Haýran galdyryjy ýagdaý...

Salam hormatly agzalar. Men bu gün gyrkymyñ taryhynda goýlan täze rekort hakda hemde ýurdumyzyñ başga ýerlerinde güýz gyrkymynyñ depgini hakynda pikir alyşmak üçin şu mowzugy ýazyp otyryn. Goýun gyrkmak elmydama bar bolşy ýaly orus döwründe-de bolupdyr. O döwürler biz kiçiräk ýöne käbir zatlar ýadyma düşýär, süri gyrkyma gelende suwdan geçirilip ýuwlardy ýüñi ýumşak bolar ýaly onsañam maşinkada gyrkardylar. Gyrkymçylara gowy seredilerdi ýörite hünärmenler bardy, gowy gyrkýanlara baýraklar berlerdi, şonda-da süri añsat bir günde gyrkylyp gutarylmazdy. Aralykdaky döwrüñ gyrkymyny ýazsam uzak bolar, şu ýyla geçeýin. Garaz gyrkym başlady bir hepde bäri, müñ müñ iki ýüz goýun iki ýarym sagatda gyrkyldy, eý-ho Allajan bu ýagdaýa serediñä, dañ bilen gyrkyma diýip gidenler sagat dokuz onlara dynýalar. Özem başdan aýak şeýle şu ýyl bolmasa baýragam ýok diñe kelle başyna iki manatdan hak alýalar. Herkimede okuw eşik ýene diýip pul gerek welin, şeýle pula mätäç bolup başga çykalgasy ýok adamlara nebsim agyrýa. Eý Allajan ölmeseñ nämeler görýäñ, bäş ýyl mundan öñ şeýle bolar diýseler hiç ynanmazdym. Başga ýerlerde-de agyr işleñ biri bolan gyrkym şular ýaly ýöreýämi ýa ýalbaryp gyrkdyrmalymy!? Mesligine gyrkýana ýok welin, adamlar edil robot ýaly menem oturan ýerimden haýran galyp ýetişip bilemok:))
8 лайков 309 просмотров
24комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Suleyman
15 авг 2022, 12:24
müñ müñ iki ýüz goýun iki ýarym sagatda gyrkyldy,

Mbäh, çyndanam üýtgeşik netije. Her kelläde 2 manat bolsa, mugtyň bäri ýany ekeni...

Bir ýaşulyny tanaýan, gapysynda 5-6 sany kel toklysy bar, şony özi gyrkýar her ýyl. Ýarym günde zordan gyrkyp bolýar. Goýun janaweriň agzynyň sülekeýi akyp gidýär, kese ýatyşyna...)
Pegas
15 авг 2022, 12:34
Ýaşaýyş üçin göreş.
Dowsypat
15 авг 2022, 12:39
Turkmen bir caynek bersede reklama edip bermeli.Syomka dushmejek bolsan,reklama edilmejek bolsa,yeke copem berenok.
Dowsypat
15 авг 2022, 12:41
Orsynky halky howeslendirmek.
Turkmeninki syomka.Bagtyyar yashayar diyip reklama etmage bir zat bolsa boldy.Halkyn howesinin bildiryan yeri yok.
Esma
15 авг 2022, 12:49
Biz-ä şu ýyl goýunlarymyzy 10 manatdan gyrkdyrdyk.
menembiri
15 авг 2022, 12:50
Hakykatdanam mugtyň bäri ýany eken, malades diýäýmeli eken özi'de yssy gumyň içinde şojagaz pula işleýän bolsalar...
Maksat
Автор 15 авг 2022, 12:57
Dark_Wolf
müñ müñ iki ýüz goýun iki ýarym sagatda gyrkyldy,

Mbäh, çyndanam üýtgeşik netije. Her kelläde 2 manat bolsa, mugtyň bäri ýany ekeni...

Bir ýaşulyny tanaýan, gapysynda 5-6 sany kel toklysy bar, şony özi gyrkýar her ýyl. Ýarym günde zordan gyrkyp bolýar. Goýun janaweriň agzynyň sülekeýi akyp gidýär, kese ýatyşyna...)

Gyrkymça iki manat güýlýäne kelle başyna elli teññe. Kyn iş özümem gyrkan döwürlem kyrk töwerek gyrkýadym şonnada ýadaýadym, inni robot ýaly ýadanoklar diýýä onsañam çopanlar Çopan atañ ýoluna diýip bir mal soýýa her gyrkymda, inni garpyz bilenem sowsañ boljak diýýäler ynsabyñ çatsa:)
Soho
15 авг 2022, 13:01
ya w hayrane, ynanyp blmk...
Maksat
Автор 15 авг 2022, 13:05
Pegas
Ýaşaýyş üçin göreş.

Ýaşaýyş şeýle kynlaşýamyka indi? Zähmet çekmek işlemek gowy zat welin çopanlar gorkýa bir zadyñ alamaty ýaly, ýalbaryp gyrkdyrlardy gaýrat ediñ dynalyñ diýip, inni ertir gyrkym gyrkjak diýäýmeli birem maşyn taýynlasañ, özüñden öñürti elli altmyş gyrkymçy taýyn maşyna sygmadygy matorly barýalar.
Maksat
Автор 15 авг 2022, 13:09
Dowsypat.
Orsynky halky howeslendirmek.
Turkmeninki syomka.Bagtyyar yashayar diyip reklama etmage bir zat bolsa boldy.Halkyn howesinin bildiryan yeri yok.

