Hakyky wampirler: Adam ganyny içmegi endik edinen aýalyň iniňi tisgindiriji kyssasy
HAKYKY WAMPIRLER! ADAM GANYNY IÇMEGI ENDIK EDINEN AÝALYÑ INIÑI TISGINDIRIJI KYSSASY
Geñsi endikleri bolan adamlara duş gelip gördüñizmi? Hemişeki görlüp ýörlen zatlardan daşgaryn endikleri we gylyk-häsiýetleri bolan adamlar hakdaky gürrüñler käte täsin, käte-de iniñi tisgindirip bilýär. Wampirler ýaly adam ganyny içmegi halaýan aýalyñ kyssasy hem şol mysaly gürrüñlerden...
Tatiurowka etmek bilen meşgullanýan 29 ýaşly Mişel eýýäm on ýyl bäri gan içmese oñubam bilenok.
Gan içme endigini gatnaşan telegepleşiginde gürrüñ beren Mişel ganyñ özi üçin edil suw ýaly wajypdygyny aýtdy. Ol günüñ her sagadynda gan içip bilýändigini gürrüñ berdi.
Mişel ganyñ hemişe özüneçekiji bolandygyny nygtaýar. Içjek kofesine, iýjek naharlaryna çenli gan goşýan aýal şu güne çenli 5.000 litr töweregini gan içipdir. Bu mukdar 23 wanna dolusy gan diýmekdir.
Gan içmese oñup bilmeýän Mişel köplenç doñzuñ ganyny içýän eken. Kämahal sygryñ ganyny içýänem bolsa, ol doñzuñ ganynyñ duzly we lezzetli bolýandygyny aýdýar.
Mişel öz islegi bilen ganyny bermäge meýilli adam tapanda, adam ganyny-da içýär. Adamyñ özünden göni ganyny sorýan Mişel bu bolşy bilen wampirleri ýada salýar.
Özüniñ gan içmegi gowy görýändigini we mundan el çekmek islemeýändigini aýdýar.
Telegepleşikde ejesini juda gowy görýändigini aýdyp, aglamyşlan Mişel mundan soñ ejesiniñ islegi boýunça bu ýaramaz pişesiniñ neneñsi täsirleri döredýändigini görmek üçin lukman bilen görüşdi.
Lukman oña mundan beýläk gan içmegine dowam eden ýagdaýynda gereginden artyk demir alýandygy üçin ýüregine we bagryna zeper ýetjekdigini, şeýle-de, wiral infeksiýa, HIV we gepatit ýaly kesellere-de ýolukmagynyñ ahmaldygyny aýdypdyr.
Mişel gan jçmegiñ organizmine ýetirjek zyýanlaryny bilendigine garamazdan, bu ýaramaz gylygyndan el çekip bilmejekdigini aýdýar.
Bu barada siz näme pikir edýärsiñiz? Teswirlerde pikir alşalyñ...
Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy
Haweran tarapyndan
kitapçy.

5комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.