BIZ ÇEMPION BOLARYS...(MY?)

2024 ýyl. Türkmenistan Aziýa çempionatyna ýollanma aldy. Taryhy waka. Kimlere düýş, kimlere huş.

Öň toparçadan çykyp görmedik, şowhunsyz, depgini pes oýunlardan aňryk geçmeýän, özlerine goşa-goşadan gol saldyryp, garşydaş tarapa "gool" sesi çykmaýan ýygyndy üçin,  elbetde bu ULY dereje...

Bu ýylky (2024) tomusky Aziýa çempionaty Awstraliýada geçirilýär. Çempionlyga esasy faworit hem ýer eýeleri.
Bije çekilşikde Türkmenistan "D" toparçada orun aldylar.

D.
Türkmenistan
Owganystan
Liwan
Ýaponiya


Garşydaşlar güýçli. Esasanam şu gyýyk gözli Ýaponlar opasny. Dünýä çempionatlara gatnaşyp ýören tejribeli ýygyndy.

...Elkyssa, habary kimden al. "Ýapylan komandaň at gazanan tälimçisi", okasam okaryn, okamasam diplom zyýan etmez diýip, sport institutyny çäreden çärä gatnap tamamlan, ýygyndymyzyň baş treneri @Baýker agadan alaly. 2 gün mundan öň TFF-den gelen talapnamada "Ýygyndynyň täze rejelenen düzümini täzeden gözden geçiriň we bize habar ediň. Bir aý möhlet berýäs" diýen telegrammany okap duran tälimçi:
- Rejelemeli bolsa rejeläýeris. Çempionata bir aý galanda türgenleşip başlaýan komanda-dan näm-ä garaşsaň bolar. Maňa goýun bak diý, guzy köpelt diý, ynsan b.n düşünşeniňden, ýene şol dilsiz janawerler ýakyn maňa... Aýby ýok. Gelipdiris... Ynanypdyrlar... Soňuny gören ýok... Bir alajy bolar.

Öňkülerden, soňkulardan sykyp-sykyp 15 adamyň başyna jemlän baş tälimçi rejelenen düzümi kömekçisi, tehniki direktor @arkaç aganyň eline berdi. "Oglanlary jemle, ertir türgenleşige çyksynlar. Oglanlaryň her bir hereketi biziň nazarymyzyň astynda bolsun. Öýlenenler aýallary bilen ýakynlygyny taşlasyn. Bäbek toý, jaý toý, durmuş toý diýip, toýa gidip dogramadan doýup çaýkanyp duran, ylgap bilmän hasylap duran begomotlar gerekdäl maňa. Tazy ýaly ýyndam, tilki ýaly mekir, umuman meýdançada özüni doly erkin duýyp bilýän ezber oýunçylar gerek maňa" - diýip, baş tälimçi Baýker aga tabşyryk berdide, özi bolsa dossunyň agtygynyň sünnet toýuna ýagly palow iýmäne gitdi.

Arkaç agada futbola tötänden gelen ýaşululaň biri. Arkaç aga obasynda  Vandam diýýän ekenler. Meňzeşligi üçin däl-de, 3-nji klasda aýagy bilen hoz kakýan ekeni agaçdan.
Mekdepde zähmet mollymynyň lapata ýaly elinden kän "türkmen şapbat" iýen arkaçjyk, ulalsam zähmet mollym bolaryn diýýärdi. Durmuş ony zähmet däl-de, bedenterbiýe mollym edip ýetişdirdi. Bir mekdepde hem mollym hem zawhozyň aýlygyny alýardy. Baýker aganyň kursdaşy.
(Futbol ýygyndyny kime ynandylara-aý :D)

..elkyssa, Arkaç aga düzümi ýene bir gözden geçirip, oglanlaryň hemmesine ýeke-ýeke jaň edip, ertir stadionda jemlenmegini tabşyrdy.