Şu ýyla birhili bolmasa malam köpelmese azalanok. Ökde gyrkymçylar bar ökde dälem bar onsañ käbiri ýigrimi manat gazanýanam bar diýýä, dañdan dörtde turyp maşynda gyslyşyp eşigiñi derse garyp yssyda işläniñe degenogam welin.
Gauzen
15 авг 2022, 13:12
Bäý-bä
Maksat
Автор 15 авг 2022, 13:13
Esma
Biz-ä şu ýyl goýunlarymyzy 10 manatdan gyrkdyrdyk.

Bäh, sagaman aýaga galsam gyrkmaly bolsada bakmaly bolsada meni çagyraweriñ, ýol kireý bereniñe degýä:)). Güne elli altmyş gyrksam bir ýylda işläp gazanjagymy bir sezonda gazanjak ekenim:)
Maksat
Автор 15 авг 2022, 13:15
menembiri
Hakykatdanam mugtyň bäri ýany eken, malades diýäýmeli eken özi'de yssy gumyň içinde şojagaz pula işleýän bolsalar...

Şo mugtyñ bäri ýanam ölüşik... Bankamada oçura duran ýaly ýa ýag paýok berilýän ýaly saña ýetdi maña ýetdi:).
Gauzen
15 авг 2022, 13:17
Bayker
menembiri
Hakykatdanam mugtyň bäri ýany eken, malades diýäýmeli eken özi'de yssy gumyň içinde şojagaz pula işleýän bolsalar...

Şo mugtyñ bäri ýanam ölüşik... Bankamada oçura duran ýaly ýa ýag paýok berilýän ýaly saña ýetdi maña ýetdi:).

Bir sürini näçe gyrkymçy gyrkýar?
Maksat
Автор 15 авг 2022, 13:19
Soho
ya w hayrane, ynanyp blmk...

Menem şeýle şu ýyl ynanar ýaly däl, geljekde öñümizdäki ýazda zatda gyrkyma gitjek bolsañ tanyş üssi bilen ýa birzatjyk emlemeli bolmagam mümkin:).
Maksat
Автор 15 авг 2022, 13:22
Gauzen,
Şu ýyla azyndan kyrk gyrkymçy köpi ýetmişe barýa diýýä.
Victus
15 авг 2022, 13:32
Menem gapymdaky dort goyny yarym sagatda gyrkdym
Kerbaba
15 авг 2022, 13:58
Bayker
Gauzen,
Şu ýyla azyndan kyrk gyrkymçy köpi ýetmişe barýa diýýä.

Шукур эдин... Хер гойна бир,, парихмахер" душсе натжек!?.:)
Hiayress
15 авг 2022, 14:00
Beterinden gorasyn, toba, toba... :D
Enesh_Turkmengyzy
15 авг 2022, 14:07
30 sany gecini jigim bilen bir hepde iş edinyedik her gun salkyn wagtlary 5 den 6 dan ka gun 3 sanakdan ))
Enesh_Turkmengyzy
15 авг 2022, 14:09
Bayker
Esma
Biz-ä şu ýyl goýunlarymyzy 10 manatdan gyrkdyrdyk.

Bäh, sagaman aýaga galsam gyrkmaly bolsada bakmaly bolsada meni çagyraweriñ, ýol kireý bereniñe degýä:)). Güne elli altmyş gyrksam bir ýylda işläp gazanjagymy bir sezonda gazanjak ekenim:)

Gunde 50 60 gyrdyrmayaday bolsa 20 gyrkarsyn garantiya))
Esma
15 авг 2022, 16:18
Bayker
Esma
Biz-ä şu ýyl goýunlarymyzy 10 manatdan gyrkdyrdyk.

Bäh, sagaman aýaga galsam gyrkmaly bolsada bakmaly bolsada meni çagyraweriñ, ýol kireý bereniñe degýä:)). Güne elli altmyş gyrksam bir ýylda işläp gazanjagymy bir sezonda gazanjak ekenim:)

Kiçi mallary (goýun, geçi) aýda 15 manat. Sygyrlarymyzam 50 manatan bakdyrýas. Onuň daşyndanam "öri ýer aldyk" diýibem ýygnaýarlar. Irden 7-den alyp gitseler, ak öýlän 5-de yzyna getirýärler.
Birki ýyllykda sygyrmyz bir şahyny döwdürip gelipdi sürüden. Süýdini kesip halys boldy görgüljik. "Bu nähili beýe boldy?" diýenim bir söz . Beýleki sygyrlarymam jyrrladyp kowup göýberipdi, bakman.
Gowy çopanlaram bardyr-la welin meniň goşýanym şeýleräk-dä.
Waleryanka
15 авг 2022, 17:56
Bayker,
Şolaryň içinde gelin gyzlar bar diýýämi? Saryýazy ,Guşgy , Garaköl taraplarda gyz gelinlerem goýun gyrkýamyşyn diýip eşitýärdik.
Maksat
Автор 15 авг 2022, 19:06
Waleryanka
Bayker,
Şolaryň içinde gelin gyzlar bar diýýämi? Saryýazy ,Guşgy , Garaköl taraplarda gyz gelinlerem goýun gyrkýamyşyn diýip eşitýärdik.

Gyrkymçylañ ýarysyndan gowragy gyz gelin daýzalaram bar. Elli gyrkymçy bolsa otuzysy aýal maşgala.
Maksat
Автор 15 авг 2022, 19:18
Esma,
Onça hak berýän bolsañyz otaýlarda mal bakmak kyndyrda. Kelle başyna onbäş manat bolsa başga iş gerek däl, bilemok ýöne şertler agyr bolsa.
Oksimiron
15 авг 2022, 22:34
Aglap duran smaýlik