjy diýip aýtsak bolar.
Käbir çeşmelerde 3000 ýyl mundan öň Hytaýda gar bilen şerbetleriň goşulyp iýilenligi barada bellenip geçilýär. Şonuň ýaly hem Isgender Aziýada wagty bal, süýt, şerbet doňduryp iýendigi barada agzalýar.
Angliýada ilkinji buzgaýmagyň satylan ýeri 1785-nji ýylda “New Bond” köçesidir.
Buzgaýmagyň taýýarlanylyşy barada ilkinji ýazylan maglumata XVIII asyrda duş gelinýär.

Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.