GARAZ...

Ertir.com edil bu wagtky saýtlar ýaly däldi: manyly, diskussiýa girip bolaýjak, bir zatlar öwrenip bolaýjak... mowzuklar açylýardy. Agzalary грамотный-dy. Beý diýsem, "грамотный" bolmak diňe ýokary bilimden ybarat diýdigim däl. Diňe orta mekdebi okanlarynyň hem hemmesi diýen ýaly diýseň sowatlydy, medeniýetlidi, edeplidi...
Dogry, "Süri agsaksyz bolmaz" diýilýär, ol ýerde hem bardy ýek-tük dawaçy, boş-boş gohlary turuzýanlar, biriniň göwnüne degmekden lezzet alýanlar... Даже özüm hem birnäçe agza bilen "gan-da-pyçak" bolupdym... Şol ýerdäki agzalar bilen şondan bäri dogan ýaly bolup, maşgala bolup gatnaşýan oglan-gyzlarym, gelnejelerim, agalarym bar häzirem ("Agalarym" diýmegim, ol döwürler iň kiçisi bizdik). Ýöne şol agzalaryň içinde dünýeden gaýdanlary hem bar. Göz öňüne getiriň: şu gün seň bilen mowzuklaryny paýlaşýar, maslahatlar berýär mowzugynyň üsti bilen, ýa bolmasa, pikirler bölüminde pikir ýazyp, pikiriňizi okap, prikol tutuşyp otyr. A ertesi hem şol agzalar barada gynançly habar gelýär... Biriniň uzak wagtlyk keseli bar eken, beýlekisi bilen betbagtçylyk hadysasy bolup geçýär... Ikisem ýaşdy, akyllydy, sowatlydy, alçakdy, agrasdy, medeniýetlidi...
Men bu zatlary näme üçin ýatlaýan? Soňky günler diňe sögünçler, kemsitmeler, bolar-bolgusyz şahsa ýetmeler... Nämä gerek şu zatlar??? Ýa nämä peýdaly şular??? Ertir.com'daky ýaly ýagdaý ýüze çyksa (Alla saklasyn!), hiç ynsap azaryny çekmezmisiňiz??? Jahyllygy goýup, has goýazylaşmagymyza wagt bolmadymy???
16 лайков 576 просмотров
32комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Ali
22 фев 2022, 19:37
Agajan yaly admin yok shondan ol. Onsonom hazirki yashlarda kan ula bolan sylag yok. Hemme zat pula yatdy guler yuze zat yok. Ol wagtlar yalnyshmasam yetimler oyune zada saytdakylar bolup sadaka berlerdi. Hazir pul soramok beylede dursun minus bassan haramzada gorup bolyan
#динара.
22 фев 2022, 19:39
Цитата: Hizir Chakyrbeyli
Agajan yaly admin yok shondan ol. Onsonom hazirki yashlarda kan ula bolan sylag yok. Hemme zat pula yatdy guler yuze zat yok. Ol wagtlar yalnyshmasam yetimler oyune zada saytdakylar bolup sadaka berlerdi. Hazir pul soramok beylede dursun minus bassan haramzada gorup bolyan

.. bahaber
Biohimik
22 фев 2022, 19:40
Allah sabyr bersin
@abaddon a hayys et kimiñ pozanyny ozi belli eder
Belki
22 фев 2022, 19:40
Adam bolan ýerde dawa bolar.Hatda bir maşgalañ içinde-de dawalar bola-bola gelýändir.
Häzirkiler bilen oñuşjak bolmaly."Olar şeýledi"diýmek bilen olaryñ gaýdyp geljek gümanasy ýok.
Milana
22 фев 2022, 19:41
Edep bilen gürlejeg-ä ýok eken. Uruşmana sähel bahana bes ýaly özä. Niredenembir gelipdirin diýdirdiler :)
Ali
22 фев 2022, 19:43
Milana seninem yuzuni alypdyrlar eyyam yanrak okadym :) yashlarda kan uns berme
Pegas
Автор 22 фев 2022, 19:44
biohimik., men öz goşgularym üçin saýtlary baza edip ulanýardym. Diňe şolara gynanýan. Ýitip gidýärler. Galan zat gümüne-le! Zyýany ýok, bähbitdir. Ýöne kim edenem bolsa, gaty namartlapdyr.
Milana
22 фев 2022, 19:50
Güler ýüzli jigim, saňa,
Aýdaýyn bir nesihaty.
Duşman gepi jana ýara,
Salar geçse öte gaty.

"Kerwen geçer it üýrse-de",
Geçip gitgin, üns berme-de,
Akmak özün görkezjek bor,
Il içinde şermenlikde.

