Eje, maña alajabag örüp ber.

Eje, maňa alajabag örüp ber,
Onda ala gözüňizi göreýin.
Nirede bolsamda, oňa bakamda,
Mähir doly ýüzüňizi göreýin.

Reňklerinde bolsun gök, sary, gyzyl,
Edil älemgoşar şapagy ýaly.
Garaňky gijede azaşsam eger,
Salgy bersin maňa iň dogry ýoly.

Düýe ýüňden bolsun alajabagym,
Ýatlatsyn ol maňa türkmen saçagyn.
Gotazlary göz öňüme getirsin,
Dokan gözel halyňyzyň seçegin.

Dakynyp çykamda toý-baýramlara,
Nepisligi haýran etsin göreni.
Buýsanyp diýeýin deňi-duşuma,
“Eziz ejemjanyň örüp bereni!“.

Mähriňi siňdiren alajabagyň,
Düwmeleri bezär uzyn saçlarym.
Gözden-dilden gorar mukaddes Tuga
Tagzym edip, egenimde başlarym!

Goldow bersin maňa alajabagyň,
Kynçylyga döz gelmeli mahalym.
Joşgun, hyjuw berip, açsyn göwnümi,
Öwşün atsyn, gülleri deý baharyň!

Eje, maňa alajabag örüp ber,
Gorasyn ol meni ýagyşdan-ýelden.
Men hemişe onuň waspyn edeýin
Hem seniň adyňy düşürmän dilden.

Gözel Umarowa.
2019.
çeşme: atavatan-turkmenistan.com
3 лайков 122 просмотров
5комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Ajap
12 июл 2022, 15:25
Şu atavatan-turkmenistan.com saýdyna men girjek bolýan welin poisk berip durýar sizde-de şeýlemi? Ýa vpn-limika ol saýt?
ajy
Автор 12 июл 2022, 15:38
owadanjam,
Salam, ýok-la. mende-de işleýän vpn ýok şuwagta :)
köpüräk garaşmaly girjek bolsañ
Ajap
12 июл 2022, 16:00
garaburc,
Salam, bolýar sag bol!
Pegas
12 июл 2022, 18:43
owadanjam
Şu atavatan-turkmenistan.com saýdyna men girjek bolýan welin poisk berip durýar sizde-de şeýlemi? Ýa vpn-limika ol saýt?

Agyrrak işleýändir. Ýöne vpn-li däl.
ajy
Автор 13 июл 2022, 01:37
Rigel,
howwa ynanýan. men hachan gorseñ bagrymy yere berip yatyan. ozumem diñe hopugym yoneden yone aglayan