Pornagrafiýa gurbanlary (gorkunçly statistikalar)

Bihaýalygyň netijesinde bütin-başly kowumlar, milletler, kontinentler, şäherleriň heläkçilige uçranlygy hakynda taryhy kitaplarda köp ýazylan. Bendelerini bihaýalyk diýen masgaraçylykdan saklamak üçin Allatagala Kurany Kerimde: "(Eý, Muhammet!) Mömin erkeklere aýt: "Gözlerini (nämährem aýallara seretmekden) saklasynlar we ujytlaryny (haramdan) gorasynlar". Bu olar üçin has arassa ýoldur. Takyk, Alla olaryň edýän zatlaryndan habarlydyr." [Nur/30]…

Şeýle hem bolsa, bihaýalyk 21-nji asyryň gyrgynçylygyna aýlandy. Döwrebap porno senagatynyň uly göwrümde işläp çykaryşy we bökdençsiz ýaýradylşynyň netijesinde bu gün ýer ýüzüniň 75 million ilaty oňa baglanmak bilen öz durmuşyny boşluga öwrüp boldular. Bu uly biznes. 2006-njy ýylda kämillik ýaşyna ýetmedikler üçin film işläp çykaryjylar 13 milliard $ peýda gördüler. Olaryň tomaşaçylarynyň sany ABŞ-daky gündelik täzelikleri yzarlaýjylardan 3 barabar artyk. 2007-nji ýylda bolsa porno işläp çykaryjylar 20 milliard $ golaý peýda tapdylar. Internetdäki şu meýdan eýeleriniň peýdasy 3 esse köpeldi.

Indi 2018-nji ýyldaky şu sanlara üns bereliň, dünýä boýunça her sekuntda porno saýtlaryna giriş üçin 375 müň $ harçlanýar. Her sekuntda 28250 kişi pornografiya tomaşa edýär. ABŞ-da her 39 minutda täze pornografik wideo düşürilýär. Internede ýüklenýän wideolaryň 35%-i pornografiýa. Internetden peýdalanyjylaryň 42,7% göterimi pornografiýa tomaşa edýär. 30% aýallar we 70% erkekler bütünleý porna baglanyp galanlar. Internet ulgamynda 4 million 200 müň porno saýt hasaba alynan. Olar 1 ýylda 13000 täze porno film işläp çykarýalar. Her güni "gözleg" hyzmatyndan 68 million pornografiýa degişli gözlegler edilýär. Diňe ABŞ-nyň ýeketäk özünde günde 40 million kişi dowamly şekilde porno saýtlaryna girýärler.

Sosiologlar, psihologlar we biologlar pornografiýa näme üçin dünýä ýüzünde bu derejede meşhurlaşyp gidenini we onuň ynsan üçin näderejede otrisatel täsir edişini anykladylar. ABŞ-nyň 47% ýaşaýjysy pornografiýa problemalaryň uly bölegi ekenini mälim etdiler. Porno baglanyp galan ilatyň 40%-i maşgala durmuşy weýran bolan. Maddy kynçylyklar girdabyna düşenler we 3%-i işden kowulanlar.

Pornografiýa pedofilligiň misli görülmedik ösüşine sebäp bolýandyr. Pornografiýa baglanyp galmagyň owalkysy gyzykyş: porno baglanyp galanlaryň köpçüligi onuň bilen, juda ýaşlygynda takyklanan wideo filmlerini görmäne başlaýar. Oňa baglanyp galan ynsan özüni kontrol edip bilmeýär we gaýtalap-gaýtalap tomaşa etmegi endik edinýär. Porno onuň ýaşaýşynyň bir bölegine aýlanyp galýar. Oňa baglanyp galan adam başda-başda ýürek bulaýjy ýigrençli epizodlaryny hem görmäne mejbur bolýar. Soňabaka bu hem ýetmeýän ýaly, ondan hem beterlerini, pisinden-pisini gözlemäne başlaýar. Görenlerini real durmuşa geçirmäne synanyşýar. Şeýle kadrlary tomaşa edýärkä neyronlarda fosbi toplanyp, beýni düzüminde özgeriş başlaýar. Bu soňra töweregindäkilerden gaharly we bizarlaşan adama öwrülip, has soňra hemme zat kynlaşyp, garaňkylaşyp baryberýär. Iň soňunda akyl-huşy porno bolup galýar. Hemme zat oňa reňksiz we bimany görünýär. Soňra ondan erkinlik güýji ýitip başlaýar. Ine şu - baş beýnidäki erkinsizlige garşy göreşýän jogapkär böleginiň, konkretno tramwa alandygyny aňladýar. Alymlaryň sözlerine görä porno baglanyp galan ýigit ýa-da gyz durmuş guranlarynda jynsy tarapdan çynlakaý meselä duş gelýäler...