Sen parasat, parhly bolgun,
Hormat goýsun saňa il-gün.
Gara golaý barsaň her hal,
Ýokar kiri şony bilgin!

Söz deňeşmän bilen,
Iň gowusy, daşlaşmakdyr,
Dostsyraýan, duşman bilen,
Göwne degmän, hoşlaşmakdyr.

Göwrümiňi giň tutgun sen,
Päkle açyp, ýüregiňi,
Duşman üçin janyň ýakma,
Nesihatdan al geregňi,

M
doctor
22 фев 2022, 19:50
WAH ANA SUNA ÇYNDAN GYNANDYM MOLLUM GEÇDIGI BOLSUN OZINI KAN YAKDYRMASAMAM GOSGULARYNY KITAPÇY.KOMDAN IS EDIP OKAYANDA MEN BEY DIYDIGIM FANATLYKDAN DALDE SYGYRYET DUYGULARYN TASIN MANA
Mechta
22 фев 2022, 19:55
Yurekdesh ru da gowudy ilki giremde shona agza bolupdym agzalar gaty agzybirdi
Гость
22 фев 2022, 19:58
Waah,Ertir.com aglaya
Mechta
22 фев 2022, 19:58
Onsonam icinizdaki zatlary sahsy durmushunyz barada juda ynamadar adamynyz bolmasa aytman hic by wagt iki gozin biri dushman
Ogulşirin Bayramowa
22 фев 2022, 19:59
Her kim her hili. Ýekejesi ýada ikisi şeýle diýip, hemmesini şeýledir öýdmäň))
Ogulşirin Bayramowa
22 фев 2022, 20:01
Ertir.com'daky ýaly ýagdaý ýüze çyksa (Alla saklasyn!), hiç ynsap azaryny çekmezmisiňiz???

Çykdam, çekdimem, azap çekibem ýörn... cilimkesh
Гость
22 фев 2022, 20:03
Hany temalaň?! name
Pegas
Автор 22 фев 2022, 20:05
Гость, daňdan-a ählisi pozulypdyr, bu günki öýlän açanymam ýaňyrak pozulypdyr) Teswirlerimem)
Гость
22 фев 2022, 20:10
Цитата: Pegas
Гость, daňdan-a ählisi pozulypdyr, bu günki öýlän açanymam ýaňyrak pozulypdyr) Teswirlerimem)

Haý blää.Iki adam admin bilen üç,şulaň biri pozandyr. Anykladyňmy?
Hiayress
22 фев 2022, 20:20
Moderatoryň güni şeýle bolsa bolaýypdyram. :(
Pegas
Автор 22 фев 2022, 20:26
Цитата: Гость
Цитата: Pegas
Гость, daňdan-a ählisi pozulypdyr, bu günki öýlän açanymam ýaňyrak pozulypdyr) Teswirlerimem)

Haý blää.Iki adam admin bilen üç,şulaň biri pozandyr. Anykladyňmy?

Admin jogap bermedi entek. Irden ýazyp goýşum.
Garabufer
22 фев 2022, 20:27
Цитата: Гость
Waah,Ertir.com aglaya

Siz şowagtam barsyñyz , şowagt hem Гость dyñyz
nasmin
22 фев 2022, 20:42
su saytam ertir.com yaly edip bolya caga agzalara blok teswir yazmany like basmany caklendirmeli bolar bolgysyz bloklaram pozmaly dusunjesi ginirak moder goymaly
nasmin
22 фев 2022, 20:43
islan wagtyn islan blok acmaz yaly etmeli
nasmin
22 фев 2022, 20:44
su saytam ertir com yaly edip bolya caga agzalara taze gelenlere blok teswiri like basmany caklendirmeli
Leyli Amanowa
22 фев 2022, 21:06
Gynandym :((( Newir goşgular...
Maksat
22 фев 2022, 21:09
Demirindenmi ýa kömründenmi birek biregi kemsitmek, göwniýetmezçilik köpelýä özä.
Lachin
23 фев 2022, 09:13
Hizir Chakyrbeyli,
? правильно говоришь...
Lachin
23 фев 2022, 09:19
Pegas,
Что за наглость?! ?
ALMa
23 фев 2022, 15:00
wah talyplar comam gowow......
LIDER
23 фев 2022, 16:44
@cishik, @metehan, birem ýalñyşmasam @jümjüme agzalar ýogalypdy. @metehan agza gynandym yash oglandy, gurbanlykda hiññälikden (sallançakdan) ýykylyp ýogalypdy.
Leyli Amanowa
23 фев 2022, 16:49
LIDER,
@jumjume pahyr "onun arabasi bar" diyp maşyn arzuw eder yörerdi :(( Yatan yeri yagty bolsun!