"Läle ýatlama" hekaýa
Işden çykyp,obamyza gaýdýan awtobusa mündim.Awtobusda adam azdy.Köp garaşdyrman awtobus obamyza tarap ýola düşdi.Sürüji radiony açdy.Radioda aýdymçy ýigit läle kakýan gyzy taryplap "Belent heňde bagt lälesin kakan gyz" diýip aýdym aýdýardy.Bu aýdym maňa mundan on sekiz ýyl öň aradan çykan Läle atly synpdaş gyzymyzy ýatlatdy.Läle aýdym aýtmaga,läle kakmaga diýseň ökdedi.Mekdebimiziň çeper höwesjeňler guramasynyň işjeň agzasydy.Diňe bir mekdebimizde däl,etrap merkezindede,şäherdede baýramçylyklarda çykyş edip başlapdy.Läle gyza köp oglan aşykdy.Emma ol hiç kimiň sözüni almaýardy.Sebäbi onuň adagly ýigidi bardy.Mekdebi gutaransoň şol adaglysy bilen ýokary okuw jaýyna girmegi arzuw edýärdi...
Emma...
Orta mekdebi tamamlan ýylymyzdy.Kakamyň maşynyny münüp goňşy obada ýaşaýan daýymlara bir iş üçin gidipdim.Barsam daýymlaryň öýünde myhman bar eken.Myhmanyň ýanyna,saçak başyna geçirdiler."Maşynly geldim.Içmäýin" diýsemem,daýym bilen myhmany "Erkek bol,azajyk iç.Hiç zat bolmaz" diýip özleri bilen arak içmäge razy etdiler.Gaýtmakçy bolanymda daýzamyň "Ýegen indi maşyna münme,bu gün bizde bolup gidiber" diýip ýalbarmasyna seretmezden,maşyny münüp oba tarap ugradym.
Agşam düşüp,howa garalyp başlapdy.Uly ýoldan sag-aman gelip obanyň içine girdim.Ýöne maşynyň tizligini peseltmedim.Gaýtam öňküden beter ýokarlandyrdym.Birdenem maşynyň edil öňünde duran gyzy görüp,maşyny saklajak boldum.Emma ýetişmedim,batly barýan maşyn ol gyzy kakyp 10-12-metr aralyga zyňyp goýberdi.
Maşyndan düşüp ýaňky gyza tarap ylgadym.Onuň bili üzülere gelipdir,hemme ýeri gan,ýüzüne seretsem...ynanar ýaly däl ol gyz meniň synpdaşym Läle...Ol maňa seredip nämedir bir zatlar diýmekçi boldy.Emma agzyndan diňe gan çykýardy.Daş-töwerekdäki öýlerden adamlar çykyp,bize tarap gaýtdylar,biri tiz kömwge jaň etdi,ýene biri polisiýany çagyrdy.Läle bolsa indi sessiz üýnsiz,gymyldaman ýatyrdy.Ol eýýam jan beripdi...
Meni sud edip,ýyl kesdiler.Tussaghanada bolan günlerim Läle hijem ýadymdan çykanokdy,onuň şol günki bolup ýatyşyny göz öňüme getirmejek bolsamam bolanokdy.Gijelerine bolsa gulagyma Läläniň läle aýdýan sesi eşidilip ýatyp bilemokdym...
Döwletimiz meniň bilen deň bolup durmady,maňa geçirimlilik etdi.Tussaghanada oturmaly wagtymyň ýaryny hem oturmankam meni azatlyga goýberdi.Tussaglykdan gelemsoň ene-atasyndan ötünç soramak üçin Läläniň öýlerine bardym.Kakasy ýok eken,ejesiniň bir özi öýünde oturan eken.Salamlaşanymdan soňra bolup geçen işler üçin Läläniň ejesinden ötünç soradym.Maral gelneje gowy adam eken,ýüzümi alar,maňa gaharlanar öýtdüm.Emma beýle bolmady:
—Boşap gelen bolsaň,gowy bolupdyr oglum.Ene üçin perzent aýraçylygyndan ýaman zat ýok.Ejeňä begenendir geleniňe.Sen ömürlik tussaglykda oturanyňda näme,Lälejan yzyna geljek bolup durmy?!-diýip,sessiz aglamaga başlady.Maral gelneje bilen sag bollaşyp çykyp gelýärkäm gapyň öňünde bir ýigit bilen gabat geldim.Ol meni gören badyna hapa sögünüp,boýnumdan bogmaga başlady:
— Gül ýaly gyzy öldürip,utanman gezip ýörmüň haýwan,seni öz ellerim bilen öldürmesem ynjalmaryn-diýip,meni ýere ýykyp bogmaga başlady.Men oňa hiç hili garşylyk görkezmedim.Sebäbi bu şol Läläniň adaglysy,daýysynyň ogly Meýlisdi.Meň öýlenmekçi bolýan gyzymy biri öldüren bolsa belki men mundanam beterräk bolardym...
Gykylyga Maral gelneje daşaryk çykdy.Bizi aralap,Meýlisi köşeşdirmäge başlady.
