Bir döwüm çörege...
"BIR DÖWÜM ÇÖREGE ZAR ADAMLAR BAÝDAK SATYN ALMAGA MEJBUR EDILÝÄR"
"Her öýde bir baýdak" kampaniýasy çekişme döretdi.
Hindistanda oppozisiýa Narendra Modi hökümetiniñ mugt çörek paýlanýan adamlary ýurduñ baýdagyny satyn almak üçin basyş edýändigini öñe sürdi.
Oppozisiýanyñ başyny çekýän Nasional kongres partiýasynyñ lideri Rahul Gandi 15-nji awgustda bellenen Garaşsyzlyk güni golaýlaşanda kartoçka bilen mugtuna duz-tagam paýlanan dükanlarda baýdak satyn alynmagy üçin halka basyş edilýändigini öñe sürdi.
1947-nji ýylda Birleşen Korollykdan aýrylyp, garaşsyzlygyny jar eden Hindistan her ýyl 15-nji awgustda özbaşdaklygyny baýram edýär.
Garaşsyzlyk gününde döwlet binalaryna baýdak asylýar. Häbir hindistanlylar-da öýlerini baýdaklar bilen bezeýär.
Bu ýyl Modi hökümeti "her öýe bir baýdak" kampaniýasyny yglan etdi. Bu çäräniñ çäklerinde duşenbe gününe çenli azyndan 200 million baýdagyñ öýlerden asylmagy göz öñünde tutulýar.
Gandi Harýana ştatynda dükanlaryñ birinde işleýän işgäriñ mugtuna iýmit almaga gelen we baýdak satyn alasy gelmeýän raýata azar berip duran wideoýazgyny ýatlatdy.
Sosial mediýada paýlaşylan bu wideoýazgyda dükanyñ eýesi "Munuñ özi ýokardan gelen hökümetiñ görkezmesi. Hojaýynym maña baýdak satyn almakdan ýüz dönderenlere iýmit bermezligimi tabşyrdy" diýýär.
"Milliýetçilik satylýan däldir" diýen Gandi häkimiýet başyndaky Halk partisiýasynyñ (BJP) baýdagyñ gadyr-gymmaty bilen bir hatarda maddy ýagdaýy pes adamlaryñam mertebesine zeper ýetirýändigini öñe sürdi.
"Guardian" gazetiniñ habar bermegine görä, hökümete goldaw berýän adamlar talyplara, zähmetkeşlere we hususy firmalara baýdak asmalary üçin basyş edýärler.
BJP-niñ agzalarynyñ biri, Harýana ştatynyñ premýer-ministri Manohar Lal Khattar bolsa aýyplamalary inkär edýär:
- Hiç kim hiç kimi baýdak satyn almaga mejbur edenok, edibem bilmez.
Beýleki bir ýandan gürrüñi edilen dükana azyk iýmitiniñ berilmegi-de kesildi.
"Independent", "Guardian", "NDTV"
Taýýarlan Ugurjan ÝYLDYZ.
13.08.2022

2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.