Saňa

...hawa, bugün sen hakda ýazýan. Öň ýazmandym. Belki, käbirlerni özüňe çekensiň, belki, asylam bu duýgulary duýýanam dälsiň. Emma, bilgin bu oglan yzlaňda däli ýaly gezip ýör. Belki, çyndanam dälidirin!? Ýok, ýok!! Men çyndanam däli. Seň diýşiň ýaly men däli. Asylam sen diýipdiňä bu ýol biz üçin däl diýip. Ýöne, men üns bermedim. Sen serheti çyzdyň, ýöne, ony özüň üçin çyzypdyň. Men üçin däl. Şony saňa näçeler gezek düşündirmek isledim. Emma, sen ýene şol kejirligiňe tutup diňlemegem islemediň. Aslynda sen näme üçin meni islemediň?! Ýazgyt diýýäň, ýazgydy biziň özümiz ýazmaýasmy, eýsem?! Ynan, bu duýgularda aktýor däl men rolym gutaransoň gider ýaly. Eger, duýgulara hapa degen bolsa trýapkalaly ony. Seret, entägem durun şol öňkije ýerde, çep tarapymda gyzgyn söýgi, elimde-de ýönekeýje gül bilen. Eliňi ber, men taýyn seni arzuwlaňa alyp gitmäne. Belki, gabanjaňlygym sebäpli öte geçýändirin. Ýöne, bilgin bu gabanjaňlygym seni ýitirmezlik üçin. Emma, dogry!! Biz entäk söýgide däl. Serhetde-de diýe bilmen. Çünki, söýgide serhet ýok...däliniň dälijesi gaçmaňy boldy edäý indi. Bugün gaçsaňam soňda haçanam bolsa birgün ýüzbe-ýüz geleris. Ine, şol gün göz ýaşly ökünmezlik üçin şuwagt gel. Söý diýjek däl, ony özümiz döredip bilmeýäris. Söýgi ýazjyň elindäki eser ýa hind kino däl. Eldäki galamyň güýjine döränok. Emma, arassa duýgulaň haky üçin bile bolup bilerisä?! Bagt üçin köşk gerek däl-ä, ýönekeý çatmada ýeterlik dälmi, eýsem?! Dogry, herkimiň gowy ýaşasy gelýär. Birkemsiz bolasy gelýär. Seni şagyzy ýaly ýaşadaryn diýip biljek däl, emma, kemem bolmarsyň...ynan, senden öň hiç gyzyň öňünde beýle ejizlemändim. Saňa muny öňem diýipdim, ahyryn. Eger, başarsaň günäm bar bolsa bagyşla we dolanaý. Däliň şol öňki ýerde saňa garaşyp dur. Ýöne, näçe wagt durjagmy bilemok, ömürlik diýip bilmen...
3 лайков 147 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Belki
05 окт 2022, 09:43
Gowy ýazylypdyr.Berekella awtora!