GARAZ...
Ertir.com edil bu wagtky saýtlar ýaly däldi: manyly, diskussiýa girip bolaýjak, bir zatlar öwrenip bolaýjak... mowzuklar açylýardy. Agzalary грамотный-dy. Beý diýsem, "грамотный" bolmak diňe ýokary bilimden ybarat diýdigim däl. Diňe orta mekdebi okanlarynyň hem hemmesi diýen ýaly diýseň sowatlydy, medeniýetlidi, edeplidi...
Dogry, "Süri agsaksyz bolmaz" diýilýär, ol ýerde hem bardy ýek-tük dawaçy, boş-boş gohlary turuzýanlar, biriniň göwnüne degmekden lezzet alýanlar... Даже özüm hem birnäçe agza bilen "gan-da-pyçak" bolupdym... Şol ýerdäki agzalar bilen şondan bäri dogan ýaly bolup, maşgala bolup gatnaşýan oglan-gyzlarym, gelnejelerim, agalarym bar häzirem ("Agalarym" diýmegim, ol döwürler iň kiçisi bizdik). Ýöne şol agzalaryň içinde dünýeden gaýdanlary hem bar. Göz öňüne getiriň: şu gün seň bilen mowzuklaryny paýlaşýar, maslahatlar berýär mowzugynyň üsti bilen, ýa bolmasa, pikirler bölüminde pikir ýazyp, pikiriňizi okap, prikol tutuşyp otyr. A ertesi hem şol agzalar barada gynançly habar gelýär... Biriniň uzak wagtlyk keseli bar eken, beýlekisi bilen betbagtçylyk hadysasy bolup geçýär... Ikisem ýaşdy, akyllydy, sowatlydy, alçakdy, agrasdy, medeniýetlidi...
Men bu zatlary näme üçin ýatlaýan? Soňky günler diňe sögünçler, kemsitmeler, bolar-bolgusyz şahsa ýetmeler... Nämä gerek şu zatlar??? Ýa nämä peýdaly şular??? Ertir.com'daky ýaly ýagdaý ýüze çyksa (Alla saklasyn!), hiç ynsap azaryny çekmezmisiňiz??? Jahyllygy goýup, has goýazylaşmagymyza wagt bolmadymy???

32комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.