GABYR ÝAŞAÝYŞ HAKDYR
GABYR ÝAŞAÝŞY HAKDYR
يُثَبِّتُ اللّٰهُ الَّذ۪ينَ اٰمَنُوا بِالْقَوْلِ الثَّابِتِ فِي الْحَيٰوةِ الدُّنْيَا وَفِي الْاٰخِرَةِۚ وَيُضِلُّ اللّٰهُ الظَّالِم۪ينَ وَيَفْعَلُ اللّٰهُ مَا يَشَٓاءُ۟
"Gabyr içinde çygyr-waýlar görer sen".
"Gabyr-lahat diýlen darlar alnyñda".
Magtymguly.
Eziz doganlarym!
Ölüm bilen başlanyp, tä kyýamat gününe deñiç dowam etjek ýaşaýşa gabyr ýaşaýşy, ölüm bilen başlanyp täzeden direliş günümize çenli dowam etjek ýaşaýşa bolsa berzah ýaşaýşy diýilýär.
Gabyr ýaşaýşy berzah ýaşaýşynyñ bir bölümi bolup durýar. Berzah dünýäsi - bu dünýä bilen ahyretiñ arasyndaky dünýädir. (Berzah dünýäsi hakda taýýarlan aýratyn ýazgymyzy ýakynda bereris.)
Hawa, gabyr dünýäsi we dünýäde iman edenleriñ we tagat-ybadat bilen ömrüni ötürenleriñ ebedi bagta ýetjekdigi, şirk getirenleriñ we garşy gidenleriñem azaba duçar boljakdygy hakdyr. Adam ölenden soñ wagtyñ geçmegi bilen çüýräp, pytrap, guma siñip gitse-de, onuñ ruhy ölmeýär.
Aradan çykan kişiniñ endamynyñ her tikesi gulak ýaly bolsa-da, ýa-da ýyrtyjy haýwanlar ony lak-luk atsa-da, ýa bolmasa oda ýakylyp küli asmana sowrulsa-da, ol kişi barybir gabyr ýaşaýşyny başdan geçirmeli bolar, gabyr ýaşaýşynyñ sorag-jogabynyñ öñünde kelle ýalañaçlap durmaly bolar. Şonuñ üçin onuñ ýeriñ astyna depin edilendigi ýa edilmändigi wajyp däldir. Adam gabyrda soraga tutulandan soñ gabyrda ýa-ha ehli-sadagatyñ ýa-da ehli-şekawetiñ hataryna goşulýar.
Gabyr azaby iki dürlidir:
- Biri, hemişelikdir. Bu azap kapyrlara we mynapyklara berilýär.
- Beýlekisi, wagtlaýyndyr. Bu azap günäli möminlere berilýär. Bular gabyrda günälerine berilmeli jezalara barabar azaby çekmeli bolarlar. Jezalary gutaranda gabyr azaby olaryñ üstünden aýrylýar. Gutarmasa welin, azap kyýamata çenli dowam edýär.
Ehli-imanyñ (iman edenleriñ) gabyrda çekjek azaby eden günälerine kefaratdyr. Gabyr azaby olaryñ günälerine berlen jezadyr. Eden günäsiniñ jezasy gabyrda biten kişi gaýtadan direliş gününde ýene şol günäsi sebäpli ikilenç jezalandyrylmaz.
Musulman doganlarym!
