Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet Uniwersiteti

MAGTYMGULY ADYNDAKY TÜRKMEN DÖWLET UNIWERSITETI
2022/2023-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler (hünärmen maksatnamasy) we taýýarlygyň ugurlary (bakalawr maksatnamasy) boýunça talyplyga kabul edýär:


I. Hünärmen maksatnamasy (býujet esasynda):

1. Matematika we mehanika (hünärler: matematika; amaly matematika we informatika).

2. Fizika we astronomiýa (hünärler: fizika; radiofizika we elektronika; astronomiýa).

3. Biologiýa ylymlary (hünär: biologiýa).

4. Himiýa (hünär: himiýa).

5. Ýeri öwreniş ylymlary (hünärler: geografiýa; kartografiýa; meteorologiýa; ekologiýa).

6. Psihologiýa ylymlary (hünär: psihologiýa).

7. Taryh we arheologiýa (hünärler: taryh; arheologiýa).

8. Filosofiýa, etika we din öwreniş (hünär: filosofiýa).

9. Ylahyýet (hünär: ylahyýet).

10. Syýasat ylymlary we sebit öwreniş (hünärler: syýasaty öwreniş; gündogary öwreniş).

11. Dil bilimi we edebiýaty öwrenmek (hünärler: türkmen dili we edebiýaty; iňlis dili we edebiýaty; nemes dili we edebiýaty; fransuz dili we edebiýaty; italýan dili we edebiýaty; arap dili we edebiýaty; türk dili we edebiýaty; pars dili we edebiýaty; hytaý dili we edebiýaty).

12. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri we maglumat-kitaphana işi (hünär: žurnalistika).

13. Hukuk işi (hünär: hukuk öwreniş).

II. Hünärmen maksatnamasy (tölegli esasda):

1. Matematika we mehanika (hünärler: matematika; amaly matematika we informatika).

2. Fizika we astronomiýa (hünärler: fizika; radiofizika we elektronika).

3. Informatika we hasaplaýyş tehnikasy (hünär: maglumat ulgamlary we tehnologiýalary).

4. Biologiýa ylymlary (hünär: biologiýa). 5. Himiýa (hünär: himiýa).

6. Psihologiýa ylymlary (hünär: psihologiýa).

7. Taryh we arheologiýa (hünär: taryh).

8. Dil bilimi we edebiýaty öwrenmek (hünärler: türkmen dili we edebiýaty; iňlis dili we edebiýaty, rus dili we edebiýaty).

9. Hukuk işi (hünär: hukuk öwreniş).

III. Bakalawr maksatnamasy (tölegli esasda):

1. Bilim we pedagogika ylymlary (taýýarlygyň ugurlary: pedagogika bilimi (matematika we informatika); pedagogika bilimi (informatika we bilimde maglumat tehnologiýalary); pedagogika bilimi (geografiýa we ykdysadyýetiň esaslary).

Uniwersitete Türkmenistanyň umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde 2022-nji ýylyň 11 — 24-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

— bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;

— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

— bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy);

— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

— 3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;

— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

— okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri‚ halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler, ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

— pasportyny;

— harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler. Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek uniwersitetde (Aşgabat şäheri) we welaýat merkezlerinde aşakdaky möhletlerde geçirilýär:

Balkan welaýaty — iýul aýynyň 27-si, 28-i we 29-y günleri;

Daşoguz welaýaty — iýul aýynyň 31-i — awgust aýynyň 1-i, 2-si we 3-i günleri;

Aşgabat şäheri — awgust aýynyň 5-6-sy, 7-si we 8-i günleri;

Ahal welaýaty — awgust aýynyň 10-11-i, 12-si we 13-i günleri;

Mary welaýaty — awgust aýynyň 15-16-sy, 17-si we 18-i günleri;

Lebap welaýaty — awgust aýynyň 20-si, 21-i we 22-si günleri.


Giriş synaglary aşakdaky okuw dersleri boýunça geçirilýär:

hünärler: matematika; amaly matematika we informatika; maglumat ulgamlary we tehnologiýalary; taýýarlygyň ugurlary: pedagogika bilimi (matematika we informatika); pedagogika bilimi (informatika we bilimde maglumat tehnologiýalary) — matematika, fizika, Türkmenistanyň taryhy;

hünärler: fizika; astronomiýa; radiofizika we elektronika — fizika, matematika, Türkmenistanyň taryhy;

hünär: biologiýa — biologiýa, himiýa, Türkmenistanyň taryhy;

hünär: himiýa — himiýa, biologiýa, Türkmenistanyň taryhy;

hünärler: geografiýa; ekologiýa — geografiýa, biologiýa, Türkmenistanyň taryhy;