Düzüm şulardan ybarat:

Baş tälimçi: Baýker aga
Tehniki direktor: Arkaç aga

Formation: 4-3-3

Esasy düzüm:
@Dark_Wolf
@Gost
@Khanture
@Bendtner
@Soho
@Massimus
@Oksimiron
@FanB
@Hemedany
@Tiko
@Ötegçi

Ätiýaçdakylar (zamen):
@Jeksparro - hüjümçi
@Aksary - ýarymgoragçy
@Remezan - goragçy
@Anil Kapur - waratar

Ýerleşişi:
 
             Dark   Bendtner  Gost
       Soho  Massimus   Oksimiron
        Ötegçi Tiko Hemedany FanB
                     Khanture




Dowamy bar...
12 лайков 490 просмотров
51комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Suleyman
Автор 23 июл 2022, 17:20
P.s  Bu waka gatnaşýan agzalaryň hiçisinden rugsat alynmady. Şonuň üçin gatnaşasy gelmeýän bar bolsa, duýdursyn, ertirki türgenleşikde aýagy döwüldi, boýny sypdy diýip aýryp bilýändiris))  Ýa-da gatnaşjaklar bar bolsa, olaram aýtsyn, ýene 3-4 adamy zamena goýup bilýän.
Suleyman
Автор 23 июл 2022, 17:21
We ýenede bir zat: gowja komentator kömekçi gerek maňa. Oýun gidip durka agzalary gürledip bilmeli we oýuny prikolny teswirläp bilmeli)
Hiayress
23 июл 2022, 17:28
Bularyň haýsylary indi ýokardan 360W tok urduryp milli ýygynda goşulanlar?! :)
Hiayress
23 июл 2022, 17:29
Dark_Wolf
We ýenede bir zat: gowja komentator kömekçi gerek maňa. Oýun gidip durka agzalary gürledip bilmeli we oýuny prikolny teswirläp bilmeli)

Her oýna näçe tölejek?!
Gauzen
23 июл 2022, 17:36
Dark_Wolf,
Ýa-da gatnaşjaklar bar bolsa, olaram aýtsyn, ýene 3-4 adamy zamena goýup bilýän.

Alda meni onda poluzaşita edip obaly
Suleyman
Автор 23 июл 2022, 17:41
Hiayress
Bularyň haýsylary indi ýokardan 360W tok urduryp milli ýygynda goşulanlar?! :)


Halal düzülen. Tüýs köçeden ýygnanan oýnaýjak oglanlar.
Suleyman
Автор 23 июл 2022, 17:42
Hiayress
Dark_Wolf
We ýenede bir zat: gowja komentator kömekçi gerek maňa. Oýun gidip durka agzalary gürledip bilmeli we oýuny prikolny teswirläp bilmeli)

Her oýna näçe tölejek?!


Şu gezegä taňryýalkasyna
Suleyman
Автор 23 июл 2022, 17:43
Gauzen,
Ok.
Kerkili
23 июл 2022, 17:43
Fanb agzany hujumchi edip alsan gowy bolardy. Sebabi futbol bilen irrakden bari trenrowkajyk edip gelyar. Ahmedik_97-em suratyndan belli bolshy yaly boyy uzyn, yash oglan, horajyk, waratar edip goysan gowy boljak)
Kerkili
23 июл 2022, 17:46
Ahmedi hujumci etsenema boljak eken kelle bilen susup gol salmaga saz eken. Ya onyaly zatdan dashrakmyka o dostimiz! Mena goshuljakkal, futbol oynap bilemok.Yok oynap bilyan,ylgap bilemok))
Suleyman
Автор 23 июл 2022, 17:46
Kerkili
Fanb agzany hujumchi edip alsan gowy bolardy. Sebabi futbol bilen irrakden bari trenrowkajyk edip gelyar. Ahmedik_97-em suratyndan belli bolshy yaly boyy uzyn, yash oglan, horajyk, waratar edip goysan gowy boljak)


Teklibiňe sagbol. Men bulary realda tanamok hiçisini, futbol oýnaýşynam bilemok. Saýtda tanaýşymça pozisya düzdim.
Kerkili
23 июл 2022, 17:48
Dark_Wolf
Hiayress
Bularyň haýsylary indi ýokardan 360W tok urduryp milli ýygynda goşulanlar?! :)


Halal düzülen. Tüýs köçeden ýygnanan oýnaýjak oglanlar.