Kurany-Kerimde gabyr ýaşaýşyna, gabyrdaky bagtyýarlyga we azaba yşarat edýän köp sanly aýatlar bar.[1] Şeýle-de gabyr ýaşaýşy birnäçe hadyslarda göwne batnykly şekilde düşündirlipdir. Resulalla (s.a.w) gabyrda azap çeken käbir kişileriñ sesini eşdipdir,[2] gabyr azabyndan Allaha sygynypdyr we sahabalary bilen bilen birlikde jümle ymmatyna gabyr azabyndan Allaha sygynmagy buýrupdyr,[3] jynaza namazyny okan kişisini gabyr azabyndan goramagy üçin Allaha doga edipdir,[4] gabra salynan adamyñ soraga tutuljagyny aýdypdyr,[5] gabyrda azap çekýänleriñ sesini haýwanlaryñ eşidýändigini habar beripdir.[6]
Gybat we arabozarlyk etmek, gep gezdirmek,[7] öliniñ yzyndan ýaka ýyrtyp aglamak,[8] bergidar bolup ölmek,[9] ýalan sözlemek, zyna etmek, süýthorlyk etmek, içgi içmek[10] ýaly günäleriñ gabyr azabynyñ berilmegine sebäp döredýändigi aýdylýar. Hadyslarda gabryñ gysmagy,[11] merhuma her gün irden we agşamyna dowzahdaky ýeriniñ görkezilmegi[12] ýaly azap görnüşleriniñ bardygy-da habar berlipdir.
Gabyr ýaşaýşynyñ bardygyny nakly (dilden-dile geçme maglumatlar) deliller bilen subut edilşi ýaly akly deliller bilenem subut etmek mümkin. Gabyr ýaşaýşynyñ kiçijik numunesi düýş dünýäsidir. Edil uklap ýatan birini düýşünde gören zadynyñ ony begendirşi ýaly, ony gynandyrjak zatdanam agyry-ynjy duýup, täsirlenip bilýär.
Meselem, bir adamy düýşünde ýylan çaksa, ol mundan yza çekendigini aýdyp dady-perýat edip gygyrýar, kömege çagyrýar, dert-elem çekýär. Bu zatlar bolup durka onuñ ýanyndaky adamlaryñ uklap ýatan adamyñ çekýän bu yzasyndan, derdinden habarlary-da bolmaz. Ýa-da başga biri düýşünde jennete meñzeş bir ýurda gidip, ol ýerde ajaýyp köşge girýär, köşkde nazy-nygmatdan doly desterhana dost-ýarlary bilen el uzadýar... Ol muña heziller edýär, jany gönenýär. Bu zatlar bolup durka-da onuñ ýanyndakylar uklap ýatanyñ neneñsi sagadata gowşandygyny duýman galarlar.
Ynha, gabyr ýaşaýşy-da şuña meñzeşdir. Düýş dünýäsini we bu dünýäde duýulýan hezillikdir agyry-ynjyny inkär etmeýän adam gabyrdaky bagtyýarlygy hem-de azaby inkär edip bilmez.
Sebäp düýş dünýäsi gabyr dünýäsine meñzeş dünýädir.
# Çeşme: ("Ýasin" süresiniñ tefsiri II, "Ýasin" süresiniñ 52-nji aýatynyñ tefsiri.)
[1] "Bakara" 28, 154; Aly-Ymran 169-171; "Toba" 101; "Ybraýym" 27; "Taha" 124; "Haj" 58-59; "Sejde" 21; "Mömin" 11, 45-46; "Tur" 47; "Nuh" 25 we ş.m. aýatlaryñ tefsirine ýüzlenip bilersiñiz.
[2] Müsned 3 / 103-104; Müslim "Jennet" 67-69
[3] Müsned 3 / 296; Müslim "Jennet" 67
[4] Müslim "Jenaiz" 86
[5] Buhary "Jenaiz" 67,86; Müslim "Jennet" 70-72
[6] Nesaýy "Jenaiz" 115
[7] Müsned 1 / 225; Buhary "Jenaiz" 88, "Wudu" 57
[8] Buhary "Jenaiz" 33; Müslim "Jenaiz" 16-28
[9] Ibn Maje "Sadakat" 12
[10] Buhary "Jenaiz" 92, "Düýş tagbyry" 48
[11] Tirmizi "Jenaiz" 70
[12] Buhary "Jenaiz" 88; Müslim "Jennet" 65-66

5комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.