hünärler: kartografiýa; meteorologiýa; taýýarlygyň ugry: pedagogika bilimi (geografiýa we ykdysadyýetiň esaslary) — geografiýa, matematika, Türkmenistanyň taryhy;

hünär: psihologiýa — biologiýa, türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;

hünärler: taryh; arheologiýa; gündogary öwreniş; syýasaty öwreniş; filosofiýa; ylahyýet — Türkmenistanyň taryhy, türkmen dili we edebiýaty, jemgyýeti öwreniş;

hünärler: türkmen dili we edebiýaty; žurnalistika — türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy, jemgyýeti öwreniş;

hünärler: iňlis dili we edebiýaty; fransuz dili we edebiýaty; nemes dili we edebiýaty; pars dili we edebiýaty; türk dili we edebiýaty; arap dili we edebiýaty; hytaý dili we edebiýaty — saýlap alan hünär dili boýunça ýa-da iňlis dili, türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;

hünär: italýan dili we edebiýaty — iňlis dili, türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;

hünär: rus dili we edebiýaty — rus dili, türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;

hünär: hukuk öwreniş — Türkmenistanyň taryhy, türkmen dili we edebiýaty, jemgyýeti öwreniş.

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Degişli dil boýunça geçirilýän derslerden başga ähli okuw dersleri boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaglara esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da okuw dersleriniň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan:

— mugallymçylyk mekdebini tamamlan we mugallymçylyk ugrundan 2 ýyldan az bolmadyk iş döwri bolanlar (mugallymçylyk ugurly hünärlere girilen halatynda);

— hukuk öwreniş hünärine girýänler üçin hukuk goraýjy edaralarda 2 ýyldan az bolmadyk iş döwri hem-de şol edaralaryň döwlet we welaýat derejesindäkilerinden hödürnamasy bolanlar;

— “Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýänler peýdalanýarlar.

****

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti
2022/2023-nji okuw ýyly üçin magistr maksatnamasy boýunça taýýarlygyň “Bilimi dolandyrmak” ugruna talyplyga kabul edýär:

Uniwersitete ýokary bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan Türkmenistanyň raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Okuwlar tölegli esasda amala aşyrylýar.

Resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde 2022-nji ýylyň 11 — 24-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

— bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;

— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

— ýokary bilim baradaky resminamanyň we goşundysynyň asyl nusgasy ýa-da diplomyň tassyklanan göçürmesi (daşary ýurt döwletinde berlen ýokary bilim hakyndaky resminama onuň Türkmenistanda ykrar edilendigi baradaky şahadatnamasy goşulýar);

— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

— 3×4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;

— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi.

— okuwa girmeginiň maksadynyň beýany (500 sözden köp bolmaly däl);

— giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda artykmaçlykdan peýdalanýan Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijileri hem-de ýokary okuw mekdebiniň Alymlar geňeşinden hödürnamalary bolanlar şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler, ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

— pasportyny;

— harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek uniwersitetde (Aşgabat şäheri) we welaýat merkezlerinde 2022-nji ýylyň 27-nji iýuly — 22-nji awgusty aralygynda bellenilen möhletlerde geçirilýär.

Giriş synaglary pedagogika we psihologiýa boýunça ýokary bilimiň okuw maksatnamasy esasynda döwlet dilinde geçirilýär.

Bellenilen wagtda giriş synaglaryna esassyz sebäplere görä gelmediklere goşmaça mümkinçilik berilmeýär.

Giriş synaglarynyň netijeleri boýunça magistr maksatnamasyna talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan saýlan taýýarlygynyň ugry boýunça 2 ýyldan az bolmadyk iş döwri bolanlar peýdalanýarlar.

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň salgysy: Aşgabat ş., Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 31, tel.: 94-69-90, 94-54-29.
3 лайков 382 просмотров
10комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Perman Izakow
10 июл 2022, 12:22
Okuwa synansyanalara ustunlik!
Гость
10 июл 2022, 12:43
Gowy maglumat?
Kerbaba
10 июл 2022, 12:55
География угры дине бюжетде бармыы, толегли болумде ек ойдйан.. догры душундиммикам??
Aýsere
10 июл 2022, 13:10
Şowly bolsun dalaşgärler!
Aýsere
10 июл 2022, 13:11
Гость
Gowy maglumat?

Tawşyrmaly saýtyñ gost kakasy
Melike
10 июл 2022, 14:10
Mana gerek uniwersitet
sagbolun
Melike
10 июл 2022, 14:11
aynekli Begenip gitdim
hihi
Melike
10 июл 2022, 14:12
Minnetdar paylashanyn ucin brawo
S❤
10 июл 2022, 16:09
Turk diline tabsyryana kandir
S❤
10 июл 2022, 16:09
Ya azmyka