Nämüçin adam ganyny içýärler?
NÄMÜÇIN ADAM GANYNY IÇÝÄRLER?
• "Allatagala size ölini (maslygy), gany, doñuz etini we Alladan başgasynyñ ýoluna aýdylan maly iýmegi haram kyldy."
Ýaşap ýörseñ, dünýäde eşdilmeýän zat ýok. "Giñdir dünýe - geñdir dünýe" diýleni. Taryhda adam ýa-da haýwan ganyny içmäge käbir jemgyýetlerde bolaýmaly zat hökmünde garalandygyny taryhy çeşmeler habar berýär. Araplaryñ yslamyýetden öñki jahylyýet döwri diýip at beren döwründe adamlar öldüren mallarynyñ ganyny gaplara guýup gyzgynlygyna ýa-da ýörite saklap içýän ekenler. Belkäm, şonuñ üçindir Gurhanyñ "Maide" süresiniñ 3-nji aýatynda gan içmek gadagan edilipdir.
Edil häzirki döwürde yzygiderli ýagdaýda adam ganyny içýänler hakda eşdipmidiñiz? Özem şolar ýaly adamlar gan içmese oñubam bilenok! Eýsem kimkä aramyzda ýaşap ýören şeýle zamanabap wampirler?
Dünýäniñ birnäçe uly şäherlerinde daşyndan göräýmäge adaty adamlar ýaly bolup görünýän, emma yzygiderli ýagdaýda adam ganyny içip ýaşaýan adamlar bar. Ýogsa-da, ol adamlar nämüçin gan içýärkä? Özem adam ganyny...
Wampir mifi dünýäniñ birnäçe ýerine ýaýrap, kitaplar, çeper filmler bilen birlikde populýar medeniýetiñem aýrylmaz bölegine öwrüldi. Çeper filmlerdäki we hekaýatlardaky wampirleriñ hakykatdanam bolandygy hernäçe subut edilmedigem bolsa, "BBC Future"-de Dewid Robsonyñ modern (zamanabap) wampirler bilen gürrüñdeş bolup taýýarlan makalasyna görä, biziñ günlerimizde yzygiderli ýagdaýda adam ganyny içýän adamlar hakykatdanam bar eken. Özem her günde-günaşa ýolda-yzda pete-pet duşýan, belki-de hiçem ünsüñizi eglemeýän adaty adamlaryñ arasynda bar...
• FIZIKI DÜNÝÄ BILEN RUHLAR DÜNÝÄSINIÑ ARASYNDAKY KÖPRI
Biziñ günlerimizde gan içmek ýürek bulanjy pişe. Emma ýagdaý hemişe şeýle däldi. XV asyryñ ahyrlarynda adam ganyny içmek bejergi usullarynyñ biridi. Bu usul has soñra epilepsiýa keselini bejermekde ulanyldy. Gana fiziki dünýä bilen ruhlar dünýäsiniñ arasynda köpri hökmünde garalýardy. Dürli sebäpler bilen adam ganyny içmek XVIII-XIX asyrlarda-da dowam edipdir we bu ýaramaz endik biziñ günlerimize çenli gelip ýetipdir.
Ganyñ derman hasaplanan XV asyrynda Rim papasy Innokentiý VIII ölüm ýassygynda ýatyrka ony sagaltmak maksady bilen üç sany ýaş ýigidi tä ölýänçä gany akdyrylyp, gyzgynlygyna oña içirilipdir.
Internet çykmazdan öñ aragatnaşygy çäkli bolan gan içijiler indi özbaşyna birgiden jemgyýeti emele getirýär. Wampirizm toparlaryna degişli edilenleriñ bir topary fiziki güýç edinmegiñ kül-külünde bolsa, bir topary psihologik sebäpler üçin gan içýär. Aslynda gan içmek bilen baglanyşdyrylýan "wampir" obrazy şeýle adamlar üçin identiçnost däl.
• GAN ÜÇIN DUÝULÝAN AÇLYK
Donorlardan gan alýan bu zamanabap wampirleriñ populýar medeniýetdäki wampir obrazy bilen hernäçe ýakynlyklary bolmasa-da, ganyñ tagamy belli bir wagtdan soñ ymsyndyryjy açlyga öwrülýär. Adam gany hakda C.J köp mukdarda gan içende iýmit siñdiriş sistemasynyñ has gowy işleýändigini aýdýar. C.J.-niñ tanşy "Kinesiýa" hem "ajyganda" ýüreginiñ bulanýandygyny we munuñ diñe gan içenden soñ düzelýändigini, özüni hasam ýeñil we täzelenen ýaly duýýandygyny aýdýar. Gürrüñdeş bolnan wampirler saglyk taýdan agyry-ynjylarynyñ ýokdugyny aýtsa-da, ABŞ-nyñ Kaliforniýa ştatynyñ Los-Anželes uniwersitetinden Tomas Gans bu ýaramaz gylygyñ infeksion howpuna ünsi çekýär. Ol aýratynam gan içmäniñ netijesinde aralaşýan rahatlygyñ psihologik näsazlyk ähtimallygynyñ iññän ýokarydygyny nygtaýar.
Şu ýerde bir zady ýatlap geçsek gowy bolar. Türkmenlerde ulalyp barýan güjüge süñk gaýnadyp suwuny içirmek bilen bir hatarda malyñ ganyny içirmek köp duş gelýär. Itçil adamlar munuñ güjügi dogumlandyrýandygyna, güjügiñ uruşjañ it bolup ýetişmegine peýda edýändigine ynanýar. Eger şeýle bolýan bolsa, onda gan içmegiñ-de adamy belli bir derejede adamçylyk duýgularyndan, ynsan durkundan daşlaşdyrýandygyny çaklasa bolar.
• NÄMÜÇIN GAN IÇÝÄRLER?
Gan içmäge bolan meýliñ sebäbi hökmünde käbir wampirler belli bir derejede iýmit siñdiriş sistemasynda näsazlygyñ bolup biljegini pikir edýär. Emma mental meseläniñ hem bolup biljegini boýun alýarlar. Wampirizm köpçülikleriniñ hasam tanalyp we göze ilip durmagy bilen bu boýunça ylmy-medisina barlaglarynyñ ýygylaşjakdygy çaklansa-da, edil häzir döwürdeş wampirler lukmanlara içini dökmäge o diýen höwesli däl.
Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy.
Haweran tarapyndan
kitapçy.

2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.