Logiki soraglar (?!?!)

1.Her sagatda 20 minut yza galan sagadym bar, ol şu wagt 4:00 görkezip dur. Sagadymy ýary gije
düzedipdim we ol 4 sagat mundan ozal durup galdy. Onda şu wagt sagat näçe ?

2.Aşakdaky teksden many taýdan ýalňyş ýeri tapyň:
Bir aýal gyş güni oturup, jorap örýän. Adamsy bolsa, onuň gujagynda uklap ýatyr. Tötänlikde aýalynyň
elindäki çişleriň biri adamsynyň beýnisine girýär we adamsy aradan çykýar. Adamsy şol wagt
düýşündede çiş girip ölenini görýär eken .

3.Aşakdakylaryň haýsysy tapawutly :
1) iphone, HUAWEI, Nokia. Blacberry
2) TOYOTA, OPEL, NISSAN, BMW, MAXIMA
3) goýun, geçi, pingwin, gaplaň, bürgüt

4.Balykçy balykdan gelýäkä biri ondan näçe balyk tutdyň diýip soraýar. Balykçy meň tutan
balyklarymyň sany 8iň ýary , 6 kellesiz, 9 guýruksyz diýip jogap berýär. Balykçy näçe balyk tutupdyr ?

5.Bir gazet kolleksionerlerine taryhy gazet satmak isleýärler, ol gazetiň ýüzünde “ I Jahan urşy
başlady “ , ady bilen bir makala ýerleşdirilipdir. Kolleksioner hiç hili barlag geçirmezden, bu gazet galp
diýip almandyr . Ol nädip bilipdir ?
4 лайков 5 147 просмотров
7комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Shahan
04 авг 2022, 17:00
1) 10:00
3) 2
4) 0
5) gazet sany birinji jahan ursundan on gorkezilen bolaymasa
Shahan
04 авг 2022, 17:03
2) mun ucinem jorap nahili orulyanini bilsena bor. Gujagynda orulyan bolsa, sol sebaplam gujagynda hic kimi yatyryp bolmayanlygy sebapli. Adamsynyn ayalynyn gujagynda yatanlygy manysyz diyaymesem
Gauzen
04 авг 2022, 18:12
Bolup biler
noname
04 авг 2022, 19:30
1) 9:20
2) eger ol olen bolsa duyşunde name goreni belli bolmazdy
3) 3
4 tutmandyr
5) ?
Izma
04 авг 2022, 19:45
5. Ikinji Jahan urşy başlannan soň birinji jahan urşuna birinji jahan urşy diýilli.
Ahmal
04 авг 2022, 22:43
Sorag barda jogap yok
1870
04 авг 2022, 23:08
3) 1nji dogry iphone uytgesik