Filmiň soňy!

Essalamu aleýkum musulmanlar! Salam dinsizler. Namaste hindiler. Şalom ýewreýler. Salam hristianlar. Karoçi adam däller (mör-möjekler) we adamlar. Gowmy ýagdaýlarňyz?
Açmaýyn diýip açýanda şu mowzugy. Aý borlaý...
Menem din hakda kelam agyz sözlerim bardy. Ilki bilen men ne musulman ne-de dinsiz. Ilkinji nobatda men adamdygymy aýdasym gelýä. Dinimi sorasaňyz Alhamdulilla musulman men diýip jogap berýän. Din näme? Herkimiň özüçe bir jogaby bar, men bu ýerde uniwersal jogaby dälde öz jogabymy berjek. Meň garaýşyma görä din bu - Ynanç sistemasy. Men dinsiz wagtym belli bir dine uýmak üçin şeýle yzygiderligi ulandym. (Aslynda ulanan däl bolmogymam ahmal )
1. Ýaradyja bolan ynam.
2. Ýaradyjyň göwnine makul bolan ynanç sistemasyny (ýagny dini) agtarmak.
3. Ähli dinleri bolmasada ýer ýüzündäki esasy üç dini gowja öwrenmek.
Men özümiň musulmandygymy aýtsamda, meniň Yslam dinim jennete tarap bileti berýändigne doly ynamym ýok. Şutaýda käbir musulman dogonlar haýran galandyr. Sen doly ynanmasaň nähili musulman boljok??? Hiii??? Başda aýdyşym ýaly maňa jennete düşmek üçin dälde, meniň ynanýan ynanç sistemam (dinim) Ýaradyjynyň göwnine makul bolany üçin dine uýýan. Men dinimiň Ýaradyjynyň göwnine makuldygyny nähili bilip bilerin? Bu sowala bellibir jogap beribä bilemok. Yslam - Boýun egmek diýmek. Kime? Elbetde Ýaradyja. Ýaradyja boýun egsem, bu hereketim Onuň göwnine makulmy? Pikirimçe makul. Biz Oňa boýun egmeýãn ynanç sistemasyny (dini) goldasak, bu Onuň göwnûnden turmaz. Ýene bir sowal döreýär. Yslamdan başga beýleki dinler Ýaradyja boýun egmezligi ündeýärmi? Elbetde ýok. Onda beýleki dinlerem Ýaradyjynyň göwnine makulmy? Biraz oýlandyryjy sowal. Ýöne Onuň göwnine makul dini gözlemegiň özi onuň göwnine makuldyr diýip ynanýaryn.
Men Kurany Kerimi okamazdan öň Bibliýany (Töwrat we Injiliň umumy atlandyrylyşy, Mukaddes Kitap hem diýilýär)okadym. Men hristian däl, internetde ilki Kurany dälde Bibliýany tapdym şol sebäpden ilki şony ikadym. Okadym, okadym, kalbyma birzatlar girýän ýalydy, emma doly däl, birzatlar ýetenokdy. Soň Kurany agtardym. Rus dilinde bir Kuran terjimesi tapdym. Ol wagty rus diline kän gowy dûšinemokdym. Soň özbek dilinde iki sany Kuran terjimesini tapdym. Birini Alauddin Mansur (Ýatan ýeri ýagty bolsun) beýlekisini Abdulaziz Mansur diýen özbek dini ulamalary terjime eden ekeni. Şol özbekçe terjimeleri okap ýetmeýän zady tapanyma ynandym. Aslynda öýmizde 1995-nji ýylda türkmençe terjime edilen Kuran kitaby bardy. Men ony öýdäkilerden birugsat okamaga we hat-da sorabam okamaga gorkýardym. (Ýöne maňa Muhammet (s.a.w) pygamberimiziň ömûr beýany ýazylan iki kitaby okamaga rugsat beripdiler) Soň internet maňa tûrkmençe, tûrkçe (alty dúrli terjime) iňlisçe (3 dúrli terjime), azerbeýjança (2 dûrli terjimme), wäppişe düšünmesemem hindiçe, italýança hat-da ýewreýçe terjimelerem tapyp berdi. Men entek Bibliýany okamazdan ozal arap ýazuwyny öwrenipdim. Şol sebäpli Kuranyň Arapça nusgasyny hem tapdym. Arapça okamak kynlygy sebäpli Arapça Kuranyň latyn elipbiýsine transliterasiýa edilen nusgasyny hem tapdym. Iň soňunda (entek bir hepde hem bolanok), Kurany Kerimiň ilkinji arapça nusgalaryndan bolan Kufi nusgasyny hem tapdym. Kufi nusgasyndaky Kurany okamak juda kyn. Sebãbi bu nusgada arap harplarnyň üstindäki nokatdyr, harekeler, teşdit, tenwin we jezim ýaly bellikler ýok.