Ahmedikjanam sada oban maly diyibermeli sada oglanjyk, yarysha akitjek diysen tm spot kanala chykyandyryn oydup begenip gider?
Kerkili
23 июл 2022, 17:49
Chelsi dp biedep garagolja biri bardy, alyp bolsa sonam alyn)) garagollar okde diyaler
Soho
23 июл 2022, 17:50
hahay, gaty gowy
#B.S
23 июл 2022, 17:50
Brawo gyzykly eken!
#B.S
23 июл 2022, 17:51
Zamende ýašulylar :)
Kerkili
23 июл 2022, 17:52
Dark_Wolf
Kerkili
Fanb agzany hujumchi edip alsan gowy bolardy. Sebabi futbol bilen irrakden bari trenrowkajyk edip gelyar. Ahmedik_97-em suratyndan belli bolshy yaly boyy uzyn, yash oglan, horajyk, waratar edip goysan gowy boljak)


Teklibiňe sagbol. Men bulary realda tanamok hiçisini, futbol oýnaýşynam bilemok. Saýtda tanaýşymça pozisya düzdim.

Bolman men sana realda resmileshdirip duz diemogahow natdinai dosti))
Soho
23 июл 2022, 17:54
realda men goragchy, yarym goragchy (waratar:am duruberyan garshydash komanda pes bolsa, teli alyp, internede giripjik)
Suleyman
Автор 23 июл 2022, 17:55
Kerkili
Dark_Wolf
Hiayress
Bularyň haýsylary indi ýokardan 360W tok urduryp milli ýygynda goşulanlar?! :)


Halal düzülen. Tüýs köçeden ýygnanan oýnaýjak oglanlar.

Ahmedikjanam sada oban maly diyibermeli sada oglanjyk, yarysha akitjek diysen tm spot kanala chykyandyryn oydup begenip gider?

??
Kerkili
23 июл 2022, 17:55
Ahmedikjany sayta getirip bolmazmy tanayanlar chagyrayyn sony. So gulkunclai, gulup olyadim bolsuna
Kerkili
23 июл 2022, 17:57
Hany pegas molimi gosmansynyz, onam zamena alaymaly ekeniniz
Hiayress
23 июл 2022, 17:58
Dark_Wolf,
"Mugtuna maýmyn sirkde oýnanok" diýýärmi?! Onda menä pas. :)
Kerkili
23 июл 2022, 17:58
Soho
realda men goragchy, yarym goragchy (waratar:am duruberyan garshydash komanda pes bolsa, teli alyp, internede giripjik)

Afganlar bilen oynasan tel oynamagyn mumkin, japonlar bilen oynasan nabileyinda dosti
Suleyman
Автор 23 июл 2022, 18:00
Soho
realda men goragchy, yarym goragchy (waratar:am duruberyan garshydash komanda pes bolsa, teli alyp, internede giripjik)


FanB bilen ýeriňi çalşalymy onda? Ýa durubersinmi
#B.S
23 июл 2022, 18:00
Ahmedi goragcy et boyu uzun ;)
Men ondan kelterak bolsamam warata gowy duryan Pikfard yaly ;)
Suleyman
Автор 23 июл 2022, 18:02
Şu taýdaky teswirlerdenem indiki mowzugyň ýarsyny ýazyp boljak?
Suleyman
Автор 23 июл 2022, 18:03
Kerkili
Hany pegas molimi gosmansynyz, onam zamena alaymaly ekeniniz

Pegas sudya?
Kerkili
23 июл 2022, 18:03
Khanture
Ahmedi goragcy et boyu uzun ;)
Men ondan kelterak bolsamam warata gowy duryan Pikfard yaly ;)

Pike goragcydymy? Son yerine goysan nahili bolar
Kerkili
23 июл 2022, 18:03
Jerard pike bara
Hiayress
23 июл 2022, 18:04
Kerkili,
Senä mowzuga suwsap gidäýipsiňaý wara. ))