Nury Halmämmedow
Doglan ýeri: Türkmenistanyň Ahal welaýatynyň Baharly (Bäherden) etrabynyň Mürçe obasy. Türkmenistanyň halk artisti, SSSR-iň we Magtymguly adyndaky Döwlet baýraklarynyň eýesi, SSSR kompozitorlar birleşiginiň agzasy. Nury Halmämmedowyň meşhur sazlary: «Aýgytly ädim» baleti, «Türkmenistan» simfoniki şekilleri, simfoniýa, G.Ezizowyň sözlerine solistler, hor we orkestr üçin wokal – simfoniki poema «Beýik Watançylyk urşunda wepat bolan gahrymanlaryň ýadygärligine», «Dutaryň owazy», «Ballada», «Saňa» we beýleki fortepiano üçin pýesalar, «Nar agajy» atly skripka we fortepiano üçin wariasiýalar, Magtymgulynyň, Mollanepesiň sözlerine alty wokal toplumy, S.Ýeseniniň sözlerine «Pars äheňleri», G.Geýnäniň sözlerine «Ynsan yürekleri», XX asyr ýapon şahyrlarynyň sözlerine «Hiroşimanyň we Nagasaniniň çagalarynyň diňläp ýetişmedik aýdymlary» , şeýle hem «Aýgytly ädim», «Keçpelek», «Şükür bagşy» filimleriniň sazlary we beýlekiler.
Çeşme: Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Çeşme: Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.