Men Bibliýa we Kurandan başga Awestany (Ýašt we Widewdat bölümi), Mahabharatany, Ramaýanany okadym... Men henizem gözlegde... men onsoňam ähli dinleriň Yslamyň üýtgän, galplaşan, hurafatlaşan we ýoýulan versiýasydygyna ynanýan. Mysal üçin Hristiýan dini hem aslynda Isa alaýhyssalamyň gaýta dikelden Yslam dini. Ol din Isadan soň ýoýuldy, hakyky manysy ýitdi, ýeketäk Alla ynanjynyň ornuna Ata, Ogul we Mukaddes Ruh diýen üçbirlik ynanjy döredildi, hakyky Injil ýitip gitdi, ornuna ýüzlerçe Injiller ýazyldy. Soň Iznik konsuly tarapyndan dört sany Injil (Mark, Matta, Luka we Ýohanna Injilleri) saýlanyp, Täze Äht ady bilen Hristian dininiň baş kitaby diýlip yglan edildi. (Ondan başga Täze ähte Hawarylaryň işleri, Hatlar hem-de Ýohanna gelen ylham atly apokalitik kitaplar girýär.) Bibliýa iki bölümden durýar. Köne äht ( Töwradyň bäş kitaby, Zebur, Ýyl ýazgylary, Pygamberler) we Täze äht. Bulardan başga Bibliýa girizilmedik Apokrifa (Deutrakanoniki) kitaplar hem bar. Olar: Tobit, 159-njy mezmur, Sýuzanna, Bel we Aždarha, Ýudit, Bilim kitaby, Ýermeýa pygamberiň haty... (şularam okodym). Garaz Yslam dininiň ýoýulmasy netijesinde biz bilýän dinler döredi. Dinlerde görýãn meňzeşliklerimiziň sebäbi hem şu diýip ynanýan. Možyt byt meňki ýalňyşdyr. Ýöne men özümiňkiň dogrydygyna ynanýan.
Umuman meniň diýjegim dini tankyt ediň, ýöne haýyş oňa uýýanlara, wagyz edýänlere hat-da propaganda edýänlerede zat diýmäň. Olary kemsitmäň, dindarsumak we şuňa meňzeşleri diýmäň. Sebäbi sizem, bizem adam, biz mör-möjek däl. Eger sizem şol aýdanymy etseňiz menem size aťeistsumak, alymsumak we ş.m sumak diýjek däl!

Ýaltanman okan bolsaň malades Atawaý (Enewaý)!
11 лайков 478 просмотров
11комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Alfonse
06 окт 2022, 14:12
Hemedany,
Sen 100% dini ulanýaň. Aýtsana insest diýmäge utanmadyňmy?? Biz saňa militan diýsek ýalňyş bolarmy onda?? Yslam militan dinidir diýsek jana ýakarmy, ondan nm ün 2000 müňýyllyk pelsepe akymyna nädogry meňzetme getirýäň.
Alfonse
06 окт 2022, 14:14
Hemedany,
Dini ulanmagyňy, çekeleşige sokjak bolmagyňy goý. Senden başgasy edenok şuny.
Alfonse
06 окт 2022, 14:25
Hemedany,
Mysal getirilmeýär beýdip. Bu gaty terbiýesizlik we edepsizlik. Näme üçin beýle mysal getirýäň???
Ötegçi
06 окт 2022, 16:22
Okamadym. Gowy zatlar ýazansyñ Hantore. Ýagdaýlar niçiki osoñ?! Hemedany ikiñize ýeñ berenok oydyan Nergyz. Mena gelmamsoñ kan batlerik, hezillik! Ne goh ne jenjel. Siz yaly wirtualda jedellesman realda ýumruklaşyp ýorun. Sizem a birzat gozleyas diyyañiz. Menem gozleyan. Yone, men tapawutly zat:pul gozleyan:D
Boldy gep otarybildim.
Gelenme gora bir zat ýazaýaýyn diydim:)
#B.S
Автор 06 окт 2022, 16:25
Ötegçi,
:)
Victus
06 окт 2022, 16:54
Malades atabay.
Döwlet Şöhradow
06 окт 2022, 20:06
Khanture,
Hemedany,
Söz ýok size!
Öwreniji
06 окт 2022, 23:46
Her kimiň öz ynanjy özünde galýar. Hiç bir zady jedel edip ýeňip ýa-da ýeňilmeýäňiz, bary bir öz ynanjyňyzda galýaňyz. Umuman her kim özi üçin okaýar.
Şamuhammet
07 окт 2022, 00:39
@Hanture, sendäki käbir ugurlarda özümi görýän öýdýän. ?
Ejekabe
07 окт 2022, 00:45
Selam men geldim yadynyza dusdummi?????
Victus
07 окт 2022, 07:13
KAROL SEVILLA,
Sen hol neme dami.