Seniñ nazaryñda men

Salam hormatly agza! Häzir bu mowzugy okap oturan bolsañ,meniñ açýan mowzuklarym sende azda-kände gyzyklanma oýarýar diýmekdir ýa-da ýüregiñ gysyp saýtda gezmeläp ýörkäñ üstünden baransyñ.Her niçigem bolsa, sen häzir bu ýerde.Onda haýyş edýän,özüme seniñ nazaryñdan garamagyma rugsat et!
Munuñ üçin saña birnäçe sowallarym bar:

1.Seniñ üçin men kim?
2.Mendäki ýaramaz gylyklar haýsylar?
3.Mendäki oñat gylyklar haýsylar?
4.Maña garaýşyñ oñaýlymy ýa-da oñaýsyz?
5. Saýtdan kimler bilen gatnaşmagymy isleýärsiñ?
6.Meni saýtda ýa-da durmuşyñda meñzedýän kişiñ barmy? Bar bolsa kim?
7.Men hakda "Hakyky durmuşda tanasam gowy bolardy"diýýäñmi ýa tersine "Hakykatda tanamanym gowy bolupdyr" diýýäñmi?
8.Açan mowzuklarymdan haýsylary saña ýaraýar,haýsylary ýaranok?
9.Bir gün bir ýerde maña duşsañ aýtjak ilkinji sözüñ ýa-da etjek ilkinji hereketiñ näme bolardy?
10.Maña berjek maslahatyñ?
9 лайков 610 просмотров
59комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Hiayress
13 май 2022, 13:22
1) Mahym Nurgeldiýewa (duýguçyl şahyr gyz).
2) Aşa duýguçyllygyň bolup biler. Belki ýalňyşýandyryn, ýöne her zadyň çaky ýagşy. :)
3) Bilesigeljiligiň, alçaklygyň, poeziýa söýgiň, romantikligiň, köp okaýanyň, ("Arym köýenden ärim köýsin" edip soňuna çenli gidişýänligiň, elbetde "Mg"-tyň gutarmasa :D), ýene dowan edeýinmi?! :)
4) Oňaýly.
5) Ýürekdeşleriň, jynyň, sözüň alyşýanlary bilen.
6) Belki aga meňzedýän. Özem "bir almany iki bölen ýaly" çalymdaş siz. :)
7) Elbetde tanasam gowy.
8) Känbir mowzuksöýer däl, ýöne hemmesini okaýan. :)
9) "Mahym, ee-waý, özüňmaý?! Senem görmek bar eken."
10) Isledigiňçe durmuş sür.))
Senyorita.
13 май 2022, 13:43
Salam,Mümkin!Mümkinmi?!
Aýý,eýýäm geldimem.Mowzugy goýanyňyzda birinji men okadym ýöne şol wagt gyssagly çöreklerimi goparmaly bolanym üçin ýazyp bilmedim.
Meniň üçin Siz,häzirlikçe "kinodaş", "saýtdaş". Sizi onçakly ýakyndan tanamaýan. Ýöne köp pikirleriñiz pikirlerim bilen meňzeş.Dogrymy aýtsam entek agza dälkäm,Siziňem Belki wagtyňyz köpçüligiň pikir edişi ýaly menem sizi oglanmykaňyz diýip pikir edipdim we men size siziň Mahym Nurgeldiýewa bolanyňyz üçin gyzyklanmandym.Проста Belki hökmünde tanaýan sizi azrak.Men hat-da Mahym Nurgeldiýewa atly goşgy ýazýan gyzyň barlygynam bilmeýädim.
Iň gowy 3 joramyň ikisi bilen nädip ýakynlaşyp gidendigimizi yzarladyk arada.Ikisi bilenem hasss ýakynlaşmagymyzyň sebäbi KINO eken.Belki,siziň bilenem...
Siziň bilen säääähelçe bolsa-da,tanşanma şat!
Işleriňize üstünlik!
Mümkin
Автор 13 май 2022, 13:51
Massimus,
Maksat agam,meniñ sesim ýakymlydyr öýdýän bolsañyz ýalñyşýarsyñyz.Gargadan sähelçe parhlydyr :))
Mümkin
Автор 13 май 2022, 13:52
Massimus,
4-nji soragyma düşünmänsiñiz.Maña pozitif garaýañyzmy ýa negatif diýen manyda?
Mümkin
Автор 13 май 2022, 13:54
Hiayress,
Meñ ýaramaz gylyklarym kän bolmaly ahyry,hormatly Hyýar iýýän :)
Mümkin
Автор 13 май 2022, 13:56
senyorita.,
Kinolar hakynda gürrüñimiñ yzy kän.Ederis entek kän gybat :)
Soraglaryma sanaw boýunça jogap beren bolsañ has-da gowy bolardy...