Maral gelnejelerden gaýdamdan soň öýe barman gonamçylyga gitdim.Läläniň mazaryna baryp,ondan ötünç soramakçydym.
Gonamçylyga girip Läläniň mazaryny tapdym.Başujynda oturyp,bildigimden aýat-doga okap degsin etdim.Läle bilen mekdepde bir synpda okan günlerimiz,onuň aýdym aýdyşy,läle kakyşy ýadyma düşüp ýüregim gyýylyp,gözüme ýaş aýlandy.Birdenem "Sen barybir ölersiň! Men seni günüňe goýmaryn!" diýlen sesi eşidip tisgindim.Daş-töwerekde hiç kim ýokdy.Ses edil Läläniň mazaryndan çykyp duran ýalydy.
Meni erbet gorky basdy.Tiz-tizden gonamçylykdan çykyp öýe gaýtdym...
Şol gije wagty bilen ýatyp bilmedim.Gulagymda şol gonamçylykda eşidilen ses ýaňlanyp durdy.
Daňdanrak uklapdyryn.Ýüzümi bir mylaýym el sypalanyny duýup ukydan oýandym.Görsem başujymda Läle otyr.Gorkunjymdan ýaňa gygyryp hem bilmän otagyň bir burçuna dykyldym.Läle bolsa ak eşikde,saçlary ýaýylan,şol öňki ýylgyryşy ýaly ýüzüme ýylgyryp seredip durdy.Meň gorkýanymy bilip:
—Menden gorkma Şirhan!-diýdi.Men aljyrap:
—Läle sen ölüpdiň ahyryn-diýdim.Läle ýene ýylgyrdyda:
—Ýör Şirhan gideli-diýdide,elimden tutup daşaryk çykardy.
Elimi goýbermän obanyň çetindäki kanalyň boýuna ertdide,ýatan agajyň üstünde oturdyp,özi hem ýanymda oturdy.
— Şirhan saňa läle aýdyp bereýinmi?-diýip ýüzüme seretdi.
— Aýdaý-diýenimden soňra şol öňküsi ýaly,mylaýym sesi bilen läle aýtmaga başlady.Daş-töwerek ýagtylyp başlanyndan soňra bolsa:
— Hany senem bir zatlar aýtda!-diýdi.Menem "Bagt lälesin kakan gyz" aýdymyna başladym.Läle kellesini meň egnime goýup uka gitdi.Şol wagtam kanalyň boýunda kakam bilen agam göründi.Men olary görüp begendim,indi olaram Läläni görerler,meniň hiç kimi öldürmedigimi bilerler.Olar ýanyma gelenden ýerimden turyp:
—Kaka,ynha Läle,ol ölmändir.Men ony öldürmändirin-diýip,şadyýan seslendim.Kakam ýüzüme haýran galmak bilen seretdide:
— Oglum bärde üçimizden başga adam ýok ahyryn-diýdi.Men Läläniň oturan ýerine seretdim.Dogurdanam Läle ýokdy.
— Ýaňyjada şu ýerde oturdy.Sizden çekinip gidipdir öýdýän.Läle...Läle..Sen nirede?-diýip gygyryp daş-töwerege seretdim.Kakam bilen agam haýran galmakdan ýaňa,gürläbem bilmän ýüzüme seredip durdylar.Ahyryn kakam agama seredip:
—Iniňi öýe äkit.Ýatyp ukysyny alsyn.Il-gün bir görmesin beýdip ýörenini-diýdide,yzyna öwrülip oba tarap ýöräp ugrady.Dogurdanam maňa näme bolduka?! Meni şu ýere Läle getirdi ahyryn...Kakam bilen agam bolsa ony görmändirler...
Näme dermandygyny bilmedim,öýe gelensoň agamyň beren dermany meni tiz uklatdy.
Näçeräk ýatanymy bilemok,oýansam gije eken.Bolup geçen zatlar ýadyma düşüp,agyr oýa batyrdy."Läle ölüpdi. Onuň ölümine köp gynananym üçin ol gözüme görünýändir" diýip özümi ynandyrmaga çalyşdym.Emma rahatlanyp bilemokdym,otagyň garaňky burçlaryndan Läle çykaýjak ýaly gorkyda otyrdym...
