ÝATLAMA
Oýlanma
Saňa hat ýazyp, ýere gömsem, hamala sen okap biläýjek ýaly, ýüregim "Ýaz" diýip, erkime goýmady. Sen hakda ýatlamalardan ýaňa serim sergezdan. Göwnüme hemişekileriň ýaly ýylgyrjaklap, bir ýerleden peýda bolaýjak ýaly, daş-töweregime göz aýlanymy duýman galýan.
Indi gaýtalanmajak senli günlerimdäki geçmişim käte meni hamsykmana mejbur edýär. Ýüregim gysyp, damagym dolýar. Sebäbi seniň mylaýym sesiň minutlar saýy, meniň gulagymda pyşyrdy bolup şol eşdilip dur, eşidilip dur. Seniň bagtly günleriňdäki ýüz keşbiň gözöňümde janlanýança, men özümi gynaýan.
Adamda nähili günler başdan geçmeýär?! Gamly, hasratly, begençli, şatlykly günleriň ählisi başdan geçýä. Her hal gussadan saplap, ýüregimi ýeňledip bilýän ýeketäk syrdaşym sendiň. Sen bary ýogy menden alty aýjyk uludyň. Biz goňşudyk, klasdaş bolduk, kursdaş bolduk wagtyň geçmegi bilen durmuş gurulan soňam goňşy bolaýşymyzy aýtsana. Şonda-da men saňa hamala uly aýal doganym ýaly buýsanyp bilýärdim. Sebäbi, maňa görä sende görüm-görelde alarlyk köp artykmaçlyklar bardy.
Şonuň üçin köp zatlary senden öwrenmek neti bilen maslahat sorasam, meň üçin bar işiňden galýardyň.
Hawa, men seniň aýdyşyň ýaly, dogan-garyndaşlardan daş düşmezlik we galan ömrümde hem olar bilen garyşyp gidibermegimiň sebäbine, seniň diýeniňe gulak asyp, beren maslahatyň esasynda daýzamyň ogluna durmuşa çykdym. Aýdyşyň ýaly, bagt ojagynda öz ornumy tapanyma begenýän. Ähli zat hamala geljegi öňünden görýän ýaly, aýdyşlaryň ýuwaş-ýuwaş amala aşyp dur. Ähli zat gowluk. Garyndaşlarymyň goldamagynda, ähli kynçylyklar, aňsada ýazyp, öňküden-de beter has golaýlaşýanymy görüp durkam, özümi juda bagtly saýýan, Şirin jan. Olarsyz ýaşaýşy göz öňüme-de getirip bilemok indi. Men bagtly. Ýöne senem men ýaly bagtly bolup ýaşaberseň bolmadymy? Bagt diňe bir adam üçin däldir-ä?! Senem şondan paýly bolaýsaň bolmadymy?
Seniň ýoklugyňdaky ajy aýralyk, meniň süýji günlerimiň lezzetini, hözürini duýdurmady, dünýäm. Ýatlamalar käte ýanymy ýere ýazaýýar. Şonda men özümi iki dünýäniň awarasy deý ne öli, ne diri, çala ölen ýylan ýaly özümi tutup bilmän heläk bolýan. Ynha, basym ýyl ýetip, ýene seniň öýňe üýşüler. Ana, şonda bilmedim, maňa nämeler bolar. Şu günler düýşüme girmegiňi ýygjamlatdyň. Özüňi gören ýaly, ýüregimde ynjalyk duýýan. Azajygam bolsa, ýeňleýän. Haty ýazanymy geňleme, okajagyňy duýýan. Çünki sen meni görüp duransyň. Sebäp, sen meniň kalbymda baky dirilik bilen ýaşap ýöreniňi duýýansyň. Belkide ýazyp durkam okaýansyň. Her hal, sen meniň duýgymy duýsaň, maňa şondan ötri zat gerek däl. Jaýyň Jennetde bolup, nurlar içinde ýat, şirin dilli Şirinim!

7комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.