Hiayress
13 май 2022, 13:56
Mümkin,
Bissimillasyny edip bersem galanyny özüň alyp çykarsyň öýtdümdä jora. :/
Mümkin
Автор 13 май 2022, 14:03
Hiayress,
Dogry logika.Kak bäşi!
S❤
13 май 2022, 14:21
1. Saytdas yakyndan tanysmak isleyan ynsanym.
2. Ay bilmedim entek doly hasiyetinizi bilmanson muna plan dp biljekdal.
3. Adamkarcilik, gyza gelisyan suyji dillilik, gyza janym eyle beyle sozleri ullanman gurleyanliginiz.
4.onayly
5. Bu hak oz hakynyz. Plan dp bolmaz.
6. On beyle pikir etmandim. Inni pikir etsemem oz Humay mugallymyma
7.tananym gowy bolupdyr.
8. Oylanmalar
9. Ilki bn salam bererdim.
10. Size maslahat bermane entek men kici
Mümkin
Автор 13 май 2022, 14:29
Xyivenia_babayeva.,
Gyz gyza "Janym,gülüm,akylym"diýiberse mende ýaramaz duýgy oýarýar.Oña derek halaýan gyzlaryma özümçe lakam dakýan.Meselem şu saýtdaky gyzlara "Gözellik" "Gyzlañ şasy" "Duýguçyl gyz" "Akyl gyz" ýaly lakamlar dakypdym.
Humaý mollumyñy tanasym geldi.
Kiçem bolsañ gysganma maslahatyñy :)
ajy
13 май 2022, 14:33
1.Gowja görmegeýje, göwelde alaýmaly bir gyz.
2.eýýàk ýaramaz gylygyña görmedim.
3.Gepiñ soñunda göni jedelleşip gidip bilýäñ, halaýanda şu hãsiýetiñi wara)
4.Nu kaneshna pozitif
5.meñ bilen gatnaş :))
6.şu saýtda felicita diyene azajyk meñzetyan, durmushda... bir goñshymyñ garyndashy bar shoña meñzetyan
7.Hakyky durmuşda tanasam senem meni tanasañ, soñ jora bolsak, senem maña goşgy düzseñ. ana şonda maña goşgy düzenleriñ ilkinjisi bolardyñ, soñ men bolsa señ goşgy düzeniñ üçin gülýüpek alyp bererdim... arbuz
8.mowzuklaryñy yzgider okamaga yetishemoga
9.Serediip durup... Sen hoool islenendaki Mahym dälmi? goý çyndanam senmi sho? menem plany heywayy nevela owadan gyz ekeniñey....:)
10.sen özüñden başga hiçkimede gerekdälsiñ, şonuñ ūçin özüñi özüñ goramaly!
(birýerde okapdym shu sözi wara)
ajy
13 май 2022, 14:38
*görelde
Mümkin
Автор 13 май 2022, 14:39
garaburc,
Gülýüpekli meselede çynlakaýmyñ ? :)
ajy
13 май 2022, 14:50
Mümkin,
Shuwagt, pikirlendimde, gülýüpek diýip söz bermäýin :)
( dowonjygym pulum az pesiräk zat aýdyberdä senem)
Aksary
13 май 2022, 15:06
1.Size Mahym Hyýalkeş diýjek
2.Sendäki ýaramaz gylyk çorna salyp goýýañ hemem birzat sorañyzda jogabyn şobada almasañyz,öýkeleýänligiñiz :)
3.Sendäki gowy gylyk,az salymdan jañ edilenini görüp yzyna jañ etmegiñ
4.Oñaýly
5.bize golaýrakda,@Pegas diýip biri bolmaly saýtlañ köpüsinde.ana şoñ b.n gatnaşmagy ýüregime düwüpdim,şu sorag berilmänkä.iki gezek jañ etdim almady,mende goýbolsun edäýdim.
6.ýok sizi hiçkime meñzedemok
7.real tanyşlygam wirtual tanyşlygam gowy,siz bn tanyşlygyma bolsa cynym bn begenyan.bendesi sebäp ahyry.
8."syrylmasyn perde men göge bakjak" towakgadymy şol,bi:rä şol... ýaramaýan mowzugyñ ýog-a.
9.Hal ahwal soraşardym
10.size berjek maslahatym.şu saýtdady öýtýän (doly ýadyma düşenok)düşnükli zada düşünmejeklere düşündirjek bolup jan çekmekligiñiz,ana şony azaldyñ.

:)
Cicek
13 май 2022, 15:42
Selam Arkadashim Dertdesh Syrdash Joram Numarani yzynda selpedip Ahyr aldym. Sen jan edersin oydup lickam isleman burda goysam Oglanjyklar jan etdi sen yerine
Cicek
13 май 2022, 15:44
Mahym Nurgeldiyewadygyny bilemokdym. Hasiyetlerin Soranjan,bilesigeliji,karini yurekden soyyan gyzjagazda. Umuman,dasyndan Jurnalisligem yoredibermeli.
