!!!

Salam agzalar. Size bir hayyshym bardy. Baydak barada goshgy gerekdi bilyan bolsañyz yazayyñ kyn gorman
1 лайков 196 просмотров
9комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Pegas
13 май 2022, 11:49
Salam.

Kasam etdi, öpdi-de ol
Ýaşyl tuguň bir ujundan.
Üstün çykmaz hiç güýç indi
Ýaş ýigidiň hyrujyndan.

Kasam etmek üçin del hem
Owadan söz gözlenmeýär.
Çünki baýdagyň synyndan
Ogşap ýalan sözlenmeýär.


Atajan ANNABERDIÝEW
...
13 май 2022, 11:56
Bu familiýany nirde görsem tanaryn))
...
13 май 2022, 11:58
Pegas,
Düýñki zatlary öwrendim. Bagyşlañ mugallym! men bu derejelere ýeter diýmändim. Geç bir çemçe ganymdan
S❤
13 май 2022, 12:36
Togap edip alnymyza
Baş egip, hem dyz epýäris
Deňäp genji barymyza
Başymyza täç edýäris.

Baýdygmyza juda meňzeş
Bu ümmülmez ýaşyl meýdan
Göllerimden gözbaş alyp,
Pederleriň ýolun saýlan.

Pederleriň ykbalynda,
Buýsanç bolup tolkun atan.
Ösüp barýar günbe-günden,
Bedew batly eziz watan.

Başyň belent pasyrda sen,
Il-ýurdumyň yşky bolup.
Her bakamda ýaş kalbyma,
Joşgun berýäñ goşgy bolup.

04. 02. 2018

Gurban Geldiýew.
...
Автор 13 май 2022, 13:41
Pegas,
Sag boluñ, minnetdar :)
...
Автор 13 май 2022, 13:42
pechine, nirde gorseñem sen gowy tanayañ bu familiyany)
...
Автор 13 май 2022, 13:43
Xyivenia_babayeva.,
Sanada sag bolsun aydyan azap edip tapyp berenin ucin)
S❤
13 май 2022, 14:11
Muhammedova,
Janyn sag bolsun
Mümkin
13 май 2022, 14:35
Baýdak

Döwlet tapan ak öýleriň başynda
Ylla Bagt guşy deý ganat ýaýdygym –
Ynamly gollarda göterlip göge,
Belentden parlap dur ýaşyl Baýdagym.

Her bir türkmen üçin soňky deme çen –
Gara başa, şirin jana deňeçer!
Belentden parlap dur nur saçyp dünýä,
Öňde-soňda şek ýetmedik dereje!

Ynha, şu Baýdagyň synyndan öpen
Ýurda hemişelik esger bolýandyr.
Baýdagyň alnynda kylynan kasam
Imana, ygrara des-deň bolýandyr.

Baýdak törüňdäki ulugyzyň deý,
O hakynda käbir gürläp ýörülmez.
Ýöne abraýyna gezek gelende,
Zerur bolsa, geçilýändir seriňden.

Ýöne ýere däldir garagöz halkyň
gyz-gelnine «Baýdak ýaly» diýmesi.
Ýöne ýere däldir Alladan özgä
egilmedik başyn Tuga egmesi.

Peder ruhy şu baýdaga siňipdir,
Şu baýdakda gözlermiziň nury-da.
Ýedi yklym içre şanymyz bolup,
Bu ýaşyl Tug parlamady nirede?!

Millet bolduk şu baýdagyň astynda.
Döwlet bolduk şu baýdagyň astynda.
Bu Tug Ýer ýüzüne ýaýran türkmeniň
Hakdan nurly jemalydyr aslynda.

Gün ýakmaz,
çaň ýokmaz,
tünler gorkuzmaz,
Ýeter bize şu Baýdagyň saýasy.
Başymyz Tug, kökümizi şu toprak
aman saklar – göýä Hakyň aýasy.

Ýaşyl Tugum, seni synlap düşünýän,
Watan näme,
ömür näme,
ser näme!
Asmanymda sen parlasaň,
Kaýyl men
ömrümboýy göge garap gezmäge.

Kakamyrat Rejebow.
Mümkin
13 май 2022, 14:36
Iñ gowusy şudyr.