Aýdaky güle
...ýene pikirlem senli, bilmedim näme üçin seni hiç aklymdan çykaryp bilemok...belki, bu söýgi, belki-de seň diýşiň ýaly öwrenişmek...eger, öwrenişmek bolsa bir çilimiň tüssesine ýiter gider senli oýlam...ýöne, beýle bolmady. Seret, entägem şol seň çyzan serhediňde durun. Göýä, ahyrdan söýgi owazy geläýjek ýaly...ynanýaňmy?! Her gün sen hakda oýa batýan, seň tötänden jaň etmegiňe garaşýan. Hat-da sen tötänden jaň eden ýagdaýyňda seň bilen näli gürleşjekligim hakda hem pikir edýän. Dogry, bu aňrybaşy lyk bolup biler. Emma, entägem umyt şemim sönmedi. Belki, sönmezem. Çünki, bu ejiz çepim birwagt seniň adyňy öz törüne ýazan ýaly...käte , käte däli, käte ejiz, käte şadyýan, käte-de däli bolup görünýän bolmagym mümkin. Bulaň barysam seň göwnüň açaryn tapmak üçindir. Aslynda sen bilýäňä meň däliligimi. Senem şol däliň dälijesida...sen sorag beripdiň 'näme üçin söýmeýänimi söýmeýän ynsan bilen çalyşaýyn' diýip. Şol wagt dymypdym. Sebäbi, gynanypdym. Sende azajygam bolsa duýgulary oýandyryp bilmänligime. Ýöne, häzir şol soragyňa jogap beresim gelýä. Çünki, sende öz geljegmi görýän. Soragyňa jogap bolsa 'Söýgim ikimizede ýeter. Sen diňe bizi duşuran Alla we söýgime ynan'...Ella saýlawynda ýalňyşmandy, dogry, belki ol ýönekeý hekaýa bolup biler, emma, durmuşyň özem hekaýa dälmi, eýsem!? Bolýa, sen söýme. Söýem diýjek däl. Emma, umyt bilen uzadan elimi yzyna gaýtarma...men entägem şol öňki ýerimde saňa garaşyp durun. Islegim bugezek hiçkim bolup däl, kimdir biri bolup durmuşyňa girmek isleýän. Şol hiçkime açmadyk gapyňy umyt bilen saňa garaşýan kimdir biri üçin açaý indi. Aýdaky gül, ýerdäki bilbil senden geljek jaňa garaşýandyr...
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.