Goşgy

Owal Alla zar etmesin namarda,
Saçagymda nanym halal duz bolsyn.
Hassa bolup ýatmaly etme Hudaýym,
On iki sünnüm abat janym sag bolsyn.

Çekmeli etme ýakynlarmyn zaryny
Şolara bagş etjek dünýe malymy
Söýen adam terk edermi ýaryny?
Söýenlem ýanymda nur bolup dursyn.

Enem-atam ynjamasyn hiç menden
Şolar üçin geçjek jan bilen tenden
Ýol uzasyn ýagşa tarap gün-günden
Ýollarmyz ak, işlermiz ugryna bolsyn.

Bagtym bolsyn, ýöne gara bolmasyn,
Ejizlanim duşmanlarym bilmesin,
Aglan wagtym, dost diýenim gülmesin,
Bu ykbalym namart dostdan daş bolsyn.

Arzuwlarma ýetsem, bolmaz armanym
Allam köp görmesin şeýdip güllänim,
Durmuş ýolda men ilkinji dilegim,
Goý, ykbalym dine ýagşa ýar bolsyn!

Amangeldiýewa Aýna
5 лайков 135 просмотров
11комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Nurmuhammet
23 июл 2022, 13:37
gowy bolupdyr like
ýüreksözi
Автор 23 июл 2022, 13:48
nurmuhammet,
sps
Aymyrat
23 июл 2022, 14:34
Bet !
ýüreksözi
Автор 23 июл 2022, 14:35
AymyratGeo,
sps
Öwreniji
23 июл 2022, 14:46
Berekella
ýüreksözi
Автор 23 июл 2022, 15:01
Remezan,
shlyapa
Aksary
23 июл 2022, 15:06
ýüreksözi,
Sen kitapçy.comdaky @dpustota agza bolýañyzmy?
Удачливая
23 июл 2022, 15:14
Şu ýerini haladym - Söýenlem ýanymda nur bolup dursyn.

?? g
Margarita
23 июл 2022, 18:45
Gowy goşgy bolupdyr
ýüreksözi
Автор 23 июл 2022, 19:20
Aksary,
howwa men şol
Aksary
23 июл 2022, 19:36
ýüreksözi
Aksary,
howwa men şol

Onda ýylgyrýan smaýlik
ýüreksözi
Автор 23 июл 2022, 20:46
Aksary,
shlyapa .