Daş çykmak üçin ýerimden turup,otagymdan çykdym.Çykan ýerimde Läle durdy.Onuň ölendigine bu duranyň gözüme görünýändigine özümi ynandyryp bilemokdym.Sebäbi Läle öňümde durdy.Gygyrjak bolýanymy aňdyda,süýem barmagyny dodagyna ýetirdide "Çüşşş" diýdi.Şeýdensoň näme üçindir men gygyrmadym.Läle meň elimden tutdy-da howlymyza çykardy.Soňam malýataga tarap alyp gitdi.Malýatagyň gapdalyndaky,mallara we towuklara iým,däne saklanýan kiçijik jaýa girizdide "Mundan dynmagyň ýekeje ýoly şu" diýip elime ýüp tutdutdy.Men näme edýänime özümem düşünmän,ýüpden syrtmak ýasadym.Soňam howlydan köne otyrgyç tapyp geldimde,oturgyja mündümde ýüpi jaýyň agajyna daňdym,syrtmagam boýnuma asdym.Şol wagtam howlydan ejemiň meni çagyrýan sesi eşidildi.Nämeler etjek bolýanyma şol wagt düşündim.Ýüpi boýnumdan aýyrjak bolan wagtymam aýagymyň aşagyndaky oturgyç döwülüp asylyp galdym.Bokurdagym erbet gysylyp,dem almam kynlaşdy.Gözümden ýaş akyp başlady.Janhowluma ýokardaky agaja elime ýetirjek bolýardym.Emma oňada elim ýetenokdy.Şol wagtam gapydan ejem girdi.Ol meň bolup durşymy görüp aýylganç gygyryp,maňa topuldy.Meň asylyp duran göwrämi götermäge synanyşdy.Onýançada bir ýerden agam ýetip geldi.Gelişi ýalam yzyna ylgap,pyçak alyp gelip ýüpi kesip,ýere düşürdi.Ýere düşenimden başym aýlanyp,huşumdan gitdim...
Özüme gelen wagtym,başujumda ejem bilen agam oturan eken.Oýananymy görüp ejem aglap:
—Näme boldy oguljygym?! Bizi beýdip gorkuzma ahyryn!-diýdi.
— Inim lyk etme.Öňeme il içinde abraýymyz galmady.Indi seniň bu bolup ýörüşiňä düýbinden boljak zat däl.Entek durmuş öňüňde ahyryn inim näme üçin beýdýäň-diýip,agamam aglaýanyny bildirmejek bolup ýüzüni gapdala sowdy.
Şol wagtam kakam ýanynda ak lukman eşikli bir adam bilen otaga girdi.Lukman ejem dagy bilen salamlaşdyda,özüni meň bilen ýeke galdyrmaklaryny haýyş etdi.Hemmeler otagdan çykandan soňra ol maňa bir birinden üýtgeşik soraglary berip başlady.Menem jogap berdim.Lukman biraz oýlanyp oturdyda,sumkasyndan bir derman çykaryp maňa içirdi.Soňam sag bollaşyp otagdan çykdy.Gapyň aňyrsynda onuň:"Ogluňyzyň ýagdaýy agyr.Keselhanada bejergi almasa bolmaz.Ertir irden ertiň ýerleşdirmäge kömek ederin" diýenini çalaja eşidip galdym.
Birazdan soňam ýaňky içen dermanym täsir etdimi nämemi uka gitdim...
Ýene gije ýarymda oýandym.Ýanymda agam ýatan eken.Agamy oýarman daşaryk çykyp, hajathana tarap ugradym.Hajathanadan gelişime görsem gapynyň agzynda Läle durdy.Ol öňküsindem owadanlaşan ýalydy.Meň ýanyma geldide ýylgyryp,elimden tutyp kanala tarap alyp gitdi.Kanala ýetenimizden soňam elimi goýbermän suwa girdi.Menem onuň yzy bilen suwa girdim.Suwuň sowuklygy duýýardym,ýöne näme üçindir üşämokdym.Birdenem Läle elimi goýberdide,iki elinem boýnumdan geçirip özüne çekdi.Men onuň al öwüsip duran dodaklaryndan öpmekçi boldum.
Şol wagtam Läläniň agzyndan gan syçrady.Ol eýmenç gygyrdyda gözümden ýitdi.Men kanalyň ortasynda galypdym,kanalyň suwy bolsa gözümiň öňünde gyzyl gana öwrülip akyp başlady...
Soň nämeleriň bolany ýadyma düşenok.Özümi bilip başlan wagtym men hemmesi meňzeş ak eşikli adamlaryň arasynda,iki gatly uly jaýda ýaşap ýördüm.Bu ýeri nire,men bu ýere haçan,näme üçin gelenimi bilemokdym.Soň-soňlar akylym ýetip başlady bärsi ruhy kesellileri bejeriş hassahanasy eken.Meň yzymdan günde-günaşa agam gelip gidýärdi.Ejemi,kakamy,obamyzy göresim gelýärdi...
Bir günem agam ýanyma gelende bu ýerden gidip biljekdigimi aýdyp,özi bilen alyp gaýtdy.Agam täze maşyn alypdyr.Obamyz üýtgäpdir.Edil başga oba ýalydy.Öýümize gelenimizde öňümizden eli ogul çagaly gelneje çykdy.Agam öýlenipdir,eýýam çagalam bolupdyr.Mellegiň içinde kakam işläp ýören eken.Gelenimizi görüp,ýanyma gelip:"Oguljygym geldiňmi?!" bagryna basdy.Meň bolsa ejemi göresim gelýärdi:
— Kaka,ejem görünenokla?-diýip,kakama seretdim.Kakam bolsa ýene bagryna basyp:
— Ejeňi aldyrdyk oglum-diýdi.
1-nji bölümiñ soñy..
Awtor Şirhan
Çeşme: ICQ,
3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.