#internet maglumatlary esasynda taýýarlandy.
4 лайков 681 просмотров
15комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Yusup
09 авг 2022, 12:13
Shu keyp diyilyan zada baglanmaly dal. Sebabi hemme keypi edip goresin gelya in sonunda hemme keypi edip gorenson ozunden birinin keyp almagyny islap oz yoluny urduryan. Yagna oz arabany ozun agdaryan
Yusup
09 авг 2022, 12:14
Sho un cheni bilen bolsa gowy hemme zadam
Halap
09 авг 2022, 12:15
Indi her bir gören zatlarymyza ynanyp baramzok şepe. Porno wideolar zyýan däl diýjekdäl ýöne şonuň zyýandygyny bilibem halkara guramalar şol pislige rugsat berişleri geň. Diýmek, ýolbaşçylaň eli bar şol pis işleriň arkasynda. Sebäbi, şonuň hakykatdanam dünýä derejesinde zyýanly diýlip ykrar edilse neuželi googleden pozup bilmezler şony döwlet ýolbaşçylar, halkara guramalar?!
#B.S
09 авг 2022, 12:16
Haydaroff,
Massonlar edýä ony bro!
#B.S
09 авг 2022, 12:17
Haydaroff,
Arak wino piwo rugsat beryalera bro :) gaytam peydaly bolan nasa geroin tiryege rugsat berenoklar :)
(Shutga)
Halap
09 авг 2022, 12:21
Khanture
Haydaroff,
Massonlar edýä ony bro!

Massonlar gizlenip edýämi ony?
Halap
09 авг 2022, 12:24
Khanture,
Aýdaly, masonlar edýär diýeli. Ýöne olara kim rugsat berýär şol işleri etmäge we näme üçin? Zyýan bolsa gadagan edip bilenoklarmy masonlara?
#B.S
09 авг 2022, 12:24
Haydaroff,
Ýok olar gizlin gurama dal islendik erkin adamy kabul edyaler oz hataryna
Suleyman
Автор 09 авг 2022, 12:25
Haydaroff,
Haydaroff
Indi her bir gören zatlarymyza ynanyp baramzok şepe. Porno wideolar zyýan däl diýjekdäl ýöne şonuň zyýandygyny bilibem halkara guramalar şol pislige rugsat berişleri geň. Diýmek, ýolbaşçylaň eli bar şol pis işleriň arkasynda. Sebäbi, şonuň hakykatdanam dünýä derejesinde zyýanly diýlip ykrar edilse neuželi googleden pozup bilmezler şony döwlet ýolbaşçylar, halkara guramalar?!


Demokratiýa.
Hany sen garşy çykyş edip gör. Kelläň gidäýmese. Oňa garşy göreşýän adamlaň elinde däl, ony togtatmak. Bu uzak gürrüň...

Ýokarda näçe göterim adamyň oňa baglanyp galany we onuň eýeleriniň ýyllyk girdejýisini görkezdim. Birinji bolup kelläňi aljak şolar aslynda.

1 aý mundan nowosti seredip otyrkam, haýsy döwletligi ýadyma düşenok, adamlar köçä çykyp protest bildirip ýörler eken. Şol döwlet aborty kanun taýdan gadagan etjek bolupdyr. Elleri plakatly halk "etmersiň" diýip garşy çykdylar...
#B.S
09 авг 2022, 12:26
Haydaroff
Khanture,
Aýdaly, masonlar edýär diýeli. Ýöne olara kim rugsat berýär şol işleri etmäge we näme üçin? Zyýan bolsa gadagan edip bilenoklarmy masonlara?

