Rak (düwnük)

«Komsomolskaýa prawda» gazetiniň 1995-nji ýylyň 13-nji oktýabrynda çykan goşmaça hepdeliginde bir täsin makala çap edildi. Moskwaly Nikolaý Wiktorowiç Şewçenko beýnidäki rak çişinden başga rak keselini bejerip bilýär. Aşgazandaky şol ady gurmuş keseliň birinji, ikinji stadiýasyny ol ýüzugra bejerýär. Üçünji-dördünji stadiýasyndaky keseli uzak – bir ýyl, bir ýarym ýyl bejermeli bolýar. Emma keselli oňa çenli doktorlaryň dermanlary bilen organizmini zaýalamadyk halatynda. Şewçenko peşew bilen bejermegi ret edýär, sebäbi häzirki zamanda peşewiň düzümi arassa däl. Şewçenko ragy bejereni üçin pul almaýar, metodyny kim sorasa aýdýar. Onuň iki sany diplomy bar. Ine, onuň instruksiýasy: bir stakana 30 gram rafinirlenmedik (arassalanmadyk) günebakar çigit ýagyny, üstüne 96 gradusly arassa spirtiň 15 gramyny guýmaly, çemçe bilen garman, stakanyň agzyny ýapyp, üç-dört gezek silkelemeli, iki minut geçirip, dessine içmeli. Yzyndan hiç zat iýmeli däl, çilim çekmeli däl. Melhem aç garna içilmeli, yzyndan ýarym sagat hiç bir zat iýmeli-içmeli däl. Birden ýüregiň bulansa, nämedir bir zady çeýnäp, tüýkürmek bolýar. Melhemi günde üç gezek takyk wagtda içip, bejergini on gün dowam etmeli. Onsoň bäş gün arakesme. Şeýlelikde, arasy arakesmeli on günden üç gaýta prosedurany gaýtalamaly. Ondan soň uly arakesme edilýär, 14–21 gün. Ýaňadan on günlük bejerişe geçmeli. Melhemi tä kemsiz gutulýançaň edibermeli. Ýöne şu melheme başladygyň hiç hili derman, damardan glýukoza sanjymyny almak bolanok. Arak-şerap içmeli däl. Melhemiň dozasyny kemeltmek, bir gün içip, ikinji gün içmezlik ýa ýarpy ýolda taşlamak bolmaýar. Eger tapyp bilseň, gijesine Çijewiň lýustrasyny otagda ýakyp goýmaly. Ol Moskwada köp. Şol lýustra bolsa melhem beýni çişinem bejerýär. Melhem içmegi keseliň islendik stadiýasynda başlap bolar. Agyr-ýeňil diýip durmaly däl. Moskwada belli onkologlaram öz peýdasy degmejek pasiýentlerini Şewçenkonyň ýanyna ugradýar. Nikolaý Wiktorowiç öýünde bejermeýär, ýöne kim barsa kömek edýär, melhemi peýdalanmagy bolsa, ak ýürekden her kime öwredýär. Ol adamlaryň betbagtlygyndan baýamagy peslik bilýär.

Osman Öde.

"Bu dünýä Hudaýyñ fantaziýasydyr" / ikinji söhbet"

çeşme: kitapçy
2 лайков 241 просмотров
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Goklors
Автор 18 сен 2022, 07:47
NOBATGULY. Sen asyryň derdini aňsatlyk bilen çözdüň oturyberdiň-ow...

OSMAN ÖDE. Ylmy medisinanyň gapdaly bilen mydama halk medisinasy hem barýar. Dünýäde nähili dert bolsa, hökman onuň dermany hem bar. Käte gaty çylşyrymly meseläniň çözgüdi örän ýönekeý bolýar. Rak elhenç kesel! Meniň agam pahyr şol keseliň pidasy boldy. Şol keseldigi aýdyň bolandan soň birden adamyň umydy üzüläýýän eken... Ýokardaky bejerişiň hiç hili zyýanly zady ýok. Günebakar ýagy ýa spirt içilmän ýören närse däl. Umydyny ýitiren bir bende şu melhemden peýda tapyp açylsa, nähili bagtly bolar! Hut Muhammet pygamberimiz bir zat bilseň öwrenjege öwret diýip wesýet edýär.
Kerbaba
18 сен 2022, 10:19
Гунебакар ягы проблема дал велин, 96* мед спирт тапдырмыка?