Dünýäde ilkinji gazet haçan döräpdir?

Dünýäde ilkinji gazetiň haçan dörändigi barada anyk maglumat bolmasa-da, Müsürde biri tarapyndan ýazylypdyr diýip çaklanýar. 3400 ýyl mundan öň ýazylyp, Nil derýasynyň kenaryndan tapylypdyr. Müsürliler muňa esasy zatlaryny ýazyp, birek-birege hem paýlanandygy barada aýdylýar.

1609-njy ýylda Germaniýada“Aviso Relation oder Zeitung” atly gazet ilkinji gazet hökmünde kabul edilip bilner. Bu gazetiň redaktory Julius Adolph von Söhnedir. 1616-njy ýylda bu gazet 4 ýyllap çykarylmaýar. 1620-nji ýylda Elias Holwein bu gazeti täzeden neşir edip başlaýar. Ýene şol wagtlarda “Aller Fürnemmen und Gedenckwürdingen Historien” atly gazet hem çapdan çykyp başlady. Bu gazet hepdelik bolup neşir edilýärdi, emma çykýan wagty ýazylmaýardy. Gazet 1622-nji ýyla çenli dowam etdi.

Başga bir tarapdan ilkinji habar ýygnama we ýaýratma gazeti hökmünde “ Acta Diurna” atly gazet bilinýär. Munda basylyp alnan ýerler , syýasy wakalar , uruşlar hakynda maglumat berilýän eken. XV asyrda redaksiýanyň döräp başlamagy bilen gazetler we žurnallaryň döremegine giň ýol açylypdyr. . XVI asyrda urşuň wakalaryda bu gazetde berlip başlapdyr.

1605-nji ýylda Johan Carolusyň “fürnemmen und gedençkwürdigen Historie” atly gazet kagyzyň ýüzüne çap edilen ilkinji gazet hasap edilýär.

1622-nji ýylda Angliýa çap edilen “Nathaniel Butter” ilkinji iňlis gazeti hasaplanýar.
4 лайков 141 просмотров
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Maksat
03 окт 2021, 11:35
Gazyedem ir dorapdirow.?
Döwlet Şöhradow
03 окт 2021, 11:41
XV - nji asyrda gazet cap ediler yaly tehnologiya barmyka so dowur??ya basga usul bilen cap etdimikaler?
*kagyz hacan oylanyp tapyldy?? (bilyadimde yatda dal) oza hytaylar oylap tapan bolmaly, irrak dowurde.