Öý bikesi öwrense...

SMORODINALY MÜREPBE


Gerekli önümler:
1 kg gara smorodina, 800 g şeker, 350 ml
suw.


Taýýarlanylyşy:
Gara smorodinany arassalap, sowuk suwda yuwmaly. Arassalanan smorodinany ikä bölüp, onuň bir bölegini et üwelýän enjamda ýa-da
blenderde üwemeli. Soň iki bölegini bilelikde çuññur gapda üstüne şeker guýup, 3-4 sagat goýmaly. Soñra oña suw guýup, aram otda 30-35 minut gaynatmaly we otdan aýryp, 5-6 sagat goýmaly. Soñra ony ýene-de gaýtadan
otda goýmaly we mürepbe goýalýança
gaýnatmaly. Mürepbe guýuljak gaplary we olaryñ gapaklaryny ýuwup, gaýnap duran suwuñ bugunda 34 minut goýmaly. Taýýar bolan mürepbäni gaplara guýup, gapagyny pugta ýapmaly.


GARPYZLY IÇGI


Gerekli önümler:
1,5 kg garpyz, 1 sany limonyň şiresi, 1-2
pudajyk reyhan oty.


Taýýarlanylyşy:
Garpyzy böleklere bölüp, şänigini aýyrmaly. Soñra blenderde üwemeli. Reýhan otuny dograp, kerçeşdirip, garpyza limon şiresi bilen bilelikde goşmaly. Üstüne buz bölejiklerini goşup, hemmesini garmaly. Șerbedimiz taýýar.


‹‹Zenan kalby».
2 лайков 142 просмотров
5комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Ladyy
21 авг 2022, 15:43
smarodinany gaynatmaly dal üssüne kileme kile şeker guyup 2 gün üssüni yapyp sowyk yerde garaşdyrmaly sonam bankalara guyaymaly
Kerbaba
21 авг 2022, 21:25
гарпызын чигидини айырмалымы?
parca■
21 авг 2022, 21:29
+++++
Aýsere
Автор 21 авг 2022, 22:13
kwadrat kelle
гарпызын чигидини айырмалымы?

?
parca■
05 окт 2022, 20:20
M-11.
Ýetirip duruň. Eliňize, gözüňize saglyk dileýän!