Olaryn ozi shonu adamlary goyunlashdyrmak isleyada bro
#B.S
09 авг 2022, 12:28
Adamlar goyun bolup barya madonlaram ozuni copandyryn oydya
#B.S
09 авг 2022, 12:28
*masonlaram
Halap
09 авг 2022, 12:30
No comment. Men hiç zat bilemok. Okamogam, göremogam, okasamam manysyna düşünemok. Bileniňden bilmäniň gowy ekenä toba-toba...
#B.S
09 авг 2022, 12:32
Haydaroff,
Howwa how colde goyun geci bakyp gezenden gowsu yok
Suleyman
Автор 09 авг 2022, 12:34
Muny azajygam bolsa, birinji bn özüňize haýpyňyz gelsin ýa-da şojagaz hereketiň b.n kimleň çyrasyna ýag damdyrýanyňyzy bilmek we ertir şol goşandyň özüňe tarap atylan ok bolup degmegi 100/100 ahmal diýip çöpledim we paýlaşdym.

Ol pudagyň taryhy uzak we häzir muny bütünleý aýyryp taşlamak mümkin däl. Diňe ahlagymyzy arassa saklap, dogry jynsy terbiýe alyp, oňa bulaşman saklansa bolar.
Hiayress
09 авг 2022, 14:22
Dark_Wolf,
Arada Amerikanyň bir ştatynda abort etmekligi gadagan etjek bolup ýördüler.
Ependi
10 авг 2022, 10:09
SSSR-i ýykanam pornografiýa. Kommunistik partiýa bu zatlara gaty gadaganlyk girizen eken. Edil, Yslam ýaly. Erkinlik ýok. Daşary ýurt pornografiýasy bolsa bulara güjäňleýärdi. Imenno alsaň, ol wagtlar wideomagnitofon bardy. Gizlin porno kassetalar satylardy, ýada 1 sutka prokat berlerdi. Onam gizlin görerdiler. Soýuz wagty gowy eken diýýän adamlar şol wagtlar nägilediler, gaty köp zatlara göz ýetirmekden gömdüler. Edil, şu wagtky ýaly, biziňki ýaly internete basyş edişleri ýaly.

Ýönekeý zat, "Malenkaýa Wera" diýen kino bardy, erotiçny. Şol kino oba klubyna gelse, ortasy gymyldaýan ýaşulylara çenli görmäge barardy. SSSR şolar ýaly gysdy pornografiýany. Awtor, ýokarda aýdylan köpüsi gaty ýalňyş pikir. Adamzat erkin düşünjäni yzlaýar mydama. Iň soňunda bolsa urup-ýaryp çykýar bir ýerden. Ýagny, nägileligini.

Nähili düşündiremkam, Biz musulman däl aslynda, adam. Araplar bizi gorkuzyp, musulman bolmadygyňam kellesini kesip, şeýdip gorkuzyp musulman edip gitdiler blzi. Olaň ertekisine güp ynanyp bizem. Olar 12 heleý alýar. Porno gowumy ýada şolaňky? Elbetde olaňky. Ýalňyş pikir, edil 10 ýyl mundan öň islän pornomy görýärdim. Ol wagtlar int açykdy, hemme saýtlar. Bular blok etmäni başaranokdylar. Şol wagtlar menem gördüm. Soňabaka doýdum dogrusy, sebäbi, ite dökün haçan görjek bolsaň.

Gözýetim giňänsoň köp zatlara düşündim. Ýutuba girip köp zatlary öwrendim. Meselem, bir tanşym bardy. Şol zeýrendi bir gezek, ýol gyradaky setkalaryny söküp ýörşüne. "Indi bular ýaly setkalar gelenok, nädip ýasaýakalar şuny?" diýdi. Menem ýutubdan gözletdim: "Setka w domaşnih uslowiýah" diýip. Setkaň çykarylyşyny düşündirip dur, nähili stanok gerekligine çenli. Şondan soň goňşym öýünde setka ýasap satyp ugrady. Geçgini gaty gowy boldy. Soňabaka işgär alyp ugrady. Indi özi hijem işlänok. Gepi başga ýana sowsamda, maksat bir. Internete gözegçiligi azaltsalar has gowy. Pornony ýapyp hijem utan zadyň bolmaz. Ýaşlaň köpüsiniň telinde, gizlin ýerinde pornodan kän zat ýok. Bu diňe suwsatmak bolýar, nägilelige getirýär.