Cicek
13 май 2022, 15:48
Durmushynam yuregin pakligi yaly Gozellige beslensin! Gul yaly bolsunda,garaz,yone Tikenem bar-da. Yone tikenler azrak bolsun.Hyyalyndaky Shazadana dushup bagtly omur surmegini arzuwlayan,Podruga
Mümkin
Автор 13 май 2022, 16:18
Aksary,
Salam,hormatly Hyýalkeş 03 :)
Şobadamy?! Iki günläp sms-imi jogapsyz goýanlygyñ üçin öýkelän bolaýmaýyn :))
Özüñ-ä iki sagat sms-iñe jogap ýazylmasa,"Görmediñ öýdýän"diýip başlaýañ.Gürletmesene meni :))
Ýogsam,ýene söwüşeris :))
5.soraga ýalñyş düşünipsiñ.Meniñ kimler bilen gatnaşmagymy isleýäñ? diýip sorapdym.
10-nja goşulýan öýdýän.
Mümkin
Автор 13 май 2022, 16:19
Mahek,
Sag bol joram.Senem arzuwlaryña ýet,gyzlañ şasy!
Maksat
13 май 2022, 16:24
1. Şahyr, goşgy ýazýan gyz.
2. Öz öýüniň lälik gyzy diýeýin (ulumsyragam görýän azajyk)
3. Işiňize bolan söýgiňiz, tutanýerliligiňiz.
4. Aralyk, soraga dogry düşünmedik bolmagym mümkin.
5. Islendigi bilen.
6. Ýok, men gören adamymy birine meňzedýän, görmedik adamymy birine meňzedip bilemok.
7. Tanasam gowy. Islendik agza üçinem şu jogap.
8. Islendik mowzugyňyzam hökman okaýan esasy goşgulary.
9. Saglyk amanlykdan soň "ine jigim şoool garry baýker " diýerdim.
10. Işiňde üstünlik, nähili ýagdaý bolsada döredijilikden daşlaşmaň. Okamak okamaga mümkinçilik döretmek, ýazmak, hemme kişä berlenok. Elmydama üstünlik hemraň bolsun!
Massimus
13 май 2022, 16:35
Massimus,
Maksat agam,meniñ sesim ýakymlydyr öýdýän bolsañyz ýalñyşýarsyñyz.Gargadan sähelçe parhlydyr :)) Ýene bir häsiýetiňizi halaýan olam ýumora (degişmä) dogry düşünýäňiz
Massimus
13 май 2022, 16:35
Size elbetde pozitiw garaýan
Nazar
13 май 2022, 16:52
1. Sen meniñ uchin gowni acyk alcajyk gyz :) hehe komplimenti oñaramok
2. Yaramaz gylyklaryña entak dushamok dushsam ine shu diyip aydaryn.
3. Yazyan oylanmalaryñ duygulandyryar. Alcak degisgen gowni acyk
4. Saytdaky dostum hem-de duygycyl gyz hokmunde pozitiw :)
5. Belki diyip biri bardy shonuñ bilen gatnasay :)
6. Meniñ öñki söygulimiñ jigisiniñ kursdashynyñ goñshysynyñ dasgynrak garyndasynyn toyunda tans eden gyzyñ yanynda gyrada el carpyp duran gyz jorasy goz oñumde galypdy :) shoña menzedyan
7. Tanasam begenerdim
8. Oylanmalaryñ, gosgularyñ.
9. Oo Belkajyk gowmy men shol FanatikB saña shol Belki nikini gaytaryp berjek dp soz beren oglan diyerdim :)
10. Giñ bol :)
Mümkin
Автор 13 май 2022, 18:13
Bayker,
Dogruçyllygyñ üçin sag bol,agam!
Lälikligim dogrudyr.:) Ulumsylygymam pikirlenip göreýin hany :)
4-nji soragyma köp adam gowy düşünmedi öýdýän.
Mümkin
Автор 13 май 2022, 18:25
FanB,
Seniñ şony maslahat berjegiñi bilmelidim...
Garabufer
13 май 2022, 18:28
Meniň pikirimem gyzyklymyka
Mümkin
Автор 13 май 2022, 18:33
Garabufer,
Elbetde.Hemme agzanyñ pikri bilen bir hatarda seniñkem gyzykly.
Mümkin
Автор 13 май 2022, 18:36
garaburc,
A gyz,gülýüpek sowgat etjek diýen özüñ dälmi gyz?! Men agzan ýaly etdi.Toba etdim. :))
"Soñky tüýkülik sakgal ezmez" ýa-da "Atylan ok daşdan gaýtmaz" diýip eşidipmidiñ?
Ikisem señ şu wagtky ýagdaýyña laýyk nakyllar eken. :))
Nazar
13 май 2022, 18:46
Menin pikrim nahili ekeni ?