Türkmenistanda birnäçe ýokary okuw mekdebiniň rektory çalyşdy

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň rektory wezipesine Aknabat Atabaýewa bellenilip, ol Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy. Şeýle hem S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň rektory wezipesine Allaberdi Gapurow bellenilip, ol Türkmen oba hojalyk institutynyň rektory wezipesinden boşadyldy. Degişli resminamalara döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedow giňişleýin Hökümet mejlisinde gol çekdi.

Aknabat Atabaýewa öň bilim ministriniň orunbasary bolup işledi, ondan soňra bolsa Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary bolup işleýärdi.
D.Myradow bolsa başga işe geçmegi sebäpli, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň rektory wezipesinden boşadyldy.
Türkmen oba hojalyk institutynyň rektory wezipesine Döwlet Ýolow bellenilip, ol Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň ylmy işler boýunça prorektory wezipesinden boşadyldy.
Mary welaýatynyň häkiminiň bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport boýunça orunbasary wezipesine Arzygül Orazowa bellenilip, ol Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy.


@TmCars.info
1 лайков 180 просмотров
6комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Biohimik
09 июл 2022, 07:23
Ana gowy mumkincilik okuwa tabsyrjaklara bilimlilere gowy serederler;))?
Pegas
09 июл 2022, 07:23
Bä-ä, Aknabat gelneje Marydan gitdi diýsene onda.
Perman Izakow
09 июл 2022, 08:32
Parahorlugyn onini almak bn baglansykly edipdirlerda.?
Гость
09 июл 2022, 09:05
Pylanyň nä bokurdagy ýokmy?!- diýýämiş öňem biri
Kerbaba
09 июл 2022, 10:36
Pegas
Bä-ä, Aknabat gelneje Marydan gitdi diýsene onda.

Сиз танчрсынызмы оны?
Pegas
09 июл 2022, 10:56
kwadrat kelle
Pegas
Bä-ä, Aknabat gelneje Marydan gitdi diýsene onda.

Сиз танчрсынызмы оны?

Daşyndan)